13 Ocak 2017 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär Jumanazar Annaýew Ahal Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşdy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga sebitiň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Ýokary döwlet wezipesine raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen hem-de daýhan birleşiginiň işgäri bolmakdan welaýatyň häkiminiň orunbasary derejesine çenli ýoly geçen dalaşgäriň zähmet terjimehaly giňişleýin beýan edildi. Dalaşgäriň ynanylan wekili geljekki ösüşler barada pikirleniş hem-de jogapkärçilikli raýat garaýşy, dalaşgäriň şahsy häsiýetleri mahsus bolan J.Annaýewiň guramaçylyk ukyplaryny we hünär ussatlygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berdi.
J. Annaýew ýurdumyzyň kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, deňhukukly halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, yzygiderli ykdysady ösüşlere we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy barda jikme-jik gürrüň berdi. Dalaşgär, ilkinji nobatda, döwletiň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklary bolan nebitgaz, energetika, himiýa, oba hojalygy pudaklarynyň ösdürilmegine ünsi jemledi. Möhüm durmuş meseleleriniň çözülmegi şol ulgamlaryň kuwwatyna baglydyr.
Duşuşygyň barşynda J.Annaýew saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Bu ýere ýygnananlary milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň geljegi, ylmyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň gazananlaryny ornaşdyrmak, oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça meýilleşdirilýän maksatnamalar we çäreler, iş bilen üpjünçilik hem-de täze iş ýerleriniň döredilmegi ýaly meseleler gyzyklandyrdy. Ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berildi.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder