13 Ocak 2017 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Bilim Ulgamynda Işgärleriň Hünär Derejesi Baradaky Meseläni Ilkinji Derejeli Hatara Çykardy

Her ýyl täze edaralar bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň üsti ýetirilýär. Diňe 2016-njy ýylda Türkmenistanda bilim edaralarynyň 35-si ulanmaga berildi.
Olar umumy 9540 orunlyk 17 sany umumy bilim berýän orta mekdep, 2970 orunlyk 16 sany çagalar baglarydyr. Geçen ýyl Aşgabatda täze ýokary okuw mekdebi – 3000 talyba niýetlenilen Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti açyldy. Täze ugurlaryň 19-sy şu ýyl Türkmenistanyň Ýokary okuw mekdeplerindäki hünärleriň sanyny artdyrdy.
Bu görkezijiler 2016-njy ýylyň netijeleri boýunça şu gün bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edildi. Ýöne, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny giňeltmäge we döwrebaplaşdyrmaga döwlet tarapyndan köp serişdeleriň gonükdirilýändigine garamazdan, bu ulgamda alnyp barylýan özgertmeler haýal barýar.
Döwlet Baştutanymyz ulgamy işgärler bilen üpjün etmek meselelerine, hünär berýän edaralarda taýýarlanylmagy ilkinji derejeli wajyp wezipe bolup durýan ýokary derejeli hünärmenleriň ýetmezçiligine bu pudaga gözegçilik edýän wise-premýer S. Toýlyýewiň ünsüni çekdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder