20 Ocak 2017 Cuma

Aşgabadyň Mekdepleriniň Ýokary Synp Okuwçylary Aziada-2017-de Meýletinler Bolmaga Işjeň Taýýarlanýarlar

Mekdebara meýletinler Merkeziniň işini Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni Döwlet Amangeldiýew we 130-njy orta mekdebiň müdiriniň daşary ýurt dilleri boýunça orunbasary Gurban Kasymow utgaşdyrýarlar.
37-nji orta mekdepde açylan meýletinler Merkezinde okuwçylaryň we mugallymlaryň 300-si bar. Dalaşgärleri saýlap almakda esasy şert–olar daşary ýurt dillerini gowy bilmeli. Hünärine ussat mugallymlar ýaş meýletinlere iňlis we rus dillerinden başga-da, arap, türk, pars, hytaý, ýapon, koreý, nemes, italýan dillerini öwredenlerinde çagalaryň lingwistik taýýarlygyna köp üns berýärler.
D.Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyň arap dili bölüminiň uçurymy, häzirki wagtda 82-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy Ýalkap Annaöwezow arap dili toparyna ýolbaşçylyk edýär. Aşgabat şäheriniň Dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň hünärmenleriElmira Farajaýewa bilen Gülnar Ýoldaşewa iňlis we rus dillerinden surdoterjimeçileri toparyny düzdiler.
Meýletinler maksatnamasy onlarça ugry, şol sanda Türkmenistanyň we Aziada-2017-ä gatnaşýan ýurtlaryň taryhy, däp-dessurlary, medeniýeti, ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşiniň esasy aýratynlyklary baradaky ugurlary öz içine alýar. Merkezdäki sapaklarda ýaşlar meýletinler hereketiniň döreýşi we ösüşi, V Aziada girizilen sport görmüşleri bilen tanyşýarlar.
Olaryň alan bilimleri bäsleşik görnüşinde synagdan geçirilýär, olarda meýletinler hereketine ilkinji gezek gatnaşýanlar öz guramaçylyk, paýhas ukyplaryny görkezýärler.
Mekdebara Merkeziň maksatnamasynda ýaşlaryň şahsyýet hökmünde ösmegi we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen çäreleriň onlarçasy bar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder