31 Ekim 2016 Pazartesi

Türkmenistan Fotosuratlary 204

Türkmenistan Fotosuratlary 204



















http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=4213

Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk

Mejlisde Zenanlaryň bütinhytaý federasiýasynyň başlygynyň orunbasary hanym Suý Ýuýyň baştutanlygynda Aşgabada gelen Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Myhmanlar göwnaçyk kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen parlamentarilerini giňden bellenilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş, özbaşdak ösüş ýolunda täze ägirt uly üstünlikleri arzuw etdiler. 

Duşuşygyň barşynda taryhy kökleri müňýyllyklaryň çuňluklaryna, Beýik Ýüpek ýoly döwrüne uzalyp gidýän türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşýandygy bellenildi. Muňa bolsa ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar hem-de olaryň netijeleri boýunça iş ýüzünde anyk üstünliklere gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gönüden-göni ýardam edýär. 

HHR-iň wekiliýetiniň agzalary milli Liderimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli durmuş-ykdysady we düýpli özgertmeleriň, şol sanda hukuk ulgamyndaky özgertmeleriň maksatlary hem-de wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, gender deňligini üpjün etmek, eneligi we çagalygy goramak, maşgala döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw bermek, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak hem-de halkara hukugynyň kadalarynyň milli kanunçylyga laýyk getirilmegi babatda dünýä tejribeleriniň öwrenilmegi Mejlisiň alyp barýan işiniň möhüm ugurlary bolup durýandygy bellenildi.

Şu babatda ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylandan soň, şu ýylyň güýzünde Ýaşulular maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenilen görnüşiniň ähmiýeti nygtaldy. Uzakmöhletleýin geljek üçin döwletimiziň we jemgyýetimiziň üstünlikli, demokratik ösüşiniň möhüm ugurlaryny kesgitlän ýurdumyzyň Esasy Kanuny adamy onuň ýokary gymmatlygy diýip yglan edýär, halkymyzyň abadan durmuşy üçin şertleri döredýär hem-de ygtybarly kepillikleri berýär. 

Duşuşyga gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. 

*** 

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirdi. Zenanlaryň iki ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, ynsanperwer ulgamynda halkara aragatnaşyklarynyň berkidilmegine degişli meseleler söhbetdeşligiň esasy meseleleri boldy.

Myhmanlar häzirki saparynyň çäklerinde Aşgabadyň umumybilim berýän mekdepleriniň birine, “Ene mähri” halkara merkezine baryp görerler, muzeýler hem-de türkmen paýtagtynyň beýleki gözellikleri bilen tanşarlar.


Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna, milli we sebit ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ýerlerde işleriň ýagdaýyna garaldy. 

Ilki bilen, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim dowam edýän pagta ýygymy, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, welaýatyň senagat düzümini giňeltmek maksady bilen işlenip taýýarlanan meýilnamalaryň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz pagtanyň galan hasylyny zaýasyz ýygnap almagyň möhümdigini belläp, oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagyny we olara öz wagtynda hyzmat edilmegini üpjün etmek barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak işleriniň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda pes derejede alnyp barylýandygyny aýdyp, ýygymyň depginini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi häkimden talap etdi. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda welaýatyň ekerançylyk meýldanlarynda, dowardarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny geljek ýyla taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, ilkinji nobatda bolsa, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyklaryň ýagdaýy barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň degişli derejede alnyp barylmalydygyny, kärendeçileriň mineral dökünler bilen üpjünçiliginiň, olar bilen hasaplaşyk işleriniň geçirilişiniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. 

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, aýratyn-da, pagtanyň galan hasylyny zaýasyz ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ösümçiligi ösdürmek, ekin dolanyşygyny kämilleşdirmek we ekin meýdanlarynyň hilini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Bulardan başga-da, häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi. 

Milli Liderimiz welaýatyň gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň Gurbansoltan eje adyndaky, Boldumsaz we başga-da käbir etraplarda pes derejede alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möwsümi öz wagtynda tamamlamak üçin bar bolan tehniki serişdeleri netijeli ulanmagy hem-de guramaçylyk işlerini güýçlendirmegi häkimden talap etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk maksatly ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, şol sanda daýhanlary mineral dökünleri bilen üpjün etmek, gök-miwe önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin degişli agrotehniki we ykdysady şertleri döretmek, maldarçylygyň ot-iýmlik binýadyny berkitmek, şeýle hem oba hojalyk tehnikalaryny ýaz möwsümine taýýarlamak barada görkezmeleri berdi. 

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew welaýatyň obasenagat pudagynda işleriň ýagdaýy, pagtanyň galan hasylyny zaýasyz ýygnap almak bilen bagly işleriň depgini barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyk derejede alyp barmak, ilatyň durmuş üpjünçilingini has-da gowulandyrmak, şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny zaýasyz ýygnap almak işinde Hojambaz, Köýtendag, Atamyrat, Döwletli, Beýik Türkmenbaşy, Birata etraplarynda haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýdyp, bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz häkimiň ünsüni oba hojalyk önümçiligini artdyrmagyň esasy wezipeleriniň birine—ekin dolanyşygynyň düzgünlerini takyk berjaý etmek bilen işlenip bejerilýän ýerleri netijeli peýdalanmak, dökünler, tohumlar we beýleki serişdeler bilen üpjün etmek, şeýle hem täze ýerleri özleşdirmek we melioratiw işleri geçirmek wezipelerine çekip, bu babatda tabşyryklary berdi. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annargurbanow ýygym möwsüminiň görkezijileri: borçnamadan artyk ýygnalan pagtanyň hem-de pagtasy ýygnalmaly ýerleriň möçberi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri, şol sanda durmuş-ykdysady düzümi yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň Murgap, Mary, Wekilbazar, Tagtabazar we beýleki käbir etraplarynda galan pagta hasylyny zaýasyz ýygnap almak işleriniň depginleriniň pesdigini aýtdy we bu işlerde bar bolan haýal-ýagallygyň sebäplerini seljerip, ony güýçlendirmegi häkimden berk talap etdi. Milli Liderimiz welaýatyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki çärelere laýyk bolmalydygyny aýdyp, bereketli hasyl almak maksady bilen, ekerançylygyň medeniýetini, agrotehnikanyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ulgamyň ornaşdyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary R.Bazarow, B.Ereşow we B.Hojamämmedow çagyryldylar.

Ilki bilen R.Bazarow ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, geljek ýyl üçin tehnikalary taýýarlamak işleriniň derejesi, şeýle hem kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň geçirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer B.Ereşow ýurdumyzyň senagat toplumynda, aýratyn-da, himiýa pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançy kärendeçileri mineral dökünler bilen doly derejede üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler, önümçilik desgalarynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer B.Hojamämmedow öz gezeginde ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda oba senagat toplumynda bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we oba hojalyk önüm öndürijilerini goldamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer daýhanlar we kärendeçiler bilen hasaplaşyklary geçirmek boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, oba hojalyk önümlerini, azyk we senagat üçin çig maly öndürmek - bu köpugurly we çylşyrymly ulgam bolup, onuň ýagdaýy we ösüşi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň umumy derejesine, onuň maliýe institutlarynyň, karz-ýeňillik ulgamynyň, şeýle hem mineral dökünlerini öndürýän senagat kärhanalarynyň netijeliligine bagly bolup durýar. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň obasenagat toplumy öz esasy wezipesini—ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli azyk önümleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek wezipesini doly berjaý edýär. Biziň häzir görýän çärelerimiz oba hojalyk önümçiliginden gelýän girdejileri artdyrmaga, içeri we daşary bazarlarda ýurdumyzyň önümlerini ýerlemäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň öňünde degişli wezipeleri goýdy. 

Gürrüň, hususan-da, obada haryt öndürijileri höweslendirmegiň, obasenagat toplumynyň tehniki üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmagyň, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmegiň we oba çäklerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, hojalyk başlangyjyny höweslendirmegiň usullary barada bardy. Şeýle hem kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegiň möhümdigi bellenildi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew bilen Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow çagyryldy. 

Wise-premýer paýtagtymyzy döwrebaplaşdyrmagyň meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler, aýratyn-da, şäher köçelerini abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz bu işleri, şol sanda ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek işlerini ýokary hilli alyp barmagyň möhümdigini belledi. Adamlaryň abadan durmuşy, olaryň oňaýly ýaşamagy we netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek biziň özgertmelerimiziň esasy maksady bolup durýar diýip, gurluşyk we abatlaýyş işlerini hemişe gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan binalaryň bezeg işleri, olaryň atlandyrylyşy, mozaika işleriniň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim täze seýilgähde oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkeller, olaryň taýýarlanyş aýratynlyklary barada şekiller arkaly habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz görkezilen şekillere belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň binalarynyň atlandyrylyşynyň we olaryň bezeg şekilleriniň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini, binalaryň bezeglerinde ugurdaş şekilleriň ulanylmalydygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki binalaryň bezeglerinde halkymyzyň däp-dessurlaryna mahsus ýörelgeleriň häzirki zaman tejribesi bilen utgaşdamylydygyny aýdyp, bu ugurda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň we beýleki sungat işgärleriniň sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny belledi. 

Milli Liderimiz täze seýilgähde oturdylmagy meýilleşdirilýän heýkeller barada aýdyp, olaryň taýýarlanylyşynda täzeçil ýörelgeleriň ulanylmaýandygyny aýratyn belledi we bu babatda ýurdumyzyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň döredýän eserleriniň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini aýdyp, olaryň işine nägilelik bildirdi. 

Täze seýilgähde oturdyljak heýkelleriň oturdylyşynyň häzirki zaman talaplaryna we täzeçil ýörelgelere laýyk gelmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz heýkelleriň halkymyzyň asylly ýörelgelerine laýyk derejede ýerleşdirilmelidigini, olarda ýagşy dessurlar bilen döwrebap usullaryň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. 

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda paýtagtymyzy, ýurdumyzyň welaýatlaryny we halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly başga-da birnäçe meselelere garaldy, olary çözmegiň ugurlary kesgitlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan Fotosuratlary 203

Türkmenistan Fotosuratlary 203












http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=4200

Aziýa Halkara Demir Ýolunyň Türkmen Böleginiň Gurnama Işleri Tamamlandy

Türkmen hünärmenleri tarapyndan türkmen-owgan demir ýolunyň ahyrky nokady Akina bekedinde (OYR) soňky ýol seplemleri goýuldy. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň – Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) - Akina (Owganystan) gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirildi. 

Transmilli demir ýolunyň bu böleginiň umumy uzynlygy 88 kilometr bolup, onuň 85 kilometri biziň ýurdumyzyň çäklerinden, ýene üç kilometri bolsa Ymamnazar we Akina serhetýaka nokatlarynyň arasyndan geçýär. Demir ýoluň bu böleginiň ahyrky işleri türkmen ýol gurluşykçylary tarapyndan Owganystanyň çäklerinde ýerine ýetirildi. 

Owganystanyň Akina nokadynda geçirilen dabara iki ýurduň demir ýol pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem gurluşykçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýerli häkimiýetiň wekilleri gatnaşdylar. 

Owganystanyň Prezidentiniň GDA ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça ýörite wekili Şakir Kargaryň belleýşi ýaly, sebitde ulag aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek sebit boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, biziň döwletlerimiziň ulag-üstaşyr geçirijilik kuwwatyny netijeli peýdalanmaga, ýurtlarymyzyň häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna mümkinçilik berer. 

Owganystanyň demir ýol ministri Mahmud Balegiň aýtmagyna görä, türkmen demirýolçulary bilen uly geljegi bolan demir ýol ulgamlaryny kemala getirmek diňe bir goňşy ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbitlerine gulluk etmek bilen çäklenmän, ählumumy parahatçylyk we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli sebit hem-de halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer. 

Ýygnananlar Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň gurluşyk bölüminiň kuwwatly demir ýol goýujysynyň taýýarlanan ýere ahyrky demir ýol bölegini goýýan pursadyny joşgunly el çarpyşmalary bilen garşylaýarlar. Türkmen ýol gurluşykçylarynyň ulanýan häzirki zaman tehnikasy we enjamlary, işleriň göwnejaý hem-de netijeli guralmagy bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik berdi. 

Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Owganystanda bu täze demir ýolunyň işläp başlamagy bilen uly durmuş-ykdysady özgertmelere garaşylýar. Halkara demir ýol magistralynyň, oňa degişli düzümleriň döredilmegi netijesinde bu çäkleriň keşbi düýpli özgerýär, olaryň senagat taýdan ösüşi ýokary depginlere eýe bolýar. Täze demir ýolunyň işe girizilmegi bilen çöllük ýerlere elektrik energiýasy, aragatnaşyk ulgamlary çekiler, ýaşaýyş jaýlary hem-de medeni maksatly desgalar peýda bolar. Bu demir ýol ulgamy halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi bolmak bilen, sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirer hem-de Owganystanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan dikeldilmegine kuwwatly itergi berer, durmuş meseleleriniň çözülmegine, ilatyň iş orunlary bilen üpjün edilmegine ýardam berer. 

Pursatdan peýdalanyp, dostlukly goňşy ýurduň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli doganlyk türkmen halkyna Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümlerini gaýtadan dikeltmäge yzygiderli goldaw berýändikleri üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, owgan halky Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna hem-de ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli syýasatyna ýokary baha berýär. 

Häzirki wagtda beketlerde, inženerlik desgalarynda, kömekçi düzüm böleklerinde gurluşyk-gurnama işleri tamamlanyp barýar. Garagum derýasynyň giň gollarynda, onuň gözbaşynda ýurdumyzyň gurluşykçylary Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde giňligi 5,8 metre barabar bolan demir ýol köprüsiniň ikisi guruldy. Olaryň biriniň uzynlygy 363 metre, beýlekisiniňki bolsa 256 metre barabardyr.

Şeýlelikde, döwlet hem-de halkara ähmiýetli demir ýol gurluşygy boýunça baý tejribe toplan türkmen demir ýolçularynyň ýadawsyz zähmetleri netijesinde ýene bir iri taslamanyň gurluşyk işleri tamamlandy. 

Türkmenistan bilen Owganystany ykdysady taýdan pugta baglanyşdyrjak täze ýoluň zerurlygyny hem-de kuwwatyny “Ymamnazar” gümrük nokady boýunça geçýän ýükleriň yzy üzülmeýän akymlary hem aýdyň görkezýär. Türkmenistandan nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, karbamid, sement, däne, buýan köki, tehniki uglerod, pagta ýagy, sarja goýnunyň ýüňi we beýlekiler daşary ýurda çykarylýar. Mundan başga-da, bu ýerden üstaşyr ynsanperwer we beýleki ýükleriň iri möçberleri geçirilýär. Getirilýän harytlar hökmünde esasan Owganystandan üstaşyr geçirilýän sitrus miweleri hasaba alynýar. Soňra azyk önümleriniň birnäçesi biziň ýurdumyzyň üstünden sebitdäki goňşy ýurtlara we Ýewropa ugradylýar. 

Demir ýolunyň açylmagy bilen ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy ep-esli ýokarlanar. Muňa “Ymamnazar” gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ýüklemek boýunça Aziýa demir ýol geçelgesiniň türkmen bölegi bilen bir wagtda işe girizilmegi göz öňünde tutulýan terminal hem ýardam eder. Owganystan bilen serhetde suwuklyk saklamak üçin niýetlenen gaplar, dolandyryş edaralary we terminalyň beýleki desgalary peýda bolýar. Olaryň işe girizilmegi bilen Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri ep-esli ýokarlanar. 

Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoly öz gezeginde Hytaýyň demir ýol şahalaryna birigip, onuň üsti bilen Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň batly depginler bilen ösýän ýurtlaryna çykjak Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji bölegi bolar. 

Türkmenistan geljegi uly ähli ugurlar boýunça halkara ulag geçelgelerini döretmegi işjeňleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyz tarapyndan gurulýan ýollar parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we hyzmatdaşlygyň ýollaryna öwrülýär. Ýakyn wagtda Türkmenistan bilen 
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bilelikde Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat hem bu möhüm meselä bagyşlanar. 

Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerine doly laýyk gelýär. Goňşy döwletler hem bir sebitiň çäklerine degişli hem-de özara baglanyşykly ulag ýollarynyň gurulmagyna hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň baglanyşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýärler. 

Muňa ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat ugry hem ýardam berýär, ol parahatçylyk dörediji ugra, sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ähli döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir. Muňa Owganystanda, Akinada geçirilen demir ýoluň soňky böleginiň çekilmegine bagyşlanan dabara hem şaýatlyk edýär.


Türkmen Ştangaçysy

Malaýziýanyň Penang şäherinde ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä ýaryşy geçirildi. Oňa gatnaşmaga 76 ýurtdan 350-den gowrak türgen ýygnandy. Şol sanda bu ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndysy gatnaşdy. Onuň düzüminde Azat Serdarow (94 kilograma çenli agram derejeli) kümüş medal gazandy. Ildeşimiz agyrlygy birden galdyrmakda 149 kilogramy, itip galdyrmakda 181 kilogramy galdyrmak bilen, olaryň netijeleri boýunça jemi 330 kilogramy götermäge hötde geldi. 

Sportuň ýokarda agzalan görnüşleriniň ählisi geljek ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şoňa görä-de, türkmenistanlylaryň çykyşlaryna yklym derejesindäki toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry hökmünde baha berip bolar. 


Bagtyýarlyk Döwrüniň Şuglasy Ýolumyza Ýagty Salýar

Geçen hepde uly we ajaýyp baýramçylygyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda geçdi. Ruhubelentlik we joşgunlylyk ýagdaýynda geçirilen dabaralar eziz Watanymyzyň taryhynyň nobatdaky sahypasyna öwrülip, ýurdumyzyň ajaýyp üstünliklerini we ägirt uly mümkinçiliklerini, halkara giňişligindäki uly abraýyny aýdyň görkezdi. 

“Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratydyr, türkmeniň milli buýsanjydyr. Şoňa görä-de, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda biz Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramyny ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny, berkarar döwletimiziň barha berkeýändigini alamatlandyrýan köp sanly şanly wakalara besleýäris. Syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, ylymda we medeniýetde gazanylýan ajaýyp üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere, adamy döwletimiziň we jemgyýetimiziň in gymmatly hazynasy hasaplaýan Konstitusiýamyza guwanç duýgulary bilen garşy alýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli watandaşlarymyza gutlagynda belledi. 

Garaşsyzlyk gününiň hormatyna guralan dabaralara hem-de Dünýä 
türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХIХ maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhmanlaryň hatarynda daşary ýurtly ildeşlerimiz hem boldy. Işläp gelýän ýyllarynyň içinde DTYB 
abraýly halkara guramasyna öwrülip, döwletimiziň çäklerinden alyslarda hem tanaldy. Dünýäniň 14 ýurdunda Birleşigiň 27 sany bölümi hereket edýär. Birleşigiň üç ýüzden gowrak toparlaýyn we ýüzlerçe, şol sanda dört ýüze golaý daşary ýurtly şahsy agzalary bar. Onuň düzüminde 
toparlaýyn we şahsy agzalary bolup, olar ata Watany bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklap, onuň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýarlar. 

Dünýäniň dürli künjeklerinden hormatly Prezidentimiziň adyna gelmegi dowam edýän köpsanly gutlag hatlarynda we telegrammalarda ýurdumyzyň açyk we netijeli syýasatynyň giň halkara goldawa eýe bolmagy öz beýanyny tapýar. Gutlag hatlarynyň dünýäniň esasy döwletleriniň baştutanlaryndan, halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan gelip gowuşmagy milli Liderimiziň dünýä ýüzünde abraýynyň örän uludygyna şaýatlyk edýär. 

Geçen hepdede geçirilen telefon söhbetdeşliginiň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Iki döwletiň Baştutanlary türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ozal gazanylan ylalaşyklary, iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem milli Liderimizi hem-de ähli türkmenistanlylary şanly sene bilen gutlan Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Şawkat Mirziýoýew bilen hormatly Prezidentimiziň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli meseleleri barada pikir alşyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, düri pudaklardaky netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sun Weýdun, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeş, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkin, Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy, “Faýsal” kompaniýasynyň baştutany şeýh Faýsal bin Naser Al-Tani, şeýle hem belli türk kompaniýalarynyň - “Çalyk Holding”, “Polimeks”, “Renaissanсe Holding”, Russiýanyň “ARETI”, Amerikanyň “John Deere”, Fransiýanyň belli “Sifal” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Mejlisde Pakistan Yslam Respublikasynyň parlamentiniň wise-spikeri Murtaza Jawed Abbasiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine, şeýle hem netijeli gatnaşyklaryň esasyny düzýän parlamentara gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn üns berildi.

Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda we baýramçylyk günleri türkmenistanlylar we daşary ýurtly myhmanlarymyz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döretmegiň we gurmagyň belent sepgitlerine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň taryhyna nobatdaky şanly sahypalary ýazan ençeme wakalaryň şaýatlary boldular. Şol wakalaryň hatarynda ýurdumyzyň baş meýdançasynda geçirilen harby ýöriş hem-de zähmetkeşleriň baýramçylyk ýörişi, «Aşgabat” köpugurly sport toplumynyň merkezi stadionynda guralan teatrlaşdyrylan çykyşlar bolup, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan iň gowy döredijilik tolarlary, belli artistler, türgenler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

27-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly işleriň döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Mejlisiň barşynda dabaraly ýörişiň jemleri jemlenildi hem-de döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelere seredildi.

“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy. 

Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen döwlet konserti Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan medeni çäreleriň sanawynda aýratyn orun eýeledi. Baýramçylyk konsertine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar baýramçylyk şowhununyň üstüni ýetirdi. Mälim bolşy ýaly, gadym döwürlerden bäri gözelligi, syratlylygy bütin dünýäde haýran galdyryp gelýän “behişdi bedewlerimiziň” at çapyşyklary türkmen toýunyň bezegine öwrülýär. Şu şanly baýramçylykda hem şeýle boldy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugunda iň gowy ahalteke bedewlerinde ussat çapyksuwarlar bäsleşdiler. 

Hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda paýtagtymyzda geçirilen döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş bar. Täze neşir eziz Watanymyzyň döwlet özygtyýarlylygynyň şanly 25 ýyllyk taryhynyň ýylýazgysy bolup durýar. Şeýle hem bu neşirde diňe bir taryhy babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi nukdaýnazardan garaşsyzlyk eýýamynyň wakalary beýan edilýär. 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynda uly sarpalanýan ussat Şükür bagşy hakynda gürrüň berýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly rus dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine hormatly Prezidentimiziň aýdymynyň sözleriniň golýazma nusgasynyň gowşurylmagy ýurdumyzyň medeni durmuşynda nobatdaky şanly wakalaryň birine öwrüldi. 

Noýabr aýynyň ahyrynda geçiriljek Aziýanyň halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysyny—Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) bölegini ulanmaga bermäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde Akina owgan menzilinde türkmen demir ýol gurluşykçylary bu ýoluň soňky böleklerini çekdiler. Dabaranyň barşynda türkmen we owgan wekilleri giň gerimli taslama diňe goňşy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmegi üçin uly ähmiýete eýe bolup, Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ulag ýollarynyň möhüm bölegine öwrüler diýip bellediler. 

Türkmenbaşy şäherinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda gurlan ýokary amatlykly 4 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. 

Türkmenistanyň wekilleri Indoneziýada geçirilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) 53-nji Bas Assambleýasyna gatnaşdylar. ABU guramasyna agza bolan teleradiogepleşikler kompaniýalarynyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 200-den gowragynyň wekillerini bir ýere jemlän forumda geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna final duşuşygy geçirildi. Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” topary indi üçünji gezek Kubogyň eýesi boldy. 

... Eziz Watanymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar taryhyň nobatdaky sahypasyna öwrüldi. Şol günler ýurdumyzyň baş meýdançasyndan sazlaşykly ädimläp geçen türkmen esgerlerine bolan buýsanç duýgusy hem-de ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň gözelligi, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyplygy müňlerçe adamlary agzybirlik duýgusy gurşap aldy. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda agşam asmanyň ajaýyp baýramçylyk feýerwerki bezände biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletiň mukaddes ruhundan ylham aldyk.


Medeniýet we Sungat Watanymyzyň Egsilmez Ruhy Baýlygy

Medeniýet – jemgyýetiň jebisleşdiriji we ruhlandyryjy güýjidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Bu ugur Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň möhüm, ruhy serişdesi hökmünde öňe sürüldi. 

Milli Liderimiziň medeniýet ulgamynda alyp barýan syýasatynyň üstünligi (bu görkeziji örän uly möçberli bolsa-da—ýurtda täze teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, medeniýet öýleriniň we merkezleriniň onlarçasy guruldy) diňe san möçberinde däl-de, eýsem jemgyýetiň sungata bolan gyzyklanmasynyň artmagynda, döredijilik başlangyjynda öz beýanyny tapýar. 
Döwlet Baştutanymyzyň milli däplerimizi aýawly saklamaga ägirt uly ähmiýet bermegi netijesinde jemgyýeti ösdürmegiň maksatlaryny gazanmak üçin täze pikirleri we taslamalary medeniýet ulgamyna çekmek göz öňünde tutulýar. Bu, ilkinji nobatda, çeşmeler hakynda ýadygärlik bolup, onuň üsti bilen halkymyzyň durmuşyny many-mazmun we döredijilik ylhamy bilen baýlaşdyrýan düşünje arkaly amala aşyrylýar. 

Şu ugurda möhüm meselelere we wezipelerpe düýpli çemeleşýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik gözleginiň, medeniýet, teatr we kino işgärleriniň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeni merkezleriň işgäleriniň işinde özboluşly çözgütleriň zerurdygyny belleýär. Olar jemgyýetiň ruhy durmuşyny kemala getirmekde ähmiýeli orny eýeleýär. 

Hawa, bu gün medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde döredijilik we hünär ussatlygyny artdyrmak üçin uly mümkinçilik açylýar. Şu mümkinçilikleriň ulanylmagy bolsa türkmen jemgyýetindpe boulp geçýän oňyn özgertmeleri doly derejede şöhlelendirmäge, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmäge hem-de ýetilen sepgitler bilen öňde goýlan maksatlary deňeşdirmäge, türkmen halkynyň nobatdaky üstünliklere tarap ynamly gadamlaryny artdyrmaga ýardam etmelidir. 

Soňky ýyllarda Türkmenistanda dürli festiwallar we bäsleşlikler, şol sanda halkara derejesindäki bäsleşikler geçirilip, olara diňe ýurdumyzyň däl-de, eýsem daşary ýutlaryň sungat ussatlary we ýaş zehinleri gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri öz nobatynda daşary ýurtlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýärler. 

Milli Liderimiz öz öňünde belent makstlary goýmagy we gazanmagy başarýan ukyply nesli ösdürip ýetişdirmegiň türkmen medenietini ösdürmegiň esasy wezipesidigini belleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş we bilim özgertmeleri adamlaryň aň-paýhas kuwwatyny ýüze çykarmak hem-de zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny goldamak, ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. 

Türkmen jemgyýetinde bolup geçýän özgertmeler medeniýetiň ähli ugurlaryny-- opera sungatyndan we simfoniki sazyndan başlap, sirk we dynç alyş ulgamyna çenli ähli ugurlary gurşap aldy. Şonuň bilen birlikde, jemgyýetimizde milli medeniýetimiziň ruhy özboluşlylygyna düşünmek günsaýyn berkeýär. Onuň mirasy täze mazmuna eýe bolup, şunda döwlet Baştutanymyzyň türkmen medeniýetiniň taryhyna we özboluşlylygyna, halkymyzyň sungatyna bagyşlanan işleri aýratyn orny eýeleýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şeýle kitaplarynyň arasynda “Türkmen medeniýeti” hem-de “Ile döwlet geler bolsa...” atly işleri bar. Şol eserleriň awtorynyň belleýşi ýaly, “Adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny, onuň medeniýetini we sungatyny bilmekden başlanýar”. 

Adamyň duýgularyny diňe beýan etmek bilen däl-de, eýsem, diňleýjileriň kalbyny ruhlandyrmaga, olarda ylham joşguny döretmäge, ýagşylygy her bir ýürege ýetirmäge ukyply sazyň syrlary hakynda milli Liderimiz “Parahatçylyk sazy, dostluk we doganlyk sazy” atly kitabynda pikir ýöredýär. 

Ajaýyp sazdaky iň syrly zatlaryň biri, ähtimal, onuň özünde ynsan pikiriniň ähli baýlygyny jemlemegi bolup, onuň jadyly owazda güýçli täsire eýe bolmagydyr. Biziň ata-babalarymyzyň saza ynandyryjy terbiýe serişdesi hökmünde garamagynda geň görer ýaly zat barmy? Olaryň garaýyşlaryna görä, owazlaryň sazlaşygy kalplara has çuňňur aralaşýar. Bu pähimleri ýazan okyjylar bilen hem-de sazyň inçe syrlaryna düşünýän bilimi bilen diňleýjileri öz gözelligine maýyl edýän ajaýyp saz eserlerini döretmäge ukyply ynsan hökmünde öz oý-pikirlerini paýlaşýar. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň öňýanynda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde geçirilen döwlet konsertinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilen aýdymlar ýaňlandy. Konsertiň maksatnamasyna girizilen milli Liderimiziň aýdym-saz eserleri tomaşaçylar tarapyndan ýokary ruhubelentlik bilen kabul edildi hem-de olaryň goşulyşmagy bilen aýdymlaryň käbir ýatda galyjy setirleri gaýtalandy. 

Döwlet Baştutanymyzyň zehini, hakykatdan-da, köptaraplydyr. Milli Liderimiz möhüm ähmiýetli döwlet işleriniň köpdügine garamazdan, boş wagtyny ýazyjylyk hem-de ylmy işlere bagyşlaýar. Hormatly Prezidentimiz köpsanly taryhy, arhiw maglumatlaryny we beýleki çeşmeleri içgin öwrenmek bilen, şeýle hem sport we sungat, şol sanda aýdym-sazlary ýazmak we sungatyň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýar. 

Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan döwlet konsertinde giň diňleýjiler köpçüligine mälim bolan aýdym-sazlar ýaňlandy. Mundan ozal “Ak güllerim saňa” atly aýdym uly üstünlige eýe bolup, ol hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ýerine ýetirmeginde 2011-nji ýylda diňleýjilere ýetirilipdi. 

“Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ýokary watançylyk ruhuna ýugrulan aýdym aýratyn eser bolup, Mary şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy wagtynda belentden ýaňlandy. Onda dört müňden gowrak adam bilelikde bu aýdymy ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýagdaý Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmäge mynasyp dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy. 
Ine, bu gün Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan konsertde ýerine ýetirilen täze aýdym-saz eserleriniň golýazmalary dabaraly ýagdaýda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasyna saklamak üçin gowşuryldy. 

Çärä medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjylar we žurnalistler, aýdymçylar we sazandalar, degişli ugurdaky ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpsanly muşdaklaryň söýgüsini gazanan täze aýdymyny bilelikde ýerine ýetirdiler. 

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň aýratyn üns bermegi we goldamagy netijesinde bu gün türkmen medeniýeti täze ösüşe eýe boldy. Bu ugurdaky döwlet syýasaty jemgyýetimizi ruhy-medeni taýdan ösdürmäge, ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garamaga, türkmen halkynyň nesilden nesle geçip gelýän gadymy däpleriniň yzygiderliligine, milli däplerimiziň, ene dilimiziň özboluşlylygyny aýawly saklamaga gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipe—milletiň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek wezipesi durup, ol diňe halkymyzyň döredijilik mirasdüşerleri däl-de, eýsem, döredijilik däp-dessurlarymyzy dowam etmegi, türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap, döwrüň ruhuna gabat gelýän täze eserleri döretmegi bolup durýar. 

Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, metbugat wekilleriniň netijeli zähmet çekmegi, şu ugurlar üçin hünärmenleri taýýarlamak, ýaş zehinleri höweslendirmek we goldamak üçin iň gowy şertleri döretmäge milli Liderimiziň örän uly goşandyny bellediler. Döwlet Baştutanymyz döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, olaryň işiniň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga laýyk gelmelidir diýip belleýär. 

Medeniýeti we sungaty, ynsanperwer ulgamda halkara gatnaşyklaryny ösdürmekdäki ägirt uly aladalary üçin Türkmenistanyň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply zehinine, şol sanda sazanda, şahyr we kompozitor hökmünde zehinine buýsanç we ruhubelentlik sözleri aýdyldy. 

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň medeniýet işgärlerine, artistlere öz ylhamlaryny we ussatlyklaryny häzirki zamanyň ýagdaýlaryna döredijilik taýdan akyl ýetirmäge bolan çagyryşyna özleriniň täze taryhy eýýamyň maksatlaryny wasp edýän döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän täze eserleri döretmek bilen jogap berjekdiklerine ynandyrdylar. Şol eserler halkymyzda öz Watanyna bolan buýsanjyny artdyrýan ýaşlaryň watançylyk, ruhy-ahlak we estetiki taýdan terbiýelenmegine ýardam bermelidir. 
Bu ýere ýygnananlar onuň ajaýyp gymmatlyklaryny we yzygiderli üsti ýetirilýän täze muzeý gymmatlyklaryny ýene-de bir gezek synlamak mümkinçiliginden peýdalandylar. 
Mysal üçin, ýygy-ýygydan üsti täzelenýän gymmatlyklaryň jemlenýän ýeriniň biri Prezident muzeýidir. Ol Döwlet medeniýet merkeziniň umumy muzeýler toplumyna girýär. Bu ýerde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhy şöhlelendirilýär. Muzeýiň gymmatlyklaryndan ösüşlere beslenen özgertmeler, ýurdumyzyň ykdysady toplumyny döwrebaplaşdyrmak, hukuk we durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, şol sanda ylym we bilim ulgamyny özgertmek, medeniýeti we sungaty, sporty we syýahatçylygy ösdürmek, türkmenleriň däplerini saklamak we dowam etmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler barada aýdyň düşünje almak bolýar. 
Ýörite gurnalan enjamlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident wezipesine resmi taýdan girişmeginiň wakalary beýan edilen şekiller—ak keçe, düýe ýüňünden saçak hem-de peýkamlar salnan gap görkezilýär. Olar gadymy döwürlerden bäri türkmenler üçin hoşniýetli ýola ak patany, abadançylygy we berekedi, agzybirligi we jebisligi alamatlandyrýar. 
Milli Liderimiziň durmuş ýoly baradaky maglumatlar muzeýe gelýänlerde aýratyn gyzyklanma döredýär. Döwlet Baştutany barada şunuň ýaly jikme-jik maglumaty dünýäde hemme ýerde görmek mümkin däl. Olarda arhiw fotosuratlar, resminamalar, alym G.Berdimuhamedowyň bilimi we ylmy-barlaglary, kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalary baradaky diplomlaryň asyl nusgalary görkezilýär.
Muzeýiň aýry-aýry bölümleri halkara hyzmatdaşlygyna hem-de ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgeleriniň esasy ugurlaryna bagyşlanypdyr. Bu ýerde şeýle hem amaly-haşam sungatynyň ajaýyp önümleri, halylar, kitaplar, köpdürli sowgatlyk önümler—daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary we işewür toparlaryň wekilleri tarapyndan türkmen Liderine hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çuňňur hormat goýmagyň nyşany hökmünde sowgat berlen ajaýyp sungat eserleri görkezilýär. 
Bular suratlarda, halylarda, resminamalarda, ýadygärlik sowgatlyklarda, halk senetçiliginiň önümlerinde beýan edilen Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň ösüşiniň uly wakalarydyr. Olaryň ählisi bahasyz taryhy gymmatlyklar hökmünde-de, ajaýyp sungat eserleri hökmünde-de uly gyzyklanma döredýär.
Zalda görkezilýän wideoşekiller türkmen döwletiniň durmuşyndaky hemme ähmiýetli wakalary janlandyrýar. Şeýlelikde, bu ýerde jemlenilen resmi we fotomateriallar häzirki wagt hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeleriniň netijesinde döwprebap zawodlar we fabrikler, ulag geçelgeleri, senagat düzümleri bilen täze durmuş gelýän ýurdumyzyň alys künjeklerine syýahata gitmezden, ýurtda bolup geçýän wakalar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.