16 Ocak 2017 Pazartesi

Ýurdumyzyň Dokma Toplumy Aziada-2017 Nyşanly Önümleriň Görnüşini Artdyrýar

Ýurdumyzyň Dokma Toplumy Aziada-2017 Nyşanly Önümleriň Görnüşini Artdyrýar http://www.turkmenhabargullugy.com/yurdumyzyn-dokma-toplumy-aziada-2017-nysanly-onumlerin-gornusini-artdyryar/ Türkmenistan ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýär. Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Dünýä ýurtlarynyň 62-sinden, şol sanda Okeaniýadan 5 müň türgeniň gatnaşjak sport forumy ilkinji gezek Merkezi Aziýa sebitinde geçiriler. Munuň özi ylalaşdyryjy döwlet, sportda ýokary netijeler gazanýan we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ýurdy bolan Türkmenistanyň ösüşiniň köpugurlydygyna şaýatlyk edýär. Her bir ministrlik we pudaklaýyn edara öz ygtyýarlygynyň çäklerine ýylyň esasy sport wakasyna uly möçberli taýýarlyk işlerine gatnaşýar. Ýurdumyzyň dokma toplumynyň wekilleri-de Oýunlara taýynlyk görýärler. Eýýäm „Aziada-2017“ nyşanly harytlardyr eşikler sowada nokatlaryna çykaryldy. Paýtagtymyzyň „Altyn Asyr“ marketing merkezinde şeýle nyşanly harytlaryň ençeme görnüşi bar. Olar sport eşikleridir V Aziadanyň maksatnamasyna grizilen sport görnüşleriniň ady ýazylan köýnekçeler, Türkmenistanda öndürilen ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerinden taýýarlanan her hili sowgatlyklardyr. Alyjylaryň barha artýan islegini göz öňünde tutýan oýlanşykly marketing syýasaty netijesinde Aziada-2017 nyşanly önümleriň görnüşi günsaýyn artýar. daşary ýurtlara iberilmäge niýetlenen pudaklaryň biri bolan ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleri dünýä ýurtlarynyň onlarçasyna ugradylýar. Tiz wagtdan türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny özünde jemlän Aziada-2017 nyşanly egin-eşikler we sowgatlyklar iri möçberli sport ýaryşynyň bezegleriniň naýbaşysyna öwrüler.




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder