21 Ocak 2017 Cumartesi

Saýlawçylar Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär M.Annanepesow Bilen Duşuşdylar

Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde saýlawçylar döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň biri—Azyk senagaty döwler birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşdylar. Bu ýere ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik birleşikleriniň, kärhanalaryň zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar.
Ilki bilen dalaşgäriň ynanylan wekili çykyş edip, ýygnananlary raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgäriň zähmet ýoly we häsiýetnamasy bilen tanyşdyrdy. Dalaşgäri uly iş tejribesine eýe bolan abraýly başlangyçlary öňe sürýän ýolbaşçy, şeýle hem ynsaply, ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbitlerine wepaly adam hökmünde häsiýetlendirmek bilen, onuň wekili saýlawçylara saýlawlar güni öz seslerini M.Annanepesowa bermeklerini maslahat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäre söz berildi. M.Annanepesow mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýygnananlary öz maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Dalaşgäriň belleýşi ýaly, Maksatnamada ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek boýunça köp ugurly döwlet strategiýasy öz beýanyny tapdy. Onuň maksatnamasynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmegiň, önümçiligiň durnukly ösüş depginini saklamagyň hasabyna halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Täze döwrebap senagat kärhanalarynyň döredilmegi netijesinde iş orunlarynyň müňlerçesi peýda bolar. Aýlyk iş haklary, pensiýalar we kömek pullary yzygiderli artdyrylar.
Dalaşgäriň belleýşi ýaly, onuň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda ylym we bilim ulgamynda geçirilýän özgertmelere aýratyn üns berler. Ol ýangyç-energetika toplumynyň has-da kämilleşdirilmegini möhüm wezipe diýip kesgitledi.
Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bilen M. Annanepesowyň arasynda sowal-jogap görnüşinde söhbetdeşlik boldy. Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň, hususan-da, oba hojalyk önümçiliginiň pudaklaýyn düzümini kämilleşdirmegiň, ilatyň azyk harytlary we beýleki zatlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin daýhanlaryň ösdürip ýetişdirän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmagyň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny hem-de maldarçylygyň önümliligini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ekologik taýdan howpsuz şertlerini üpjün etmegiň meseleleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda dalaşgär üns berip diňlenendigi we mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna welaýatyň ýaşaýjylaryny ynandyrdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder