15 Ocak 2017 Pazar

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiokerosini, awtobenzini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Owganystandan gelen işewürlere daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, nah ýüplük, pagta-süýümi, pagta galyndylary ýerlenldi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 42 million 514 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 1 million 290 müň manatlygagolaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 1 million manatlyk azyklyk bugdaý, nebit bitumyny satyn aldylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder