14 Ocak 2017 Cumartesi

Türkmenistanda Häzirki Zaman AÝGB-leriň Gerimi Artýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabynda täze awtomobillere ýangyç guýujy bekediň dabaraly açylyşy boldy. AÝBG «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Kenar nebit kärhanasynyň buýurmasy esasynda guruldy.
Täze desga köp gatnawly gara ýoluň ugrunda ýerleşýär. Beket gije-gündiziň dowamynda dürli kysymly awtoulaglaryň 1000-e golaýyna hyzmat etmäge ukyply. Şeýle hem bu ýerde awtoulaglara tehniki taýdan hyzmat etmek işi ýola goýuldy.
Bu AÝGB ýurdumyzda soňky wagtlarda işe girizilen ilkinji beket däldir. Tutuş Türkmenistan boýunça içerki bazarlary ýokary hilli ýangyç bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýakynda Aşgabat-Türkmenbaşy gara ýolunyň ugrunda Serdar etrabynda, Mary şäherinde, Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda häzirki zaman ýangyç guýujy beketler ulanyşa girizildi.
Iň öňdebaryjy kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze AÝGB-ler awtoulaglara ýokary hilli hyzmaty üpjün edýär.
Täze ýangyç guýujy beketleriň işe girizilmegi ýerli awtoulaglary ýangyç bilen üpjün etmek işini yzygiderli üpjün etmäge ýardam eder.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder