16 Ocak 2017 Pazartesi

Dalaşgär Maksat Annanepesow Daşoguzda Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirlidi

Daşoguz welaýatynyň merkezinde ýerleşýän N.Andalyp adyndaky döwlet drama teatrynda sebitiň jemgyýetçiliginiň, hormatly ýaşulularyň, edaralaryň we kärhanalaryň işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda döwlet baştutany wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow bilen duşuşyk geçirlidi.
Dalaşgäriň ynanylan wekiliniň çykyşynda häzirki döwre çenli oňat guramaçylyk ukybyny görkezip we özüne ynnanylan işe jogapkärli çemeleşip, agronomlyk wezipesinden ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biriniň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesine çenli zähmet ýoluny geçen M.Annanepesowyň şahsy, iş we hünär başarnyklaryna mynasyp häsiýetnama berip, onuň terjimehalyny beýan etdi.
M.Annanepesow saýlawçylara özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasy bölümleri barada gürrüň berip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, döwletimiziň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatyny ösdürmek boýunça giň göwrümli işleri dowam etmekçidigini belledi. Dalaşgäriň belleýşi ýaly, oba hojalyk önümçiliginiň pudaklaýyn düzümlerini kämilleşdirmek, azyk önümleriniň möçberini artdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny we maldarçylyk önümçiligini ýokarlandyrmak möhüm bolup durýar.
Ol ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmegiň, şäheriň we obanyň ýaşaýjylary üçin birmeňzeş mümkinçilikleri döredip, mundan beýläk-hem ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Dalaşgär bu ýere ýygnananlaryň sowallaryna jogap berdi. Döwlet durmuşynyň derwaýys meseleleri, Ýaşulular maslahatynda kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmegiň ýollary, ýurdumyzyň öndürijileriniň içerki bazarlarda bäsdeşlige ugyplylygyny ýokarlandyrmak duşuşyga ýygnananlaryň üns merkezinde boldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder