20 Ocak 2017 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana Tähran şäherindäki “Plasko” söwda merkeziniň ýumrulmagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan gurban bolanlaryň dogan–garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary barada dileglerini beýan etdi.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder