17 Ocak 2017 Salı

2016-njy Ýylda Nebitiň Iň Pes Bahalary Boldy, 2017-nji Ýylda Ol Ýokarlanar

Geçen 2016-njy ýyl nebitiň bahalarynyň iň pes bolan ýyly boldy, diýip global energetika bazarlarynda we ýöriteleşen we Londonda, Nýu-Ýorkda we Singapurda edaralary bolan Energy Aspects garaşsyz barlag konsalting kompaniýasynyň nebit bazary boýunça analitigi Ridoý Raşid hasaplaýar, diýip Trend azerbaýjan habarlar agentligi belleýär.
Onuň sözlerine görä, OPEC-e girýän we girmeýän iri nebit öndürijileriniň nebit çykarmaklygy çäklendirmek baradaky ylalaşygynyň 2017-nji ýylyň başyndan başlap güýje girýändigi sebäpli teklip we isleg 2017-nji ýylyň dowamynda durnuklaşar we bahalar ýene-de öňki durkuna geler.
Bilermeniň hasaplamalaryna görä, bahalar deňleşer we 2017-nji ýylyň üçünji çärýeginiň ahyrlaryna (teklip bilen bagly hiç hili adatdan daşary ýagdaý bolmasa) fýuçersleriň bahalarynyň üç ýyllap aşaklanyndan soňra spot bahalarynyň ýokarlanmagyna garaşylýar.
«Biziň häzirki çaklamalarymyza görä, Brent kysmynyň bahalary 2017-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyrlaryna bir barrel üçin 65 dollara barabar, şu ýylyň ahyrlaryna çenli bolsa, bahalar 70-75 dollara çenli baryp biler» diýip Raşid elektron poçtanyň üsti bilen Trende habar berdi.
Raşidiň aýtmagyna görä, OPEC we OPEC-e girmeýän döwletleriň nebit çykarmaklygy çäklendirmek baradaky karary köpler üçin garaşylmadyk waka boldy. Ol ylalaşyk baglaşylan döwletleriň nebit çykarmaklygy çäklendirmek boýunça borçnamalaryny näderejede ýerine ýetirjekdigi barada nämälimlik bolsa-da, ylalaşyk baglaşylan badyna nebitiň bahalarynyň dessine ýokarlanyp ugrady.
«Elbetde, biz ylalaşygyň şertlerini döwletleriň ählisiniň 100 göterim ýerine ýetirmegine garaşmaýarys. Ýöne Saud Arabystany we Pars aýlagynyň beýleki döwletleri nebitiň çykarylyşyny günde 0,8 million barrele çenli we OPEC-e girýän beýleki döwletler nebitiň çykarylyşyny ylalaşylan möçberden 80 göterimden gowraga çenli çäklendirer» diýip bilermen aýdýar.
Şol bir wagtda, onuň aýtmagyna görä, Nigeriýa we Liwiýa barada anyk zat aýtmak mümkin däl.
Raşidiň sözlerine görä, giň kontekstde alanyňda nebitiň çykarylyşyny häzirki wagtda — haçan-da, ätiýaçlyklar kem-kemden kemelip ugranda çäklendirmek talabalaýyk bolar. Çünki ol isleg bilen teklibiň arasyndaky deňagramlylygy dikeltmäge we nebiti bahalaryny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
«OPEC-iň bu ylalaşygy nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagy üçin hökmany suratda alty aýlyk şertnama däldir. Elbetde, bahalar ýokarlanar, ýöne bu ýerde esasy maksat nebitiň artykmaç ätiýaçlyklaryny azaltmakdan ybarat» diýip analitik aýdýar.
Şeýlelikde, bu ylalaşygyň maý aýynda ýene-de alty aý uzaldylmak mümkinçiliginiň bardygyny nazardan aýyrmaly däl, diýip ol hasaplaýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder