14 Ocak 2017 Cumartesi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi Geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde duran wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2016-njy ýylyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, maýa goýum kuwwatynyň netijeliligini artdyrmak we ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça giň möçberli işler amala aşyryldy.
Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,2 göterim, gurluşykda 4,4 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,5 göterim, söwdada 14,3 göterim, oba hojalygynda 11,6 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10 göterim ýokarlandy.
Ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasabat maglumatlaryna laýyklykda, 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 3,3 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.
Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 2015-nji ýyla garanyňda 16,9 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklandy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky 2015-nji ýyldaka görä 9,2 göterim ýokarlandy.
Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda 210 sany binalaryň we desgalaryň gurluşygy tamamlandy hem-de 110 sanysynda gurluşyk işleri dowam edýär. Döwrebap önümçilikleriň işe girizilmegi bilen içerki bazarda haryt bolçulygy üpjün edildi hem-de jemi 18313 birlik täze iş orunlary döredildi.
Soňra maliýe ministri B.Muhammedow Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de 2016-njy ýylda maliýe-býujet ulgamynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102 göterim, çykdajy bölegi bolsa 86,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 80 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi.
Ýerli býujetler girdejiler boýunça 8,3 milliard manat, çykdajylar bolsa 7,7 milliard manat ýerine ýetirildi.
Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralar boýunça aýlyk zähmet haklary, şeýle hem pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda 2016-njy ýylyň noýabrynda döredilen Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýyny kadalaşdyrmak boýunça döwlet toparynyň işi barada habar berildi.
Maliýe ministri döwlet Baştutanymyzyň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe merkezi, pudaklaýyn we sebitleýin balans toparlarynyň 132 mejlisi geçirildi we olarda 133 ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we iri edara-kärhanalaryň, şeýle hem 133 sany sebitlerdäki edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi.
Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, 2016-njy ýylyň dowamynda Býujet kodeksiniň düzgünlerini amala aşyrmak, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, auditorçyllyk we ätiýaçlandyrmak işini kämilleşdirmek hem-de buhgalterçilik hasaba alnyşyň milli standartlaryna geçmek, işgärleri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň toplumy geçirildi.
Soňra Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Bazarow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň 2016-njy ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişi barada habar berildi. Bu görkeziji 2015-nji ýylyň degişli döwrüniň derejesinden 1,2 göterim köpeldi.
Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, 2016-njy ýylda 2436,1 million manat maýa goýumlarynyň özleşdirilendigini habar berdi. Geçen ýylyň dowamynda durmuş we medeni maksatly binalaryň 53-si, ýaşaýyş jaýlarynyň 1211,6 müň inedördül metri, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 907,4 kilometri, aragatnaşyk ulgamynyň 3614 kilometri guruldy. Häzirki wagtda 58 sany durmuş we medeni maksatly binalaryň, 28 sany suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, şeýle hem 1936,7 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 808,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryna laýyklykda 2016-njy ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi, hususan-da, hasabat döwründe 6 desganyň gurluşygy tamamlandy. 58 desganyň gurluşyk işlerine girişildi we 57 desganyň taslama—çenlik resminamalaryny taýýarlamak we guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
“Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen, geçen ýyl jemi 30 sany we Maksatnamadan daşary ylalaşylan sanawlara laýyklykda 17 sany döwlet emlägi hususylaşdyryldy.
2016-njy ýylyň 1-nji dekabryndaky ýagdaýyna görä, “Türkmenistanyň Edara görnüşindäki taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna” edara görnüşindäki taraplaryň 1676-sy hasaba alyndy, olardan 1502-si hususy eýeçilikdäki kärhanalar, 142-si döwlet eýeçiligindäki kärhanalar, 11-si jemgyýetçilik birleşikleriniň eýeçiligindäki we 16-sy daşary ýurtlaryň gatnaşmagyndaky kärhanalardan ybaratdyr.
Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa 2016-njy ýylda komitetiň garamagyndaky edaralaryň geçiren işiniň netijeleri hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde ähli pudaklarda diýen ýaly öndürilen önümleriň möçberiniň ýokary ösüşi üpjün edildi. Ýylyň jemleri boýunça elektrik energiýa önümçiliginde artyş depgini 5 göterim, nebit bitumy 5,8 göterim, örme matalar 3,2 göterim, tikinçilik we örme önümler 5,2 göterim, derman serişdeleri 6,1 göterim, gaýtadan işlenilen we konserwirlenen balyk we balyk önümleri 15,9 göterim, süýji-köke önümleri 13 göterim, miwe-gök önüm konserwleri 18,5 göterim, un 7,3 göterim, çörek önümleri 1,9 göterim, ýarma 19,7 göterim artdy. Öndürilen sementiň möçberi 3 million 550 müň tonna deň boldy.
Umuman, senagat pudagynda jemi öndürilen önümiň möçberi 59,4 milliard manada ýetip, onuň 53 göterimi ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegi tarapyndan öndürildi.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda hem oňyn iş netijeleri gazanylýar. 2016-njy ýylda ýygnalan bugdaý hasyly 1604,5 müň tonna deň boldy. Pagta hasylyny tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn borçnamalar 1 million 71 müň tonnadan gowrak möçberde ýerine ýetirildi. Şeýle hem hasabat döwründe öndürilen şaly 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde iki essä golaý artdy, kartoşka 31,1 göterim, bakja önümleri 13,6 göterim, gök önümler 7 göterim artdy. Etiň öndürilişi artdy. Şeýle hem 2016-njy ýylyň jemleri boýunça mallaryň baş sany durnukly artdy.
Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy, şol sanda awtomobil ulagy boýunça 5,7 göterim artdy. Geçen ýylda ýolagçy gatnatmagyň umumy artyş depgini hem 1,9 göterim ýokarlandy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlardan alnan girdejileriň möçberi 4,4 göterim artdy.
Şeýle hem Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy 2015-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberiniň jemi içerki önüme gatnaşygynyň 38,8 göterim bolanlygyndan 2016-njy ýylyň degişli döwründe 36,8 göterime çenli azalandygy barada habar berdi. Esasy serişdelere maýa goýumlarynyň jemi içerki önüme gatnaşygynyň 47,4 göterim derejesinde emele gelmegi geljekki ösüşler üçin binýat döredýär.
Soňra Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça gözegçilik edýän edaralarynyň alyp barýan işleri, şol sanda edilýän hyzmatlary artdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler, “Altyn asyr” kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek, halkara töleg ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem harytlaryň daşary ýurtlara ugradylmagy we hyzmatlary edilmegi üçin ministrlikleriň we pudak edaralaryň hasaplaryna daşary ýurt pullarynyň gelip gowuşmagy baradaky meýilnamanyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berildi.
Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň bäşýyllyk maksatnamasynyň ministrliklerde we pudak edaralarynda ýerine ýetirilişine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işlerine geçirilýän seljermäniň netijeleri hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, awtomobil ýollarynyň, awtobus, awtomobil duralgalarynyň, ýerasty geçelgeleriň, seýilgähleriň we beýleki dürli maksatly durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyna geçirilen seljermäniň netijeleri barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Hojamämmedowa ýüzlenip, geçen ýylyň ähli görkezijileriniň umuman kanagatlanarly bolandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, üstünde işlenilmeli meseleleriň hem-de köp sanly çözülmedik wezipeleriň bardygy bellenildi. Aýdylyşy ýaly, wise-premýeriň gözegçilik edýän maliýe-ykdysadyýet toplumynyň edaralarynyň alyp barýan işleri bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etmek bilen, ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi degişli derejede alyp barmaýandygyny belledi. Bank ulgamynyň işi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmek üçin goşmaça çeşmeleriň gözlenilmeginiň we olaryň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň 2016-njy ýylda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Nebit we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazyny çykarmak babatda hem-de ýangyç çig malyny gaýtadan işlemek, awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, beýleki nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy öndürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmek, guýulary burawlamak ulgamynda gazanylan görkezijiler barada aýdyldy.
“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleriniň barşynda geljegi uly Halkabat we Çelekbaý meýdançalaryndan tebigy gazyň senagat akymlarynyň alnandygy bellenildi. Nebitgaz toplumynyň kärhanalary tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 155,8 göterim berjaý edildi.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.
Gyýanly şäherçesinde tebigy gazy gaýtadan işläp, polietilen we polipropilen öndürjek gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürjek zawod güýçli depginler bilen gurulýar. 2016-njy ýylyň noýabrynda “Ymamnazar” gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan täze terminal ulanmaga berildi.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen örtügini öndürýän desganyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary hilli benzin öndürýän desganyň gurluşyk işleri doly tamamlanyp, häzirki wagtda şol desgalarda goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar.
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri hakyndaky Düzgünnamalary tassyklamak barada” Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň netijeli işlemeginiň köp derejede dünýä ykdysadyýetinde emele gelýän ýagdaýlara görä işlerini näçe çalt we üstünlikli üýtgedip guraýyşlaryna baglydygyny belledi. Siz pudakda bar bolan goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmaly, pudaga maýa goýumlaryny köpräk çekmeli, önümçilik çykdajylaryny azaltmaly, öndüren önümleriňizi dünýä bazarynda ýerlemek boýunça hem zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga degişli resminamalara gol çekip, pudakda heniz ulanylman duran köpsanly mümkinçiliklere wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz döwlete degişli emlägi hususylaşdyrmagy dowam etmegi, dolandyryş ulgamynda dowam edip gelýän kadalary we düzgünleri düýpli üýtgetmegi, bu ulgama häzirki zaman halkara standartlaryny giňden ornaşdyrmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň bildirilýän ösen talaplary ödemeýändigini aýdyp, olaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen düýpli çäreleri görmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz degişli resminamalara gol çekip, başga işe geçmegi sebäpli, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy A.Begliýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň mundan beýläk döwlet ministriniň borçlaryny ýerine ýetirjekdigini nygtap, bu wezipä ozal şu konserniň başlygynyň orunbasary bolup işlän M.Babaýewi belledi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew geçen 2016-njy ýylda gözegçilik edýän pudaklarynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de häzirki 2017-nji ýylda binalary we desgalary ulanmaga tabşyrmagyň maýa goýum maksatnamasy barada hasabat berdi.
Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi Aşgabat şäher häkimligi boýunça 430 million 442 müň manatdan gowraga barabar boldy. Şeýlelikde, ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnama 100,1 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 2015-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 102,8 göterime deň boldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça geçen ýyl işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 120 göterime deň bolup, 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 100,9 göterime barabar boldy.
Geçen ýyl Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň düzüminde öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 1 milliard 99 million 900 müň manada deň boldy. Netijede, meýilnama 122,9 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 2015-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 111,6 göterim boldy. Hasabat döwründe elektrik energiýanyň öndürijiliginiň ösüş depgini 105,8 göterime, onuň eksport edilişiniň ösüş depgini bolsa 116,2 göterime deň boldy.
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 204 million 800 müň 400 manada barabar boldy. 2015-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende meýilnama 111,7 göterim ýerine ýetirilip, 112,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.
2016-njy ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany 100,4 göterim berjaý etdi. 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 107,7 göterim derejesinde üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de 2017-nji ýylda desgalary gurmak we ulanmaga bermek baradaky hödürlenen taslama garap, özygtyýarly Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak we ýokary depginler bilen ösdürmek üçin öňde goýlan täze maksatlaryň hem-de wezipeleriň wajypdygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, bu wezipeleri döwrebap tehnikalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümleri döretmek arkaly çözmek maksat edinilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz senagat we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçiligi güýçlendirmelidigini, şunda bu işleriň ýerine ýetirilişiniň hilini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň berk gözegçilikde saklamalydygyny aýratyn nygtady. Ilkinji nobatda, munuň özi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde bina edilýän gurluşyk desgalaryna degişlidir. Şol ýerlerde heniz ençeme çözülmedik meseleler örän köp.
Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň meseleleri barada aýtmak bilen, bellenen wezipeleriň hem-de ozal berlen tabşyryklaryň kanagatlanarsyz ýerine ýetirilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Abilowy Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyp, ony Jemagat hojalygy ministri wezipesine belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesine Ş.Durdylyýewi belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipelerinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipesine M.Nurmämmedowy belläp, ony jemagat hojalygy ministri wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz D.Amangeldiýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 2016-njy ýylda söwda toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, öňki ýyl bilen deňeşdireniňde, esasy görkezijileriniň ösüş depginleri hakynda hasabat berdi.
Mysal üçin, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça umumy söwda dolanyşygy 4,3 milliard manat bolup, 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 10,1 göterim artdy. Ministrligiň kärhanalary boýunça balans peýdanyň jemi möçberi 601 million manada we onuň artyş depgini 5,3 göterime barabar boldy. Hasabat ýylynda 225,2 million manat maýa goýumlary özleşdirildi.
Döwlet haryt çig mal biržasy boýunça geçen ýyl 245 sany birža söwdalary geçirilip, umumy bahasy 21,8 milliard manatlykdan gowrak bolan 15,3 müň şertnama hasaba alyndy. Eksport we import geleşikleriň bahasy 13,1 milliard manada golaý, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 4,7 milliard manatlykdan gowrak boldy. Hasabat döwründe 51,3 million manat maýa goýumlary özleşdirilip, onuň möçberi 46 göterim artdy.
Söwda-senagat edarasy tarapyndan 2016-njy ýylda 22,5 million manatlyk hyzmat işleri amala aşyrylyp, bu baradaky meýilnama 18,6 göterim ýerine ýetirildi. Edaranyň kärhanalary boýunça jemi 8 million manatlyk balans peýda gazanyldy. Hasabat döwründe 24 sany sergi we 30 maslahat geçirildi.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 727,1 million manatlyk senagat önümleri, 1,3 milliard manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, olaryň möçberleri degişlilikde 41,1 göterim we 68,1 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 6,5 milliard manada barabar bolup, 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 5 göterim artdy. Söwda haryt dolanyşygy 10,7 milliard manada barabar bolup, 3,1 göterim artdy. Hyzmat ulgamynda bolsa 910,8 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, 7,1 göterim artdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda 2016-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hasabat döwründe bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň barşynda gurluşyk serişdeleri, himiýa, dokma we halyçylyk senagatlary ösüş depgine eýe bolup, balyk senagat pudagy önümçilik kuwwatlyklaryny we çykarýan önümleriniň möçberlerini artdyrdy.
Senagat ministrligi boýunça 2016-njy ýylda ýerine ýetirilen işleriň, öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 111,8 göterime deň boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe geçen ýylyň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 1,7 göterime deň boldy. Dokma önümlerini ýerlemekden alnan girdeji 1 milliard 410 million 800 manatdan ybarat bolup, netijede 67 million 200 müň manatlyk peýda gazanyldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan 2016-njy ýylda 43 müň inedördül metr haly önümleri dokaldy. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň umumy möçberiniň meýilnamasy 110,9 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa 4,6 göterime deň boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat ýylynyň ýanwar-dekabr aýlarynda meýilnama 106,3 göterim ýerine ýetirilip, önüm öndürmegiň ösüş depgini 13,9 göterime deň boldy.
Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça 2016-njy ýyl üçin meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 68,3 göterime, ösüş depgini bolsa 23,1 göterime deň boldy.
Şeýle hem wise-premýer maýyplar we durmuş goraglaryna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň taslamalary boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilik kuwwatyny berkitmegi, innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy işleri ornaşdyrmagyň esasynda düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyny ugur edinýän senagat pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli önümler bilen doldurmak hem-de daşarky bazarda bäsleşige ukyply eksport önümleriniň möçberini artdyrmak senagat pudagynda ileri tutulýan wezipeler bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz ösüş depginlerini artdyrmak hem-de pudagyň ähli ugurlaryny, şol sanda elektron senagatyny has-da ösdürmek üçin düýpli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikleri çäkli bolan raýatlarymyz üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň, halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna laýyklykda öýleri abadanlaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, döwletimiziň ýaşaýyş jaýyny almaga mümkinçiligi bolmadyk raýatlaryna hemişe kömek berjekdigini aýtdy. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz maýyplar we durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň Ministrler Kabinetiniň, ähli häkimleriň we Mejlisiň deputatlarynyň berk gözegçiliginde saklanylmalydygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2016-njy ýylda geçirilen işleriň netijeleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işini döwrebap özgertmek, kämilleşdirmek boýunça Permanlarynyň, Kararlarynyň we tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hususan-da, geçen ýyl ýurdumyzda bilim edaralarynyň 35-si—9540 orunlyk 17 sany orta mekdep, 2970 orunlyk 16 sany çagalar bagy, 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, Oguzhan adyndaky uniwersitet ulanmaga berildi.
2016-njy ýylda okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 200-si neşir edildi. 1-nji synp okuwçylarynyň ählisi şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün edildi. Munuň üçin noutbuklaryň 140 müňden gowragy satyn alyndy.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 19-sy açyldy, ýokary okuw mekdeplerine 7256 talyp, orta hünär okuw mekdeplerine 8385 talyp kabul edildi. Hökümetara ylalaşyklara laýyklykda ýaşlarymyzyň 173-si daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine iberildi.
2016-njy ýylda geçirilen halkara ders bäsleşiklerinde türkmen okuwçylary jemi 77 medala, şol sanda 16 altyn, 20 kümüş, 41 bürünç medallara mynasyp boldular. Talyplar bolsa 24 sany medala, şol sanda 5 altyn, 6 kümüş, 13 bürünç medallara eýe boldular. Mundan başga-da ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara internet bäsleşiklerinde 152 sany baýrakly orunlara, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary bolsa 35 sany baýrakly orunlara we dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular.
Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň jemi 7873-si ykrar edildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde 2016-njy ýylda ýerine ýetirilýän mowzuklaryň 204-siniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilýär. Hasabat döwründe 1448 sany okuw kitaplaryna, okuw gollanmalaryna, okuw maksatnamalaryna we monografiýalaryna seredilip, olaryň 1224-si makullanyldy. 2 sany ylymlaryň doktory we 13 sany ylymlaryň kandidaty alymlyk derejeleri goraldy.
2016-njy ýylda “Saglyk” döwlet maksatnamasynda we ony ýerine ýetirmegiň 2015-2017-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynda göz öňünde tutulan işler üstünlikli amala aşyryldy. Halkara newrologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň binalary, 12 gatly 44 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti tarapyndan Türkmenistana gyzamyk we gyzylja ýokanç keselleriniň ýok edilendigi barada halkara güwänamasy gowşuryldy. Ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ornaşdyryldy.
Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 2015-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 105 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelen girdejiler 112 göterim, derman önümçiligi 105 göterim artdy.
Ýurdumyzda sporty köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek boýunça tutumly işler amala aşyryldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde köpugurly işler dowam etdi.
“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleriň hem-de “Türkmenistan–ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň jemleýji gününde—2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Gadymy Nusaý ýadygärlikleriniň ýanynda V Aziýa oýunlaryna 500 günüň galmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda atly ýörişe badalga berildi.
“Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Baş meýilnamasyndan gelip çykýan ugurlar boýunça işleri ýerine ýetirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 23-nji maýynda çykaran Kararyna laýyklykda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet tarapyndan Beýik Britaniýanyň “Trivandi Chanzo Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça türgenlerimizi taýýarlamaga hemaýatkär hökmünde ministrlikler we pudak edaralary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary çekildi.
Türgenlerimiziň ussatlygyny artdyrmak hem-de halkara ýaryşlaryna taýýarlygyny üpjün etmek üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary, dürli ýaryşlar geçirilýär. 2016-njy ýylda halkara synag ýaryşlarynyň 6-sy geçirildi: 26-30-njy maýy aralygynda Sambo boýunça Aziýa çempionaty; 25-30-njy iýuny aralygynda Türkmen milli göreşi we Guşakly göreş boýunça Aziýa çempionaty; 16-25-nji sentýabrda tennis boýunça halkara ýaryşy; 23-26-njy sentýabrda ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşy; 4-7-nji noýabrda basketbol (3×3) boýunça halkara ýaryşy; 7-12-nji dekabrda Jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionaty geçirildi.
Bu ýaryşlaryň ählisinde biziň ýygyndy toparlarymyz birinji orunlary eýelemegi başardylar we ýeňiş gazanan türgenlerimize hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we awtoulaglar dabaraly gowşuryldy.
2016-njy ýylda ýurdumyzda jemi 192 sany içerki ýaryş we 89 sany köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi. Türkmen türgenleri daşary ýurtlarda geçirilen 138 sany halkara sport ýaryşlaryna gatnaşdylar hem-de jemi 643 medal (221 altyn, 196 kümüş we 226 bürünç medal) gazandylar. Bu görkeziji 2015-nji ýyla garanyňda 232 medal köpdür. Medallaryň 86-sy dürli derejedäki dünýä çempionatlarynda, 291-si Aziýa çempionatlarynda we 266-sy beýleki abraýly halkara ýaryşlarynda gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda hem, saglygy goraýyş ulgamynda hem düýpli maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigine, bu ulgamlaryň binýadynyň berkidilmegine garamazdan, täze desgalar bilen üsti ýetirilýän bu pudaklarda özgertmeleriň örän haýal alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz S.Toýlyýewe şol ulgamlaryň hünärmenler bilen doly üpjün edilmeýändigini, ugurdaş edaralarda ýokary hünärli işgärleriň ýokdugyny aýdyp, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işi bilen düýpli meşgullanmagy tabşyrdy. Şeýle edilmese, pudaklaryň talabalaýyk ösüşini gazanyp bolmaz diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda 2016-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Geçen ýyl, döwlet durmuşynyň beýleki ulgamlarynda bolşy ýaly, medeni syýasaty durmuşa geçirmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barlandygy bellenildi. Daşary ýurtlaryň wekilhanalary bilen guralan halkara forumlary we çäreleri medeniýet, neşirýat we syýahatçylyk ulgamlarynda köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açdy.
Ýurdumyzda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli medeni mirasy giňden wagyz etmäge we mundan beýläk-de öwrenmäge gönükdirilen giň möçberli çäreler ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirildi. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli işlenip taýýarlanan meýilnama laýyklykda çäreler geçirildi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Medeniýet günleri Belarusda, Eýranda, Rumyniýada, Russiýada, Saud Arabystanynda, Özbegistanda guraldy. Ýurdumyzda Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi.
2016-njy ýylda Medeniýet ministrligi tarapyndan baýramçylyklar hem-de şanly seneler, täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dürli döredijilik çäreleri guraldy. Asylly däbe görä, geçen ýyl Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Onuň maksatnamasyna konsertler, opera we sahna oýunlary hem-de türkmen halkynyň baý medeniýetini giňden wagyz etmäge gönükdirilen şygyr we dessan agşamlary girizildi. Däp bolan halkara çäreleriň hatarynda geçen ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň hem-de Awstriýanyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen üçünji Wena baly bar.
Wise-premýer teatr sungatyny ösdürmek, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, 2016-njy ýylda ýurdumyzyň muzeýlerine gelen adamlaryň sanynyň ep-esli artandygyny, teatr artistleriniň Täjigistanda, Belarusda, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, Kazan we Astrahan şäherlerinde geçirilen teatr festiwallaryna gatnaşandyklaryny aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamy işe girizildi.
Milli taryhy-medeni mirasy öwrenmäge hem-de giňden wagyz etmäge ýardam edýän möhüm ähmiýetli wakalaryň hatarynda geçen ýylyň 25-nji apreli – 24-nji iýuly aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Metropoliten sungat muzeýinde guralan “Beýik Seljuklar eýýamy” atly muzeý gymmatlyklarynyň sergisini görkezmek bolar.
Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi günüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan haryt öndürmegiň meýilnamasy 138,1 göterim ýerine ýetirildi, 74 million manatlyk önüm öndürildi. Kitap önümleriniň 343 görnüşi, şol sanda okuw kitaplarynyň 179 görnüşi neşir edildi. “Galkynyş” kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny 45 görnüşli kitap önümleri bilen üpjün etdi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmek maksady bilen döredilen maddy – enjamlaýyn binýat halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda, abadan durmuşyny beýan etmekde giň mümkinçilikleri döredýär. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde paýtagtymyzda daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Media-forum geçirildi.
Hasabat döwründe Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 43 million 665 müň 500 manada deň boldy, 116 müň 778 syýahatça hyzmat edildi. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ösüş depgini 108,5 göterime barabar boldy. 27-29-njy sentýabr aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda berilýän gepleşikleriň hiliniň pes we durmuşdan üzňe taýýarlanmagynyň dowam edýändigine wise-premýeriň we teleýaýlymlaryň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi. Teleýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň režissýorlyk taýdan taýýarlanyşynda hem göz -görtele kemçiliklere ýol berilýändigi aýdyldy. Şeýle kemçilikler gazet -žurnallaryň ýolbaşçylarynyň işinde hem gabat gelýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň metbugatda ýeterlik derejede we doly beýan edilmeýändigini, çap edilýän makalalaryň hiliniň hem pes bolmagynda galýandygyny aýdyp, bu kemçilikleri aradan aýyrmak üçin netijeli çäreleri görmegi talap etdi hem-de bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda 2016-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer hasabat döwründe ulaglar we aragatnaşyk toplumy tarapyndan ýük, ýolagçy we aragatnaşyk hyzmatlarynyň meýilnamasynyň 110 göterim ýerine ýetirilendigini we ösüş depgininiň 102 göterime deň bolandygyny habar berdi.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114 göterim üpjün edildi. Hasabat döwründe içerki demir ýollarynda bejeriş işleri geçirildi. Atamyrat-Ymamnazar-Akina halkara demir ýoly dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Hasabat döwründe 750 sany täze ýük wagonlary satyn alyndy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 135 göterim üpjün edilip, ösüş depgini 101 göterime deň boldy. Ýük daşamagyň hem-de ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini degişlilikde 106 göterime we 101 göterime barabar boldy. Habar berlişi ýaly, ýanwar-dekabr aýlarynda ýolagçylary gatnatmak boýunça 30 sany täze ugur, şol anda 3 şäher içi, 4 şäherara we 23 şäherýaka gatnaw ugurlary açyldy.
Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109 göterime deň boldy. Hasabat döwründe ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz boýunça 492 müň, şol sanda 434 müň öýjükli belgi we 58 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 192 göterim ýerine ýetirildi. 2016-njy ýylda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda 75 müň 600 telefon belgilik beketler gurnaldy we 3 müň 663 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe awia hyzmatlaryň ösüş depgini 122 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda hem-de ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 100 göterime hem-de 103,5 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzili ulanmaga berildi, täze “Boeing 737-800” kysymly uçar satyn alyndy.
Geçen ýylda Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ösüş depgini ýük daşamakda 100 göterime we ýolagçy gatnatmakda 101 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudagyna döwletimiz tarapyndan köp möçberde maýa goýumlarynyň goýulýandygyny, emma, muňa garamazdan, bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň häzire çenli bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň edara-kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işleriniň hem ýaramaz alnyp barylýandygyny, pudak üçin gurulýan desgalaryň işe girizilmeli möhletleriniň bozulýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ulag pudagynda düzgün – nyzamy berkitmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini hem-de ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak bilen bagly hyzmatlaryň, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmagyny gazanmagyň wajypdygyny nygtady.
Soňra mejlis welaýatlaryň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary bilen dowam etdi.
Ilki bilen geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijeleri barada Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hasabat berdi. Oba hojalygyny ösdürmek, suw, ýer we mineral serişdelerini hem-de oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak, pudagyň girdejililigini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin habar berildi.
Welaýat boýunça azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, 209 müň gektar meýdanda bugdaý ekişi geçirildi. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, organiki we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça zerur bolan agrotehniki çäreler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak boýunça işler güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler geçirilýär.
Maldarçylyk pudagynda oba hojalyk mallarynyň baş sanyny artdyrmak, olaryň önümliligini ýokarlandyrmak, mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin ot-iýmleriň zerur bolan ätiýaçlygyny döretmek boýunça wezipeler çözülýär.
Senagat önümleriniň önümçiliginiň depgini durnukly ösüş bilen häsiýetlenýär. Hasabat döwründe içerki bazarlarda bölek söwdanyň haryt dolanyşygynyň möçberi 116,8 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde jemi 488 million 92 müň manat möçberde maýa goýumlary özleşdirildi, ýyllyk meýilnama 129 göterim berjaý edildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Bereketli zaman şäherçesiniň açylyş dabarasy geçirilip, ol ýerde 400 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary hem-de durmuş-medeni ähmiýetli desgalar guruldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow D.Nurmedowany Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Bu wezipä J.Geldymamedowa bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýruklaryna laýyklykda, etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändikleri üçin Ak bugdaý etrabynyň häkimi H.Aşyrmyradowa we Kaka etrabynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe berk käýinç yglan edildi.
Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew 2016-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzyň sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabat döwründe welaýatyň senagat kärhanalarynda 6531,7 million manatlyk önüm öndürildi. Şunlukda, ösüş depgini 69,9 göterime deň boldy.
Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyzyň gyşky möwsümde mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň ýyladyş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmek, gazyň we elektrik energiýanyň harçlanylyşyna gözegçiligi ýola goýmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşynda maýa goýumlaryň möçberleri ýokarlandy. Uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaşdyrmagyň çäklerinde bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy netijeli dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynda oba Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Ýokary gözegçilik edarasy tarapyndan geçirilen barlag bu maksatnamany ýerine ýetirmekde birnäçe kemçilikleriň bardygyny ýüze çykardy. Welaýatda käbir desgalar bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeýär. Gurluşyk işleriniň hili pes bolmagynda galýar. Bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, häkime birnäçe gezek temmi çäresi görüldi. Emma, ol bu çärelerden netije çykarmady diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu ýagdaýa nägilelik bildirip, D.Durdyýewi Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.
Balkan welaýaty ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýedir. Welaýaty ösdürmek üçin köp möçberde maýa goýumlary goýulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly deňiz menziliniň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň we iri senagat kärhanalarynyň gurulýandygyny, “Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetini ösdürmek üçin zerur işleriniň geçirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda S.Satlykowyň baý tejribesiniň bardygyny göz öňünde tutup, ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine belledi we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine B.Annameredowy belläp, ony demir ýol ulaglary ministri wezipesinden boşatdy.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz etrabyň bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändikleri üçin Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň häkimi S.Amandurdyýewe, Bereket etrabynyň häkimi N.Gylyjowa we Esenguly etrabynyň häkimi A.Esenowa berk käýinç, Etrek etrabynyň häkimi B.Annagurbanowa we Magtymguly etrabynyň häkimi R.Sapargeldiýewe käýinç yglan etmek hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda 2016-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Sebitiň daýhanlary pagtanyň bol hasylyny ýetişdirdiler we “ak altynyň” 234 müň 604 tonnasyny Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny 102 göterim ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatda gowaça ekilmegi meýilleşdirilýän 140 müň gektar meýdanda ýerleri sürmek we tekizlemek işleri alnyp barylýar. Häzirki günlerde oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny abatlamak we geljek oba hojalyk möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
2017-nji ýylyň hasyly üçin ekilen 157 müň gektar meýdanda ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek, mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär.
Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda geçen ýyl mallaryň we guşlaryň baş sany artdyryldy. Häzirki wagtda mallara ideg etmek, olaryň baş sanyny has-da artdyrmak, mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça işler alnyp barylýar.
Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde welaýatyň şäherleriniň hem-de obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň etraplarynyň oba hojalyk düzümlerinde önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça çäreleri işjeňleşdirmegiň hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, häkime bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga degişli meseleleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewiň 2016-njy ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň jemleri we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hususan-da, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, gurluşygy meýilleşdirilen we ulanmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we bellenilen çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.
Pagta taýýarlamak baradaky ýyllyk meýilnama 100,58 göterim berjaý edilip, 301 müň 747 tonna “ak altyn” hasyly ýygnaldy. 2016-njy ýylda welaýat boýunça 157 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekildi. Häzirki döwürde ak ekinlere ideg etmek işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Şeýle hem häkim 2016-njy ýylda medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berlendigini, olaryň hatarynda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk merkezleriniň, medeniýet öýleriniň we ýaşaýyş jaýlarynyň bardygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, M.Annaseýidowy Halaç etrabynyň häkimi wezipesine belledi we ony Magdanly şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy.
Magdanly şäheriniň häkimi wezipesine A.Jomartow bellenilip, ol Halaç etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
Özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin, döwlet Baştutanymyz A.Erlekowy Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň häkimi wezipesinden hem-de P.Gurbanowy Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.
Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminamalara gol çekip, M.Gaýipowy Atamyrat etrabynyň häkimi wezipesine, M.Çaryýewi bolsa Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine belledi.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň birnäçe etraplarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändikleri üçin, welaýatyň Birata etrabynyň häkimi D.Mämmedowa, Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň häkimi N.Saýypowa, Hojambaz etrabynyň häkimi Ş.Hudaýkulyýewe we Köýtendag etrabynyň häkimi M.Erkäýewe berk käýinç yglan etdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleýji görkezijileri boýunça hasabat berdi.
Geçen ýyl Mary welaýatynyň gallaçylary döwlete 380 müň 429 tonna bugdaý tabşyrdylar. 2017-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin 180 müň gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda ekerançylyk ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri, şol sanda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Welaýatyň pagtaçylary 326 müň 376 tonna “ak altyn” ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrmak bilen öz üstüne alan borçnamalaryny 104,27 göterim berjaý etdiler. Tabşyrylan pagta hasyly üçin daýhanlar bilen özara hasaplaşyklar doly geçirildi. Pagtanyň täze hasylynyň düýbüni tutmak üçin sürüm, ekin meýdanlaryny dökünler bilen gurplandyrmak, ekiş möwsümine oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak we taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň ýyly we dok gyşladylmagy üpjün edildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy we işde goýberen kemçilikleri üçin O.Annaberdiýewi Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Türkmengala etrabynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän A.Bekmyradow bellenildi.
Özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin S.Süleýmanow Oguzhan etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy, bu wezipä M.Gandymow bellenildi.
Etrabyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändikleri üçin Murgap etrabynyň häkimi Ç.Mylkyýewe, Mary etrabynyň häkimi A.Allamyradowa we Tagtabazar etrabynyň häkimi B.Gökçeýewe berk käýinç yglan edildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän pudaklarynda 2016-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Tutuş obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň artyş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104,9 göterime barabar boldy. Şunda Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça 106,1 göterim, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 113,2 göterim, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,5 göterim, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 125,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudak edaralary boýunça ýyllyk meýilnama 124,6 göterim ýerine ýetirildi.
Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek, ekinleri suwarmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýerler we oba hojalyk tehnikasy ýaz ekişine taýýarlanylýar.
Oba hojalyk pudagynyň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, döwrebap usullaryň esasynda obasenagat toplumynyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berildi. Ýerden rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekin meýdanlaryny uzakmöhletleýin esasda kärendesine bermek, daýhan birleşiklerini tapgyrlaýyn döretmek we olara ulanmak üçin uzakmöhletleýin esasda ýer böleklerini bermek babatda degişli çäreler görülýär.
Oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, obasenagat toplumyna degişli ylmy-barlag institutlarynda işlemek üçin tejribeli hünärmenleri hem-de ylmy işgärleri çekmek ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini pudaga yzygiderli ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ýer serişdeleri boýunça welaýat we Döwlet toparlary tarapyndan seljerilip taýýarlanylan tekliplere laýyklykda, ýurdumyzyň ministrliklerine, pudak edaralaryna we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryna gurluşyk we beýleki maksatlar üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem-de daýhan hojalyklaryna oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek we beýleki önümçilik maksatlar üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek baradaky hem-de 2017-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etraplarynyň we şäherleriniň suwdan peýdalanyjylary üçin suw serişdelerini tassyklamak baradaky buýruklaryň taslamalary hödürlenildi.
Mundan başga-da, wise-premýer «Ýurdumyzda 2017-nji ýylda bag ekmek hakyndaky», «Türkmenistanda 2017-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmegi üpjün etmek hakyndaky», «Welaýatlar boýunça 2017-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky» kararlaryň taslamalaryny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, onuň senagat düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumynyň durmuşa geçirilmeginiň bäsdeşlige ukyply agrar senagaty kemala getirmegiň zerur şerti bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli ulanmak boýunça işleriň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bol hasylyň esasyny goýýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyny belläp, olaryň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara doly laýyk gelmegini üpjün etmegi talap etdi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň oba senagat toplumynyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga ýardam etmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalara gol çekip, wise-premýere olary ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça 2016-njy ýylda milli parlamentiň alyp baran işleri barada habar berdi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletimiziň demokratik sütünlerini berkitmek maksady bilen hem-de Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda geçen ýyl milli parlamentiň maslahatlarynyň 6-sy geçirilip, olarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 85-si, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň 86-sy kabul edildi, halkara şertnamalarynyň birnäçesi tassyklanyldy.
Täze 2017-nji ýylda, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady maksatnamalaryň hukuk üpjünçiligine, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň demokratik ýörelgeleriniň anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna we mundan beýläk-de ösdürilmegine, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.
Döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, bu işi häzirki tapgyrda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazara alyp geçirmek maksady bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2017-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy taýýarlanyldy. Onuň taslamasyna parlamentiň nobatdaky mejlisinde seretmek meýilleşdirilýär.
Halkara hyzmatdaşlygyny hem-de parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen Mejlisiň deputatlary halkara çäreleriniň, okuw maslahatlarynyň 57-sine gatnaşdylar, kanun çykarmak hem-de parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda halkara tejribesini öwrenmek üçin daşary ýurtlara gulluk iş saparlarynda boldular. Geçen ýyl daşary ýurt wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň 63-si geçirildi.
12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi. Milli kanunçylyga laýyklykda saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň aýdyňlygy, adalatlylygy, açyklygy üpjün edilýär. Ol giň demokratik esasda, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ählisi üçin deň şertlerde geçirilýär. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Mejlisiň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň başlyklarynyň, arçynlaryň, şeýle hem welaýat, etrap we şäher saýlaw okruglarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda saýlaw kanunçylygyny düşündirmek boýunça okuw maslahatlary geçirilýär.
Geçen ýyl ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek barada işler alnyp baryldy hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararlary kabul edildi. Häzirki wagtda “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawy hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasy taýýarlanylýar.
2016-njy ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar hem guramaçylykly geçirildi. Parlamentde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň önümçilik tejribeleri geçirildi.
Deputatlar ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini giňden peýdalanyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň maddalarynyň, ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň, parlamentiň kabul edýän täze kanunçylyk namalarynyň, şeýle hem amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça yzygiderli iş alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ilerletmegiň, şeýle hem kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de halkara gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny berkitmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2016-njy ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, hususan-da, DIM-niň Türkmenistanyň iri halkara guramalary we abraýly sebit düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi ugur edinýän köpugurly daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça alyp baran işleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň, şol sanda Katar Döwletiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Palestina döwletiniň ýolbaşçylary we hökümet baştutanlary bilen birnäçe duşuşyklar boldy. Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we 138 ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Olar Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryny giňeltmegi üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen ýurdumyza daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň 453-si geldi. Türkmenistanyň 951 wekiliýeti daşary ýurtlara ugradyldy. Şeýle hem 2016-njy ýylda halkara derejesindäki 191 çäre geçirildi. Olaryň hatarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda halkara guramalary, Ýewropa Bileleşiginiň, Aziýa-Ýuwaş umman we Merkezi Aziýa sebitleriniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlary bilen bilelikde maslahatlar guraldy.
Şeýle hem hasabat döwründe Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleriň 31-siniň, hökümetara toparlarynyň 16 mejlisiniň we 15 işewür maslahatlarynyň guralandygy bellenildi.
Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklar bilen bir hatarda Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, GDA, ÝHHG, Goşulyşmazlyk hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 15-si işleýär. Halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň wekilhanalarynyň 13-si hereket edýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan daşary döwletleriň 142-si bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Olaryň 38-sinde ýurdumyzyň ilçihanalary we konsullyklary açyldy. Häzirki döwürde Aşgabatda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň 35-si işleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna daýanýan, bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi we soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimini has giňeldendigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ornunyň ýokarlanmagyny, onuň abraýynyň we ählumumy gyzyklanmalaryň bähbidine ýola goýulýan açyklyk we deňhukuklylyk esasdaky gatnaşyklarda örän jogapkärli hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornunyň pugtalanmagyny şertlendirýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejebowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Palestina Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş edip, 2016-njy ýylyň netijelerini häsiýetlendirdi hem-de 2017-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz hadysalaryň dowam edýän şertlerinde, biz ýurdumyzyň ýubileý ýylyny, ýolbaşçylaryň hasabatyndan görnüşi ýaly, oňat netijeler bilen tamamladyk. Şeýle çylşyrymly ykdysady we maliýe şertlerinde bitaraplyk syýasatymyzyň ýurdumyzyň ösüşine oňyn we durnukly täsir edýändigini bütin dünýä subut etdik.
Daşary syýasatda beýleki döwletler bilen gatnaşyklary ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalarynyň çäklerinde anyk maksada gönükdirip, yzygiderli ösdürdik. Biziň daşary syýasatymyz Bitaraplyk ýörelgesine berk eýerilip, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda amala aşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylandygyny we bellenen sepgitlere ýetilendigini aýdyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, her welaýatda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurlandygyny we häzir hem gurulýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Geçen ýylda bazar gatnaşyklaryny emele getirmek wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça netijeli işleri dowam etdirildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy eýeçiligiň ähmiýetini we ornuny düýpli ýokarlandyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek, döwlete degişli kärhanalaryň sanyny azaltmak wezipelerinden ugur alyndy.
Häzirki döwürde telekeçiler döwletiň goldaw bermeginde ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda uly işleri alyp barýarlar we Halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de telekeçileriň öz banky bolup, olar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Owganystanda, Moldowada, Russiýada täze desgalary gurýandygyny nygtady. Hytaýda, Birleşen Arap Emirliklerinde öz wekilhanalaryny açdylar. Häzirki döwürde olaryň alyp barýan işleriniň guwandyryjy netijeleri berýändigini hasam aýratyn bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Geçen ýyl taryhy öwrenmek, Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy berkitmek şygary astynda geçdi. Biz alyp barýan netijeli işlerimiz bilen sebitde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşmagy dowam edýäris.
Bu ugurda alnyp barlan işleriň ählisi dünýäde ýurdumyzyň tutýan ornunyň berkemegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyna uly ýardam berdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, mähriban halkymyz biziň alyp barýan syýasatymyzy giňden goldaýar, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşýar. Şonuň netijesinde, şeýle uly üstünlikleri gazanandygymyzy we belent sepgitlere ýetendigimizi men öňem ençeme gezek belläpdim we ýene-de bir sapar bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öz yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen döwletimiziň ösüşine uly goşant goşan adamlaryň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, dürli pudaklarda işleýän adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň ünsüni şu ýyl amala aşyrmaly wezipelere çekip, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen strategik häsiýetli çäreleri durmuşa geçirmegiň ýoly bilen, maksatnamalaýyn çemeleşmelere daýanyp, berkarar Watanymyz öz ykdysady ösüşini amala aşyrýandygyny nygtady. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, pudaklary çalt ösdürmek arkaly ýokary ykdysady ösüş depginlerine durnukly goldaw bermek biziň esasy ugrumyz bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2017-nji ýylda hem ýurdumyzyň durmuş syýasaty ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin ähli şertleri döretmäge gönükdiriler. Saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň we hyzmatlar ulgamyna degişli beýleki işleriň netijeliligi artdyrylar.
Durmuş abadançylygy, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolmagynda galar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we şunuň bilen birlikde, entek ulanylmaýan mümkinçiliklerimiziň hem köpdügini, bu mümkinçilikleriň şu ýyl hökman ulanylmalydygyny aýtdy. Ykdysadyýeti dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek, täze, ýaş ýolbaşçylary taýýarlamak, ýerlerde ýolbaşçylaryň öz işiniň netijeleri üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmak şol mümkinçilikleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, ähli şäherleriň we etraplaryň häkimleriniň Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde hasabat bermek tejribesini dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýaşlarymyzyň her bir şäherde we obada, şol sanda ýurdumyzyň çäklerinden daşarda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde oňat bilim almagy, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary derejede bolmagy, medeniýetiň, saglygyň we sportuň durmuşymyzyň adaty kadasyna öwrülmegi biziň esasy maksadymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ýolbaşçylaryň ünsüni olaryň öňünde durýan esasy wezipelere çekdi.
Hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň ýolbaşçysy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidigini, mähriban halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk binýadyny we ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam edýän täze kanunlary işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabineti bilen bilelikde fewral aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna, döwletimiziň täze Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna we Ahal welaýatynda Ýaşulularyň maslahatyny geçirmäge gowy taýýarlyk görmek möhümdir.
Prezident saýlawlaryndan we ýurdumyzyň Hökümetiniň täze düzümi tassyklanandan soň, Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan wezipelere mart-aprel aýlarynda deputatlar bilen geçiriljek duşuşykda jikme-jik seretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, ýurdumyzyň ähli diplomatik işgärleriniň Türkmenistanyň bähbitlerini yzygiderli goramak, dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça tutanýerli işleri alyp barmalydygyny nygtady. Ýakyn ýedi ýyl üçin Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyny işläp taýýarlamaly. Şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara we daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň, halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň maksatnamalaryny taýýarlamaly. Biziň başlangyjymyz boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan goldaw tapan Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna ýurdumyzyň Başlyklyk etmegi bilen bagly geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmeli we bu çäreleri ýokary derejede geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz maliýe-ykdysady toplumyň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, wise-premýer B.Hojamämmedowa hem-de degişli ýolbaşçylara «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» ýene-de bir gezek jikme-jik seretmegi hem-de täze Milli Maksatnamany Hökümetiň garamagyna bermegi tabşyrdy.
Bellenilişi ýaly, ähli ministrlikler we pudak edaralary ýakyn ýedi ýyl üçin strategik, pudaklaýyn, maksatlaýyn we sebitleýin maksatnamalarynda beýan edilen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda, ýurdumyzda ýokary ykdysady ösüş depginini üpjün etmek, pudaklary döwrebap ýagdaýa getirmek we makroykdysady taýdan deňeçerligi saklamak boýunça alnyp barylýan syýasaty dowam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ulgamyň durnukly bolmagyny, maýa goýum işjeňligini üpjün etmegiň, milli pulumyzyň we onuň satyn alyş ukybynyň durnukly bolmagy üçin zerur çäreleri görmegiň, şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga we ätiýaçlyk daşary ýurt puly goruny köpeltmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy.
Puluň hümmetsizlenmek derejesini göz öňünde tutulan möçberlerden ýokary geçirmän saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur möçberde pul serişdeleri bilen üpjün etmek öňküsi ýaly bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeler bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şu ýyl hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň hilini has-da ýokarlandyrmak amala aşyrýan durmuş syýasatymyzyň esasy maksady bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu wezipäniň saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we hyzmatlar ulgamyna degişli ykdysady işiň beýleki görnüşleriniň netijeli bolmagyny üpjün etmek esasynda amala aşyrylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny», şeýle hem beýleki milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygy nygtaldy.
Zähmet gorlaryny netijeli dolandyrmak, zähmet bazarynyň meselelerini çözmek, raýatlaryň zähmete bolan konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi üçin şertleri döretmek boýunça çäreler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda aýratyn orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ý.Kakaýewe, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýangyç – energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, şol sanda täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Türkmen energiýa serişdeleriniň täze gaz geçirijiler boýunça daşary ýurtlara iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etmeli.
Strategiki taýdan örän möhüm bolan «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli. Suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer D.Amangeldiýewiň gözegçilik edýän maýa goýum-gurluşyk toplumynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada durup geçip, şu ýyl üçin gurluşyk maksatnamasynyň örän giň gerimlidigini aýtdy. Şu ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 42 milliard 700 million manat möçberdäki serişdäni özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň ep-esli bölegi önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.
Şeýle hem maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda 873 desganyň gurluşygynyň göz öňünde tutulýandygy, şol desgalaryň 262-si önümçilik maksatly, 611-si bolsa, durmuş maksatly desgalar bolup durýandygy bellenildi. Ýagny, hassahanalar, saglyk merkezleri we öýleri, mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepler, medeniýet öýleri gurlar we olaryň durky täzelener. Şeýle hem, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etmeli. Şäherde ýaşaýyş jaýlaryny döwlet serişdeleriniň hasabyna hem, hususy maýa goýumlarynyň hasabyna hem gurmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurdumyzyň önümçilik – tehniki maksatly pudaklary, öňküsi ýaly, maýa goýumlaryny goýmak üçin ileri tutulýan pudaklar bolmagynda galýar.
Bu pudaklaryň ösmegi köp sanly täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň esasy bölegini şu pudaklara gönükdirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz üstümizdäki ýylda ýurdumyzda milli elektroenergetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilmelidigini belläp, täze elektrik stansiýalaryny gurmagyň, hereket edýänlerini döwrebap ýagdaýa getirmegiň wajypdygyny belledi. Bu bolsa, goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, elektrik energiýasy bilen içerki sarp edijileri yzygiderli we bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Şu ýyl ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şunuň bilen baglylykda, Ş.Durdylyýewe we şäheriň etraplarynyň häkimlerine paýtagtymyzda bu möhüm çärä taýýarlyk görmek işlerini güýçli depginde alyp barmagy, köçeleri we şaýollary halkara standartlaryna laýyklykda abadanlaşdyrmagy, olary bezemek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarowa, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmek, oba hojalygyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmek tabşyryldy. Bu wezipäni durmuşa geçirmek maksady bilen, agrosenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini netijeli ulanmaly. Pudaga bütinleý täze, has netijeli döwrebap usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyz boýunça şu ýyl 1 million 600 müň tonna galla, 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň we ýygnap almagyň wajypdygyny, ähli hojalyklarda maldarçylyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini köpeltmegiň, şu ýyl beýleki oba hojalyk ekinleriniň: gök-bakja önümleriniň, üzümiň we miweleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini hem artdyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, şu maksat bilen, tebigaty goramaga, seçgi – tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ulanmaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak boýunça möhüm ähmiýetli çäreleri durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berilýär, ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça işleri amala aşyrmaga köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz özlerini maliýe taýdan ödemeýän daýhan birleşiklerini kärendesine, fermerçilige bermäge, ýeri daýhanlara 50 ýyla we şondan hem köp möhlete kärendesine bermäge tapgyrma-tapgyr başlamagyň zerurdygyny aýdyp, şu meselä oba hojalyk toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň aýratyn üns bermelidigini belledi.
Biziň şäherlerimizi we obalarymyzy, oba hojalygymyzy suw bilen doly üpjün etmek üçin, bar bolan suw desgalarynda, akabalarda, suw göterijilerde abatlaýyş işlerini geçirmeli hem-de şular ýaly täze desgalary gurmaly, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy tejribä girizmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, şäher hojalygyny suw bilen üpjün etmekde bökdençlik döredilmegi, oba hojalygynda ulanylýan ýerleriň içerki akabalarynyň ýaramaz ýagdaýda saklanylmagy üçin, adamlaryň jenaýat we maddy jogapkärçiligi baradaky maddalary Jenaýat kodeksine girizmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdiriljekdigini nygtap, wise-premýer B.Annameredowyň we degişli ýolbaşçylaryň ünsüni «DemirgazykGünorta», «TürkmenistanOwganystan» demir ýollaryny netijeli özleşdirmegiň, toplumyň pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmegi dowam etmegiň, awtomobil, demirýol, suw hem-de howa ulag serişdelerini täzelemegiň, täze demirýol we howa menzillerini gurmagyň, bar bolanlarynyň durkuny täzelemegiň möhümdigine çekdi.
Ýakyn wagtda Amyderýanyň üstünden geçýän iri demirýol we awtomobil köprüleri ulanmaga berler, şunuň bilen baglylykda, daşaljak ýükleriň möçberiniň ep-esli artmagyna garaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi, demir we awtomobil ýollarymyzyň ýagdaýyny ýene-de bir gezek seljermegiň hem-de zerur bolan çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Ähli welaýat merkezlerinde häzirki zaman ýolagçy awtomobil terminallaryny, howa menzillerini gurmak boýunça işleri dowam etmek, ýerli ugurlar boýunça howa gatnawlaryny açmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz söwda deňiz flotumyzy hem ösdürmegiň wajypdygy barada aýdyp, şu ýyl Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň gurluşygyny dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de ýük daşaýan hem-de ýolagçy gatnadýan täze gämileriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreleri häzirden görüp başlamagy tabşyrdy.
Ýokary tizlikli «AşgabatTürkmenbaşy» awtomobil ýoluny hem toplumyň örän möhüm gurluşyklarynyň biri hasap etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we bu desgalaryň gurlup, ulanmaga berilmeginiň Türkmenistana dünýäniň ykdysady ulgamyna has bähbitli ugurlar boýunça goşulmaga şert döretjekdigini, ýurdumyza gelip gowuşýan erkin ýörgünli daşary ýurt pulunyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek meselelerine geçip, 2017-nji ýylda öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmegi, kompýuter tehnologiýalaryny, şeýle hem emeli hemramyzy ulanmak bilen Internet ulgamyny ornaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz älem giňişligine ýene-de bir emeli hemrany çykarmak meselesiniň üstünde işlemegiň möhümdigine ünsi çekip, munuň özüniň ilat üçin aragatnaşyk hyzmatlaryny, şol sanda Internet, telefon we ykjam aragatnaşyk bilen bagly hyzmatlary ep – esli giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Wise-premýer S.Toýlyýewe hem-de ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň ýolbaşçylaryna bilim ulgamyny dünýäniň iň oňat nusgalaryna laýyklykda ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri dowam etmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim ulgamynyň ajaýyp maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigini kanagatlanma bilen belläp, bu ulgam üçin häzir ýokary derejeli hünärmenleriň zerur bolup durýandygyny, şoňa görä-de, täze institutlar, mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin işgärleri taýýarlamak boýunça alyp barýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Şu ýyl ýurdumyzda ylmy ösdürmäge aýratyn üns bermeli, akademiki institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmeli, ylmy barlaghanalary häzirki zaman enjamlary, ýörite gurallar bilen üpjün etmeli, bu bolsa, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz rejeli iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden ýüz döndermegi, zähmet çekmek bilen dynç almagy sazlaşykly utgaşdyrmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýan, ilatyň saglygyny goramagyň milli ulgamyny emele getirmegi dowam etmegi möhüm çäreleriň hatarynda kesgitledi. Saglygy goraýyş ulgamynda zerur özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, keselleriň öňüni almak boýunça giň gerimli çäreleri geçirmeli, şol sanda, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen alnyp barylýan ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz milli sporty mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmegiň zerurdygyny aýdyp, şu maksat bilen, iň täze we kämil usullary hem-de tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny peýdalanmagyň, tälimçileriň we türgenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, milli hünärmenlerimizi daşary ýurtlaryň ýokary sport merkezlerine ýörite okuwlara ibermegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.
Şu ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek
V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk bilen bagly toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etmegiň möhümdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Olimpiýa toplumynyň esasy desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu desgalara hyzmat edýän işgärleri saýlap-seçip almagyň, olarda dürli halkara ýaryşlaryny geçirmegiň, öz tälimçilerimizi we türgenlerimizi taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Halkara syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýene-de ýokary derejeli myhmanhanalary we ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmagyň, täze syýahatçylyk ugurlaryny taýýarlamagyň, şol ugurlarda ýokary hilli enjamlary ornaşdyryp, syýahatçylara oňat hyzmat edilmegini guramagyň wajypdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer G.Mämmedowa, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, medeniýet babatda döwlet syýasatynyň jemgyýetiň ähli agzalary üçin medeni üstünlikleriň doly elýeterli bolmagyna gönükdirilendigini, teatrlarda görkezilýän oýunlaryň täzelenjekdigini we olaryň sanynyň artjakdygyny, muzeý gymmatlyklarynyň üstüniň dolduryljakdygyny, obalarda we şäherçelerde kitaphanalaryň sanynyň köpeljekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň döredijilik we hünär taýdan ösmegi hem-de kämilleşmegi üçin giň ýol açylýar. Öň bar bolan teatrlardan we Medeniýet öýlerinden başga-da, oba ýerlerinde ýene-de Medeniýet öýlerini gurmak göz öňünde tutulýar. Medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady mundan beýläk-de berkidiler.
Döwlet Baştutanymyz dürli halkara medeni çärelerini, hususan-da, Aziada17-niň geçirilýän döwründe şeýle çäreleri taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns bermegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunda teleradioýaýlymlarda berilýän habarlaryň we gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň, teleradioýaýlymlaryň jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgertmeleri giňden beýan etmegiň, ýurdumyzyň sport ýylynda gazanýan üstünliklerini wagyz edip, dünýä ýaýmagyň wajypdygy nygtaldy.
Wise-premýer B.Atdaýewe we onuň gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylaryna söwdanyň häzirki zaman üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda täze söwda merkezleriniň we uly dükanlaryň (supermarketleriň) gurluşygyny yzygiderli alyp barmak tabşyryldy.
Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Şu ýyl döwletimiz tarapyndan telekeçilige uly goldaw berler. Bu işler giň gerimli çäreleri öz içine alar we telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Ereşowa, senagat toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň senagat pudagynda alyp barýan syýasatynyň senagaty innowasion esasda durnukly ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmaga gönükdirilmelidigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge aýratyn üns bermegiň, ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dünýä bazarynda tutýan ornuny berkitmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Biz bäsleşige ukyply we daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen harytlary öndürmegi dowam etmeli. Ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagatda, hyzmatlar ulgamynda, ulag-kommunikasiýa pudagynda ýokary hilli önümleri öndürmäge aýratyn üns bermeli. Şonuň esasynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň çig mal ibermek boýunça görkezijilerini yzygiderli azaltmaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmegiň hasabyna özümizde öndürilýän harytlar bilen içerki bazary üpjün etmek meselesini çözmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iri senagat toplumlarynyň biri bolan Köýtendag etrabyndaky Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň gurluşygyny ýakyn geljekde tamamlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerini zerur bolan materiallar bilen üpjün etmek üçin, gurluşyk materiallary pudagynda dürli görnüşli önümleri öndürmegiň möçberlerini has-da artdyrmagyň, bu wezipäni hereket edýän zawodlary döwrebap ýagdaýa getirmek we täze zawodlary gurup, ulanmaga bermek arkaly çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Balykçylyk pudagynyň kärhanalaryny ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreler hem şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Geçiriljek bu çäreler balyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga, gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny täzelemäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz elektron senagatyny döretmek boýunça alnyp barylýan işlerde käbir öňe gidişlikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, şu ýylda bilelikdäki kärhanalaryň sanyny has-da köpeltmek barada görkezme berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemläp,
şu ýyl örän köp işleriň edilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şu işleri üstünlikli ýerine ýetirmekde döwlet dolandyryş edaralaryna hem-de ähli derejedäki ýolbaşçylara aýratyn jogapkärçilik düşýändigini aýdyp, olaryň geçen ýylky ýaly, şu ýyl hem, agzybir we ýokary derejede guramaçylykly işläp, öz öňlerinde durýan wezipeleriň ählisini üstünlikli ýerine ýetirmelidigini nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyz Türkmenistanyň, bar bolan kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmagyň, mähriban halkymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan beýik maksatlara ýetmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns berlip diňlenildi hem-de şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibiniň nobatdaky meselesine geçdi hem-de geçen ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen, bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bäsleşigiň netijeleri barada hasabat bermegi üçin, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Baýramowa söz berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýolbaşçylygyndaky ýörite topar ýurdumyzyň her bir welaýaty boýunça hödürlenen görkezijilere seljerme geçirdi. Şonuň esasynda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlendi. Ýylyň jemleri boýunça Lebap welaýatynyň Farap etraby durmuş-ykdysady ösüşiň maksatnamalaryny amala aşyrmakda, bugdaý we pagta taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekde, durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermekde, ilaty sport bilen meşgullanmaga çekmekde we beýleki ugurlar boýunça uly üstünlikleri gazanyp, ýeňiji diýlip kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bäsleşigiň ýeňijisini tassyklamak hakynda resminama hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmagynda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, bäsleşikde ýeňiji bolan Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky Buýruga gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, mähriban halkymyza bolsa abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder