13 Ocak 2017 Cuma

Ýakyn Wagtda Türkmenistan Her Ýyl Bir Million Tonnadan Gowrak Ýokary Hilli Kaliý Dökünlerini Daşary Ýurtlara Iberer

Köýtendagyň etegindäki Garlykda ýüz gektardan gowrak ýerde kuwwatlylygy ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmäge niýetlenen Merkezi Aziýada iri senagat toplumy gurulýar.
Mart aýynyň ahyrynda dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda senagat meýdançasynda esasy we kömekçi bölümleri–magdan baýlaşdyryjy fabrigi, magdan we taýýar önümler ammaryny, gazylyp alynýan baýlyklary çykaryjy toplumy we beýleki desgalary işe girizmäge taýýarlyk görülýär.
Türkmen we belorus hyzmatdaşlaryň tagallasy bilen gurulýan täze kärhana diňe bir ýurduň oba hojalyk toplumynyň ekologiýa taýdan arassa kaliý dökünlerine talabyny kanagatlandyrman, eýsem olaryň ýylda bir million tonnadan gowragyny daşary ýurtlara-da ibermäge mümkinçilik berer.
Her ýyl 7 million tonnadan gowrak magdan çykarmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin çuňlugy 308 we 364,5 metr bolan dik magdan şahta deşigi gazyldy. Şahtanyň duzly gatlagynda dik deşigiň gapdalyndaky howly abadanlaşdyrlýar we dag-magdan çykaryjy toplum döredilýär, onda diňe bir ýük daşamak üçin däl, eýsem şahtýorlary, ýükleri we tehnikalary daşamak üçin ulag ötükleri bolar.
Rotor enjam ulanylyp ini we beýikligi 5 metre deň bolan birinji göni ötük guruldy, ol dik magdan deşikleriniň ikisini birleşdirer. Garlyk käniniň dag-geologiýa şertleriniň özboluşlylygy göz öňünde tutulyp, mineral çig maly gazyp almagyň kamera ulgamy we önümli gatlaklardan magdan çykarmagyň doly mehanizirlenen usuly ulanyldy. Kaliý magdanyny alynýan ýerinden kabul ediş bunkerine çenli eltmek üçin konweýer ulanylýar.
«Belgorhimprom» APJ-niň hünärmenleri we kömekçi potrat edaralary ýakyn wagtda birinji önümli gatlakda kaliý gatlaklaryny açyp we ony çykaryp başlarlar. Tebigy känlerden kombinatyň ýerüsti önümçilik toplumyna ilkinji üç aýda flotasion fabrigi işe girizmek we sazlamak üçin zerur möçberdäki magdan çykarylar, soňra hlorid kaliý almagyň tutuş tehnologik ulgamy synagdan geçiriler.
Şahtadan ýokary galdyrylan magdan harazlarda owradylar, suw bilen reagentler garyşyp, flotasiýa enjamlara berler, soňra goýaldyş we separasiýa bölümine düşer.Ony garyndylardan arassalap, filtrasiýa ugradarlar. Işiň jemleýji tapgyry–guratmak we granulýasiýa, ondan soň taýýar dökünler ammara iberiler.
Önümçilik tapgyryny amatlaşdyrmak üçin tehnoligik işleri golandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy toplumyny döretmek göz öňünde tutulýar.
Ýerüsti we ýerasty önümçilik toplumlarynyň gurluşygy bilen birlikde işgärleri taýýarlamak işleri-de alnyp barylýar. Türkmen hünärmenleri milli ykdysadyýetiň täze pudagy—dag-magdan we duz gazyp alyş pudagy üçin täze hünärleri öwrenýärler.
Tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşar we walýuta serişdeleriniň gelşiniň artmagyna getirer.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder