20 Ocak 2017 Cuma

Ramazan Durdyýew, Meretdurdy Gurbanow we Jumanazar Annaýew Saýlawçylar Bilen Duşuşdy

Türkmenbaşyda Ramazan Durdyýew Saýlawçylar Bilen Duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Mejlisiň deputaty, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory Ramazan Durdyýewiň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde geçirilen duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen dalaşgäriň şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryldy. R. Durdyýewiň ynanylan wekili dalaşgäri ýokary hünärli hünärmen, uly abraýdan peýdalanýan ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
R.Durdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we tebigy kuwwatyny, türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine durmuşa geçirmäge ýardam berjek wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.Uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini kämilleşdirmek bellenilýär. Şeýle hem nebithimiýa pudagynyň ösdürilmegi, türkmen “mawy ýangyjyny” we elektrik energiýasyny daşary bazarlara çykarmagyň ugurlary diwersifikasiýalaşdyrylar.
Mekdepleri we çagalar baglaryny, ýokary okuw mekdeplerini, hassahanalary, şypahana-sagaldyş merkezlerini hem-de beýleki durmuş maksatly desgalary gurmak işleri dowam etdiriler. Oba hojalygynda düýpli özgertmeleri geçirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ekerançylary netijeli zähmeti, ýokary hasyl almaklary üçin zerur mümkinçilikleri döretmek möhüm wezipeler hökmünde görkezildi.
R.Durdyýew özüniň maksatnamasy barada saýlawçylaryň sowallaryna jogap bermek bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitini ösdürmek bilen baglanyşykly işler, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi boýunça öňde goýlan wezipeler barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär Meretdurdy Gurbanowyň Ahal Welaýatynyň Saýlawçylary Bilen Duşuşygy Geçirildi
Änew şäheriniň Medeniýet öýünde saýlawçylaryň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär – Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Meretdurdy Gurbanow bilen duşuşygy geçirildi, oňa welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Dalaşgäriň ynanylan wekili ýygnananlary raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenen M.Gurbanowyň zähmet terjimehaly, şahsy we işewür häsiýetleri bilen tanyşdyryp, ony päk ýürekli, jogapkär, başarjaň ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirdi.
M.Gurbanow öz maksatnamasynyň döwletiň we jemgyýetiň hukuk we demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, döwletimiziň halkara abraýynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy, onuň parahatçylyk döredijilik derejesini, demokratik binýatlaryny berkitmek, ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik durnuklylygyny hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmak, milli jebisligi saklamak, ylmy, bilimi we türkmen halkynyň özboluşly medeniýetini ösdürmek bolup durýandygyny aýtdy.
Dalaşgär ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdi. Saýlawçylar ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri, saglygy goraýyş, bilim, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ulgamlarynda döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen gyzyklandylar.

Türkmenabatda Saýlawçylar Dalaşgär Jumanazar Annaýew Bilen Duşuşdylar
Türkmenabatda Lebap welaýatynyň saýlawçylarynyňýokary döwlet wezipesine raýatlaryň teklipçiler topary tarapyndan görkezilen dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew bilen duşuşygy boldy.Ol S.Seýdi adyndaky Döwlet drama teatrynda geçirildi. Duşuşyga ýerli häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Daşaşgäriň ynanylan adamy Sakarçäge etrabynyň “J.Annaýewiň terjimehaly bilen tanyşdyp, 12-nji fewralda geçiriljek Prezident saýlawlarynda bu dalaşgäre ses bermäge çagyrdy.
Saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasy barada aýtmak bilen, J.Annaýew pagta ekýän etraplaryň ilaty üçin goşmaça iş ýerlerini döretmek maksady bilen, kuwwaty öndürilýän “ak altynyň” mukdaryna laýyk gelýän pagta egriji fabrikleriň gurulmagy maksada laýyk bolar diýip belledi.Ulag we aragatnaşyk ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegi üçin möhüm ähmiýeti bolan halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn üns berler.
J.Annaýew ähli meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda tagallasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder