13 Ocak 2017 Cuma

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlaryna Giňişleýin Taýynlyk Görülýär

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek işleri günsaýyn giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka halk häkimiýetliliginiň gadymdan gözbaş alýan däpleriniň dabaralanmagynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler. Şol däpler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň demokratik sütünleriniň esasyny düzdi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň dokuzysy bellige alyndy.
Saýlawlara ilkinji gezek partiýalaryň üçüsi gatnaşýar. Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bekmyrat Atalyýew, Agrar partiýadan – Agrar partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow dalaşgärlige hödürlendi.
Dalaşgärleriň ýene-de altysy raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlendi. Olaryň hatarynda Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ramazan Durdyýew, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow, Ahal welaýatynyň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň başlygy Serdar Jelilow, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazsulfat» önümçilik birleşiginiň baş direktory Süleýmannepes Nurnepesow bar.
Milli kanunçylyga hem-de halkara tejribesine laýyklykda, ähli dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak we olary öz maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, raýatlaryň arasynda wagyz işlerini alyp barmak, şol sanda, habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin birmeňzeş hukuklar we mümkinçilikler berildi. Şeýle çäreleri guramak saýlaw toparlaryna ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli guramalary bilen bilelikde, edaralaryň, kärhanalaryň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezek geçiriljek saýlawlarynyň düýbünden täze taryhy şertlerde geçiriljekdigini bellemek gerek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda uly özgerişlikler bolup geçdi. Döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm ädimler ädildi. Giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmakda uly üstünlikler gazanyldy, olaryň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap desgalaryň ýüzlerçesi – zawodlar we fabrikler, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş we medeni merkezler, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, ulag düzüminiň desgalary guruldy we gurulmagy dowam edýär. Ylym we bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryny ösdürmäge uly möçberde serişde goýberilýär. Gojaman Hazaryň kenarynda bolsa dünýä derejesindäki şypahana merjeni – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy günsaýyn giňelýär.
Mahlasy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeler jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryny, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alyp, türkmen halkynyň giň goldawyna eýe boldy. Türkmenistan beýleki döwletler we iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, dünýä giňişliginde uly abraýa eýe boldy.
Döwlet baştutanynyň saýlawlary häzir jemgyýetimizde esasy çärä öwrülip, halkara bileleşiginiň hem ünsüni özüne çekýär. Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň hem-de saýlawlara taýýarlyk işleriniň barşyny giňişleýin beýan etmegi halkara synçylaryna we ýurdumyzda bolup geçýän özgertmelere gyzyklanma bildirýänleriň hemmesine şol wakalar barada habarly bolmaga mümkinçilik berýär.
Elbetde, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda halkymyzyň ýokary döwlet wezipesine mynasyp adamy saýlap, oňa özüniň hem-de ynamly öňe barýan ýurdumyzyň geljekki ykbalyny ynanjakdygyna şek-şübhe bolup bilmez.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder