13 Ocak 2017 Cuma

Türkmennebit DK-sy Hazardaky Ýataklary Özleşdirmek Üçin Bilelikdäki Kärhanalary Döretmegi Meýilleşdirýär

«Türkmennebit» döwlet konserni Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşen geljegi uly Demirgazyk Goturdepe ýatagyny özleşdirmek boýunça bahasy 600 million amerikan dollaryna barabar bolan taslamany işläp düzdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ýagşygeldi Kakaýewiň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatyna görä, şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt kompaniýasy bilen bilelikdäki kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar, şunda işleriň esasy möçberlerini «Türkmennebit» döwlet konserni ýerine ýetirer, geljekki maýa goýujy bolsa hyzmatlary ýerine ýetirer.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, geçirilen seljermeler bu meýdanda örän baý uglewodorod ýataklarynyň bardygyny tassyklaýar. Bu meýdany daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmegiň deslapky seljermesi işlenip taýýarlanyldy. Taslamanyň esasy maksady Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegi çaltlandyrmakdan, daşarky bazara ýerlenilýän nebit önümleriniň möçberini artdyrmakdan ybaratdyr.
Täze ýatagy özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde jemi 60 sany gözleg-barlag we ulanyş guýularyny, şeýle hem beýleki zerur desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Deslapky hasaplamalara görä, bu meýdany özleşdirmegiň birinji tapgyrynda nebitiň ätiýaçlyk geologiýa gorlarynyň takmynan 38,5 million tonna, bu işleriň dowam etmegi bilen, ýatagyň umumy ätiýaçlyk gorlarynyň 87,3 million tonna ýetmegi mümkin. Ilkinji ýedi ýylyň dowamynda bu ýerden 6 million 855 müň 771 tonna golaý möçberinde nebit çykarmak göz öňünde tutulýar.
Maýa goýum maksatnamasynyň birinji tapgyrynda Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň 15 müň inedördül metr çägini özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu taslamanyň çäginde amala aşyryljak işleriň 90 göterimi türkmen tarapynyň ýerine ýetirmeginde durmuşa geçiriler.
Hökümet mejlisinde bellenilişi ýaly, bu taslamany durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek hem-de sarp edilen çykdajylary bu ýerden çykaryljak nebitiň belli bir bölegi bilen gaýtarmak maksadalaýyk hasaplanylýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder