8 Şubat 2017 Çarşamba

Aşgabatda Bilelikdäki Konsert Eýranyň Medeniýet Hepdeligini Tamamlady

Paýtagtymyzdaky “Watan” kinokonsert merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we eýran sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.
Ýurdumyzda däp boýunça geçirilýän medeni çäre dostlukly halklaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Hepdeligiň maksatnamasyny Eýranyň baý we özboluşly sungaty, onuň şu günki ösüş alamatlary bilen tanyşdyran dürli döredijilik çäreleri düzdi.
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda guralan sergi amaly-haşam sungatynyň häzirki zaman ussatlarynyň täsin işleri görkezildi. Olaryň çeperçilik, ýerine ýetiriliş özboluşlylygyny agaçdan we galaýydan nepis ýasalan işler, owadan bezelen aýnanyň ýüzüne ýazgy ýazylan önümler, haşamlanan gutujyklar, halylar, milli egin-eşikler, daşy hem-de beýleki önümleri elde işlemegiň däp bolan sungatynyň nusgalary, Gündogaryň nusgawy şygryýetiniň meşhur eserlerindäki pursatlar we gahrymanlar şekillendirilen çeper işler, tebigatyň owadan suratlary görkezdi.
Sergä gelenleri fotosuratlar, owadan bezelen kitaplar, žurnallar, kitapçalar, albomlar hem-de beýlekiler häzirki zaman Eýran, onuň gadymy ýadygärlikleri, ajaýyp tebigaty, syýahatçylyk ugurlary bilen tanyşdyrdy. Taryh boýunça okuw hem-de ylmy edebiýat, EYR-niň medeniýeti, halk amaly-haşam sungaty barada gürrüň berýän neşirler giňden görkezildi. Bu ýerde Eýranyň milli aşhanasynyň taýýarlanylyşy nesilden-nesle geçirilip gelinýän tagamlaryna mynasyp baha bermäge mümkinçilik döredildi.
Sergide ussatlyk sapaklary däbe öwrüldi. Şonda eýran ussatlary zergärçilik işlerini, kalligrafiýa we grawirlemäni taýýarlamak boýunça dörediji ýaşlar bilen tejribelerini paýlaşdylar. Hepdeligiň çäklerinde Medeniýet ministrliginde dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary bilen geçirilen duşuşykda, ynsanperwer ulgamda özara hereket etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eýranly amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen kärdeşleri bilen guralan duşuşygy döredijilik alyşmalarynyň hem-de hünär taýdan gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etdi.
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem-de “Watan” kinokonsert merkeziniň sahnasynda Eýranyň gadymy şäherleri bolan Töwriziň hem-de Şirazyň toparlary halk döredijilik däplerini we aýdym-saz medeniýetini görkezdiler. Türkmen döwlet gurjak teatrynda iki ýurduň ýaş aýdymçylarynyň, sazandalarynyň we tansçylarynyň gatnaşmagyndaky konsert hem tomaşaçylary begendirdi.
“Aşgabat” kino merkezinde häzirki zaman eýran fimleriniň görkezilmegi döredijilik hepdeliginiň çäreleriniň barşynda ajaýyp waka boldy. Mälim bolşy ýaly, häzir özboluşly eýran kinematografiýasy dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Bu ýerde belli režissýorlaryň işleri—“Eýranly gyz” we “Myhman” diýen gülküli kinolar hem-de “Surata geçirilen aýlag” kinofilmi görkezildi. Çuňňur mazmuny, ruhy gymmatlyklara ýüzlenilmegi bilen tapawutlanýan bu filmler abraýly kino gözden geçirilişleriniň baýraklaryna we hormatly sylaglaryna mynasyp boldy.
Eýranyň Türkmenistandaky Medeniýet hepleliginiň ýapylyş dabarasynda çäräniň iki ýurduň dostlugynyň hem-de netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir ajaýyp nyşany bolandygyny, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen üstüni ýetirip, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak işine ýardam edýändigi nygtaldy. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanä köptaraply hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýandyklary, özara peýdaly ynsanperwer gatnaşyklary giňeldýändikleri üçin hoşallyk bildirdiler.
Meşhur eýran aýdymçylary we sazandalary bilen birlikde, türkmen bagşylarynyň, görnükli estrada ýerine ýetirijileriniň, “Arçabil” deprekçiler toparynyň gatnaşan konserti baýramçylygyň jemleýji bölegine öwrülip, onda “Türkmenistan” diýen aýdym dabaraly ýaňlandy. Bu aýdym dostluk hem-de giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan parahatçylyk dörediji ýurdumyzy wasp etdi.
Döredijilik forumy türkmenistanlylara Eýranyň baý medeniýeti hem-de häzirki zaman sungatynyň ösüşi bilen, ýurdumyzyň myhmanlaryna bolsa türkmen paýtagtynyň gözellikleri, muzeýiň täsin gymmatlyklary we türkmen halkynyň gadymy taryhynyň hem-de medeni mrarasynyň egsilmejek ähmiýetiniň subutnamalary bolan taryhy ýadygärlikler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder