28 Kasım 2016 Pazartesi

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri Hyzmatdaşlygyň Täze Ýoluny Açdylar

Ymamnazar demir ýol bekedinde transmilli polat ýoluň – Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Gatnawlaryň sebit ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrüljek Atamyrat–Ymamnazar  Akina täze ýoluň işe girizilmegini alamatlandyrýan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.
Ozal habar berlişi ýaly, owgan Lideri Türkmenistana sapar bilen geldi we 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşdy. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyz bilen duşuşdy. Onda taraplar iki goňşy döwletiň we doganlyk halklaryň däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirilip, aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan meselä öwrüldi. Iri energetika taslamasy bolan bu gaz geçiriji oňa gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň halklaryna we umuman, tutuş sebite abadançylyk getirmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek babatdaky taslamalaryň, şol sanda Aziýa halkara ulag geçelgesini döretmek babatdaky başlangyçlaryň hem durmuş-ykdysady taýdan uly netije bermegine garaşylýar. Şol ugur geljekde Hytaýyň demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň depginli ösýän döwletlerine çykar. Şunuň bilen baglylykda, Atamyrat-Ymamnazar -Akina täze demir ýolunyň ulanylmaga berilmeginiň taryhy ähmiýeti nygtaldy.
Bu demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen, iki döwletiň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, olaryň häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagy üçin täze mümkinçilikler dörediler.
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Türkmenabat şäherinden “Ymamnazar” bekedine, demir ýoluň açylýan ýerine bardy.
Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre şu ugur boýunça Owganystanyň Prezidenti ugrady.
Demir ýol bekedinde hakyky baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Milli Liderimiziň dikuçary onuň golaýynda gondy. Hemmeler ýurdumyzyň iň täze taryhyna aýdyň sahypalar bolup ýazyljak waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Dabaranyň geçirilýän ýerini Türkmenistanyň we Owganystanyň Döwlet baýdaklary, iki döwletiň Baştutanlarynyň suratlary ýerleşdirilen uly pannolar bezedi.
Milli lybasly gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli mübäreklediler. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň wekilleri, onlarça döwletleriň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Ýurdumyzyň döredijilik toparlary şanly waka mynasybetli özleriniň döredijilik sowgadyny – köpöwüşginli aýdym-sazly we tansly çykyşlaryny taýýarladylar.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda “Ymamnazar” demir ýol bekediniň toý bagyny kesip, binanyň içine girýär we VIP –zala tarap ugraýar.
Şondan köp wagt geçmänkä-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Ganiniň münüp gelen dikuçary gonýar. Milli lybasly oglan we gyz oňa gül desselerini gowşurýarlar.
Belent mertebeli myhman demir ýol bekediniň VIP-zalyna geçýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini mähirli garşylaýar.
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri milli baýdaklaryň öňünde surata düşdüler.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary bu ýerde özara söhbet etdiler. Onuň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi, täze demir ýol ugrunyň şol gatnaşyklaryň ýygjam häsiýete eýe bolmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygy barada gürrüň edildi.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy bellenilip, ýurdumyzyň sebitiň döwletlerine, aýratyn-da, goňşy Owganystana hemmetaraplaýyn goldaw bermek, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam berýän giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere ähmiýet berýändigi aýdyldy.
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda öz ýurduna berilýän kömek-goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze demir ýol ulgamynyň diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, sebitiň döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde, Owganystanyň ykdysady taýdan galkynmagynda möhüm ähmiýetiniň bardygyny uly guwanç bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasatynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ýurduň Bitaraplyk derejesiniň kadalaryna laýyklykda ösdürilýändigini aýdyp, bu ýörelgeleriň mundan beýläk-de kämilleşdiriljekdigine, sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň möçberli çäreleriň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra iki ýurduň Baştutanlary täze “Ymamnazar” demir ýol bekediniň nobatçy-dispetçer otagyna geldiler.
Bu ýerde dispetçerçilik gullugynyň işgäri bölümiň enjamlaşdyrylyşy, onuň alyp barýan işleriniň aýratynlyklary we bu ýerde ornaşdyrylan täzeçil usullar barada gürrüň berdi hem-de döredilen oňyn mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.
Döwlet Baştutanlary ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň “Ymamnazar” demir ýol bekediniň gümrük bölümine bardylar we onuň işi, bu ýerde oturdylan döwrebap enjamlaryň artykmaçlyklary, şeýle hem gelýän ýükleriň barlagynyň kompýuterleşdirilen usullar arkaly ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar.
Nobatçy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-owgan serhedinden geçirilýän ýükleriň möçberleri barada hasabat berdi. Täze ýoluň ulanmaga berilmegi bilen, olaryň möçberi artar. Monitorda iberilýän ýükler baradaky maglumatlar, eksport, import we wagon – konteýnerlerde üstaşyr ýükleriň hereketine gözegçilik ulgamynyň işi görkezildi.
Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana üstaşyr geçirilýän ýükler barada hem maglumatlar beýan edildi. Olaryň möçberi 2016-njy ýylyň on aýynda tutuş 2015-nji ýylyň görkezijisinden ýokary boldy we 278,4 müň tonna barabar boldy. Şunda ýükleriň aglaba bölegi demir ýol arkaly daşaldy.
Habar berlişi ýaly, bu ýükleriň düzüminde nebit önümleri agdyklyk edýär, soňra hojalyk we azyk harytlary, ulag serişdeleri we enjamlary, gurluşyk materiallary gelýär. Sebitiň döwletleri babatda Türkmenistan Owganystana demir ýol arkaly gelýän ýükleriň ählisiniň 75 göterimini bu ýurda iberilmegini üpjün edýär.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilende Türkmenistandan Owganystana iberilýän dürli ýükleriň möçberi hem artyp, 2016-njy ýylda 1,4 million tonnadan gowrak boldy. Olaryň esasy bölegi nebit önümleri we suwuklandyrylan gazdyr. Goňşy ýurda türkmen bugdaýy we bugdaý uny, karbamid we beýleki harytlar hem iberilýär.
Umuman, türkmen demir ýollary arkaly şu ýyl eksport – import ýükleriniň 3 million tonnadan gowragy daşaldy. Şunda Eýran, Owganystan, Russiýa, döwletimiziň esasy söwda hyzmatdaşlary bolup durýar.
Gümrük gullugynyň nokadyndan başga-da, “Ymamnazar” bekedinde iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan weterinariýa we sanitar gözegçiliginiň bölümleri bar.
Soňra döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Mohammad Aşraf Ganiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň “Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan)” böleginiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugradylar.
Türkmen we owgan Liderleriniň barýan ýolunyň tutuş ugrunda, birnäçe kilometriň dowamynda milli äheňdäki baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy, şol ýerde ak öýler gurnaldy, folklor toparlary çykyş etdiler. Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär, halk dessurlarynyň äheňleriniň esasynda şadyýan sahnalar ýaýbaňlandyryldy.
Bu uly etnografiki kompozisiýa bäş bölümi birleşdirýär. Teatrlaşdyrylan sahna ekerançylyk mowzugyndan başlanyp, öňki döwürlerde oba hojalyk önümçiliginiň alnyp barlyşy, meýdanlaryň özleşdirilişi, hasylyň ýygnalyşy, azyk önümleriniň taýýarlanylyşy beýan edildi. Soňra maldarçylyk ulgamy görkezildi. Çarwadarlaryň däp bolan ýaşaýyş-durmuşy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ýüňüň egrilişini, keçäniň we halynyň taýýarlanylyşyny görmek bolýar.
Soňra köpsanly dabara gatnaşyjylar gelinalyjy dessuryna tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar. Köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, häzirki wagtda hem bu özboluşly we täsin däp-dessurlar özüniň ruhy-medeni köklerine hem-de gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Ýaýbaňlandyrylan köpöwüşginli gündogar bazary hem ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Bu ýerde halk senetleriniň köp önümleri görkezilýär, senetçileriň ussahanalary ýaýbaňlandyryldy. Kimdir biri azal, beýleki biri bolsa saz gurallaryny ýasaýar, söwdagärler telpekleriň hem-de tahýalaryň, durmuşda ulanylýan zatlaryň söwdasyny edýärler, owadan ýüpek matalar, nagyşlanan gap-gaçlar hem-de küýzeler gözüňi dokundyrýar. Olaryň golaýynda türkmenleriň deňsiz-taýsyz haly önümleri we şaý-sepler bar. Sazyň muşdaklary bagşylaryň hoş owazly aýdymyny üns bilen diňleýärler. Şeýle hem şol ýerde pälwanlar tutluşýarlar we şadyýan milli oýunlar ýaýbaňlandyryldy.
Ýoluň ugrunda, serhede çenli uzalyp giden baýramçylyk çykyşlary türkmen toýy bilen tamamlanýar, aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär, köpsanly gazanlarda milli tagamlar taýýarlanylýar, bolelinligiň alamaty hökmünde saçaklar giňden ýazylýar…
Şeýle dabaralara gatnaşýan çapyksuwarly ahalteke bedewleriniň öňe okdurylyp gitmegi bolsa täze durmuşyň depginini hem-de okgunlylygyny alamatlandyrýar.
Türkmenler hemişe diňe bir şatlykly maşgala dabaralaryny däl, eýsem, köpçülikleýin, jemgyýetçilik ähmiýetli işleriň, mysal üçin, ýollaryň, köprüleriň, akabalaryň, beýleki iri desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli wakalary uly toý hökmünde belläp gelýärler. Türkmenistanyň Atamyrat şäherinden Owganystanyň Akina diýen ilatly ýerine çenli täze demir ýoluň hem-de degişli düzümiň gurluşygynyň tamamlanmagynyň hormatyna hem şu gün uly toý tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän bu taslama Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edaralary tarapyndan amala aşyryldy. Çölüň kyn howa şertlerinde bu ýoly özleşdirmek üçin uly tagallalar we serişdeler gerek boldy. Bu ýerde şeýle hem düzümleýin desgalar, lokomotiw depolary guruldy, goşmaça hem-de gapdal ýollar we beýleki desgalar bina edildi.
Türkmen ýol gurluşykçylarynyň ygtyýarynda döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň bolmagy, işleriň sazlaşykly guralmagy bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Halkara demir ýol gatnawlarynyň kuwwatyny artdyrmakdan başga-da, täze polat ýollar içerki çäkleri okgunly ösdürmäge hem ýardam edýär. Döwrüň görkezişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollar Türkmenistanyň baýlyklaryny çalt depginler bilen özleşdirmäge hem-de olardan rejeli peýdalanmaga ýardam etdi, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm orny eýeledi.
Täze ýollar bilen birlikde, çöldäki sebitlere suw we elektrik togy gelýär, aragatnaşyk ulgamlary çekilýär, ýaşaýyş jaýlary hem-de durmuş maksatly desgalar gurulýar. Türkmen hünärmenleri demir ýoluň Ymamnazardan Owganystanyň Akina diýen ýerine çenli bölegini hem gurdular.
Iki ýurduň okgunly ösýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şeýle hem täze bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine, iri durmuş meseleleriniň, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli çözülmegine kuwwatly itergi berer, maýa serişdelerini çekmäge ýardam eder, Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsir eder.
…Biraz wagtdan soň, iki doganlyk halkyň Liderleri bellenilen ýere barýarlar. Çagalar döwlet Baştutanlaryna gül desselerini gowşurýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşyna tomaşa edýärler. Dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerinde öz beýanyny tapan döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygy köpöwüşginli çykyşlaryň esasyny düzdi.
Soňra döwlet Baştutanlary dabaranyň geçirilen ýerinde gurlan çadyra tarap ugraýarlar. Ýoluň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar we myhmanlar hem bu ýere ýygnandylar.
Çadyryň özi ägirt uly sekizgyraňly ak öýüň görnüşinde gurlupdyr, onuň içiniň diwarlaryny Türkmenistanyň bäş welaýatynyň uly gölleri bezeýär.
Alyp baryjylar türkmen we dary dillerinde dabarany açyk diýip yglan edýärler. Gutlag sözleri hem-de täze polat ýoluň halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň, dostlugyň we doganlygyň gülläp ösmeginiň ýoluna öwrülmegi üçin arzuwlar aýdylýar.
Ýygnananlara Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ähmiýetine bagyşlanan wideorolik görkezildi. Dolandyrylýan çyralaryň 500-sinden hereket edýän şekilleriň döredilmegi hem-de şekiliň multimediýa usulynda görkezilmegi ýokary tehnologiýaly tanyşdyryş dabarasynda täzelik bolup, köpsanly daşary ýurt myhmanlarynda aýratyn täsir galdyrdy. Iki minutlyk şüweleňde howada, edil heýkellere meňzeş şekiller döredildi. Olary diwarlarda, polda we potolokda hem görmek bolýar. Ilki bilen damja peýda bolýar, soňra şöhleden haly dokalýar, onda göller emele gelýär we bularyň ählisi alyslara uzalyp gidýän demir ýola öwrülýär…
Wideoşekiller däp bolan türkmen gölleriniň şekillerindäki ekranlarda görkezildi. Onuň şekilleri hatda daşky giňişligi hem gurşap alyp, göýä, wideoşekilleriň üçünji ölçegini döreden ýaly boldy. Wideoşekil taryha, gadymy döwürlere, ýurdumyzyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň geçen döwürlerine syndan başlandy. Ol üç bölekden ybarat boldy.
Onuň birinji böleginde Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda ulag ulgamynda, hususan-da, demir ýol pudagynda gurlan desgalara syn berildi. Bu ýerde şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen paýtagtyndaky Halkara howa menziliniň, Türkmenbaşydaky deňiz portunyň, Aşgabat – Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň we beýleki desgalaryň gurluşygy ýaly ägirt uly taslamalaryň amala aşyrylyşy görkezildi. Wideoşekiliň bu görnüşiniň mazmuny häzirki döwürde Türkmenistanyň Ýewropany we Aziýany birleşdirýän möhüm logistiki merkezdigini aýdyňlyk bilen beýan edýär.
Roligiň esasy bölegi Aziýa halkara demir ýol geçelgesine, onuň sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetine bagyşlanýar. Taslama gatnaşýan döwletleriň täze bazarlara çykmak mümkinçiligine eýe bolýandygy, mundan başga-da, Owganystan üçin durmuş-ykdysady taýdan ösmek, täze şäherleri, kärhanalary gurmak, iş orunlaryny döretmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy beýan edilýär. Türkmenistanyň esasy wezipesi bolsa goňşy ýurtlara dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna ýardam etmekden ybaratdyr. Milli ykdysadyýet barada aýdylanda bolsa, täze ýol Lebap welaýatynyň senagat taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.
Kartada Aziýa demir ýol geçelgesiniň Hytaýa, Hindistana, Pakistanyň deňiz portuna çykmak arkaly açýan ýollary aýdyň görkezilýär. Wideoşekiliň şu böleginde Aziýa geçelgesine goşulmak arkaly yklymyň ýurtlarynyň ulag ulgamlaryny baglanyşdyryp biljek esasy ugurlar görkezilýär. Wideoroligiň üçünji böleginde demir ýoluň Atamyrat-Ymamnazar-Akina bölegi, onuň gurluşygynyň barşy, düzümleýin desgalary, şeýle hem Owganystana çekilen elektrik geçirijileri, nebit önümleri saklanýan terminalyň gurluşy barada gürrüň berilýär. Bu ýerde gürrüň täze polat ýol arkaly Lebapda öndürilýän sementi, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda çykarylýan önümleri we beýlekileri ibermegiň mümkinçilikleri barada barýar.
Wideorolik görkezilenden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Şu gün biz sebitiň örän möhüm taslamasy bolan Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň  Atamyrat–Ymamnazar  Akina böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz täze demir ýoluň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 5-nji iýunynda goňşy doganlyk Täjigistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda badalga berlendigini ýatladyp, geçen döwürde türkmen demirýolçularynyň tutanýerli zähmeti netijesinde köp işleriň edilendigini belledi.
Uzynlygy 88 kilometr bolan ýoluň ugrunda 256 we 363 metre barabar iki sany uly köpri guruldy. Gülüstan we Ymamnazar menzilleri, täze beketler hem-de zerur bolan tehniki we durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi işe girizildi.
Beýik ýüpek ýoluny täzeden dikeldýän bu ýol, nesip bolsa, berkarar döwletimiziň ulag-üstaşyr geçiriş kuwwatyny has-da artdyrar. Ýewropa, Aziýa  Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ugry boýunça örän möhüm halkara geçelgesine öwrüler. Sebitiň döwletleri bilen netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berer. Millionlarça adamlaryň bähbitlerine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga hyzmat eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň içinde döwletimiziň ulag üpjünçilik ulgamlary çalt depginler bilen ösdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Pudagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, gysga wagtyň içinde iri halkara taslamalary amala aşyryldy. Netijede, ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglary arkaly amatly we howpsuz, halkara ulag geçelgeleri döredildi. Bu bolsa, sebitde durnukly ösüşi – halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň ösmegini, syýasy-medeni hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda-haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artmagyny üpjün edýär.
GazagystanTürkmenistanEýran halkara demir ýol geçelgesi hem şeýle taslamalaryň biridir. Merdana türkmen demirýolçulary bu möhüm taslamany üstünlikli durmuşa geçirmegi başardylar diýip, milli Liderimiz nygtady. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry bu aýdylanlara ýene-de bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.
Täze demir ýoluň gurulmagy bilen, Owganystanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Pakistanyň we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlary üçin giň mümkinçilikler açylýar. Eýrana, Gazagystana, Russiýa Federasiýasyna, Azerbaýjana we Ýewropa ýurtlaryna iberilýän ýükleriň artdyrylmagyna amatly şertler döredilýär.
Şeýle hem Türkmenistany Ýewraziýa sebitinde «polat ýollaryň» uly çatrygyna, iri ulag-üstaşyr merkezine öwürýär.
Dostluk we hyzmatdaşlyk ýoluna öwrüljek bu taslamanyň geljegi örän uludyr. Ol Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly, iri halkara we sebit guramalarynyň derejesinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam eder. Sebitimizi Ýewraziýanyň günortasynda durnukly ösüşi üpjün etmekde berk ulgam, geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, möhüm ähmiýeti bolan iri ulag-üstaşyr çatrygy hökmünde öňe çykarar.
Ösen ulag-üstaşyr düzümlerini döretmek biziň ileri tutýan strategik wezipämizdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şoňa görä-de, ýakyn günlerde sebitiň iri inženerçilik taslamalarynyň ýene-de biri bolan Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň hem ulanmaga beriljekdigini habar berdi.
Milli Liderimiz häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilýändigini, türkmenistanlylaryň asuda we abadan durmuşyny üpjün edýändigini nygtap, goňşy ýurtlaryň ykdysadyýetini hem-de durmuş düzümini ösdürmäge hem mümkinçilik berýändigini belledi.
Şu gün AtamyratYmamnazar  Akina halkara demir ýolunyň açylan senesi hökmünde taryha ebedilik girer.
Bu ýol ykdysady bähbitlerden başga-da, döwletleriň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem uly ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hemmeleri şu günki şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady we taslama gatnaşýan ýurtlaryň doganlyk halklaryna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä söz berilýär, ol çykyşynyň başynda Türkmenistanyň Prezidentine şu günki taryhy waka mynasybetli türkmen dilinde hoşallygyny beýan etdi.
Belent mertebeli myhman ulag ýollarynyň ähli görnüşlerini – deňiz we gury ýer, ulgamy emele getirýän demir ýollaryny sazlaşykly ösdürmek nukdaýnazaryndan Türkmenistan üçin, Owganystan üçin, tutuş Aziýa, tutuş dünýä üçin hem şu günki taryhy wakanyň möhümdigine ünsi çekdi. Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýada uly özgerişlikleriň bolup geçjekdigini aýtdy diýip, Aşraf Gani sözüni dowam edip, şol özgerişlikleriň bolmagyna Türkmenistanyň guran täze demir ýoly hem ýardam eder diýip belledi.
Owgan halky doganlyk döwletiň ýöredýän, uly netijeleri getirýän oýlanyşykly daşary syýasatyna ýokary baha berýär, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hormat we buýsanç duýgusy bilen garaýar. Onuň üstünliklerini öz ýeňişleri hökmünde kabul edýär. Çünki oňat goňşuly bolmak uly bagtdyr, Türkmenistan bolsa biz üçin hoşniýetli goňşy we ygtybarly dost bolup durýar diýip, Owganystanyň Baştutany belledi.
Siziň döwletiňiz gysga döwrüň içinde tutuş Aziýa üçin üns merkezine öwrüldi, başy başlanan beýik işler üstünlikli dowam eder hem-de goňşy döwletlere hem uly peýda getirer diýip, Prezident Mohammad Aşraf Gani belledi. Şu gün biz Türkmenistan-Owganystan demir ýoluny seplemek dabarasyna gatnaşýarys. Geljekde bolsa bu ýol Akinadan Hindistana çenli, soňra Günorta Aziýa çenli baryp ýeter.
Owgan Lideri türkmen demir ýolçularyna çäksiz hoşallyk bildirip, olaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda çeken zähmeti uly tarypa mynasypdyr diýip belledi.
Biz öňde goýan maksadymyza ýetdik hem-de ýene öňe gitmegi maksat edinýäris diýip, Prezident Mohammad Aşraf Gani belledi. Indi biziň esasy wezipämiz owgan welaýatlarynyň arasynda ýollary gurmakda jemlenýär. Geljekde şeýle ýollar Turgunda we Bathyza barar.
Şu günki waka hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň biziň sebitimizi düýpli özgertmäge gönükdirilen syýasatynyň netijesidir. Türkmen Lideriniň başyny başlaýan taslamalary tebigy gazyň Siziň ýurduňyzdan Pakistanyň we Hindistanyň sarp edijilerine baryp ýetmegine mümkinçilik döredip, adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirer we gowulandyrar. Taslamalaryň ýene-de biri elektrik energiýasyny Owganystana we Pakistana ibermegi göz öňünde tutýar. Olaryň amala aşyrylmagy Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetini berkidip, ýagtylyk we ýylylyk alyp geler.
Owganystanyň Baştutany şu gün taryhy ähmiýetli gündür, bu gün sebitiň durnukly ulag ulgamynyň düýbi tutuldy diýip belledi. Belent mertebeli myhman çykyşyny “Ýaşasyn Türkmenistan we Owganystan dostlugy!” diýen sözler bilen jemledi.
Soňra “Ymamnazar” bekedini adybir gümrük nokadynda gurlan hem-de şu gün işe girizilýän täze nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan terminal bilen ýörite teleköpri arkaly birleşdirýän göni alyp görkeziliş başlanýar.
Terminalyň hünärmeni teleköpri arkaly hormatly Prezidentimizden bu möhüm desgany işe girizmek üçin ak pata bermegi haýyş edýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow terminalyň açylyşyna ak pata berýär. Onda işiň alnyp barlyşy şol ýerdäki monitorlarda göni ýaýlymda görkezilýär we täze desga barada maglumatlar berilýär.
Döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy terminala bir wagtyň özünde nebit önümleriniň 540 müň tonnasyny ýa-da bir gije-gündizde 2 müň tonna ýangyç serişdelerini kabul etmäge, saklamaga we ugratmaga mümkinçilik berýär.
Şol ýerde dabara gatnaşyjylara ýörite gurnalan monitorlarda ýangyç daşaýan wagonlar arkaly terminala nebit önümleriniň getirilişi we kabul edilişi, şeýle hem nebit önümleriniň owgan serhedinde ýangyç daşaýan ýük awtoulaglara ýüklenilişi görkezilýär.
Soňra dabarany alyp baryjylar döwlet Baştutanlaryny Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň “altyn birikmesini” berkitmäge çagyrýarlar.
…Taryhy pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri türkmen-owgan serhediniň geçýän ýerinde demir ýoluň “altyn birikmesini” berkitmek dabarasynyň geçirilýän ýerine barýarlar.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşraf Gani demir ýoluň “altyn birikmesindäki” nurbady towlaýarlar.
“Altyn birikme” berkidilen badyna täze ýol boýunça otly ýöräp ugrady.
Türkmenistanyň we Owganystanyň Liderleri ýükli demir ýol düzüminiň Owganystanyň çägine geçişini synlaýarlar.
Otlynyň düzümi türkmen önüm öndürijileriniň önümleri ýüklenen 46 wagondan ybarat bolup, olaryň onusyna un, şonça möçberdäkisine däne (hersinden 680 tonna) we ýene-de 10-syna sement ýüklenildi. Beýleki ýükleriň hatarynda kükürt, karbamid bar. Süýji-köke önümleri aýratyn ýük boldy.
Häzirki zaman şertlerinde ulag-aragatnaşyk düzümi milli, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän we ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýe bolan ýurduň baştutany bolmak bilen, ulag ulgamynda iri möçberli taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady. Bu taslamalar ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir.
Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň gurluşygy hem doganlyk Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine, onuň sebit we halkara hyzmatdaşlygyna giňden goşulyşmagyna ýardam bermelidir.
Demir ýoluň bu bölegi biziň ýurdumyz üçin hem uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu ýerde, Lebap welaýatynda iri senagat merkezi döredilýär. Bu sebitde ägirt uly senagat kärhanasy – kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurulýar. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalar babatda bu önümçilik toplumyna möhüm orun degişlidir. Bu ýokary tehnologiýaly kärhananyň ulanmaga berilmegi täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer, Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegi üçin giň mümkinçilikleri açar. Garlygyň kaliý duzlaryna baý bolan ýatagy bu kärhana üçin çig mal binýady bolup hyzmat edýär.
Soňra döwlet Baştutanlary taryhy waka mynasybetli toý sadakasynyň geçirilýän ýerine tarap ugradylar.
Ýolugrunda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri iki doganlyk halkyň özboluşly medeni we sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik berýän sergini uly gyzyklanma bilen synlaýar. Sergide dürli çeperçilik senetleriniň ussatlarynyň täsin önümleri we eserleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri – sünnälenip dokalan halylar, milli şaý-sepler we beýleki zatlar görkezildi.
Sergide muzeý gymmatlyklaryna – etnografiki gymmatlyklara hem-de nakgaşlyk suratlaryna mynasyp orun berildi. Bu ýerde şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň işleri, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda giňden taýýarlyk görülýän Aziada-2017-niň nyşany şekillendirilen dürli sowgatlyk önümleri goýuldy.
Sergide türkmen we owgan milli saz gurallaryny görmek, olaryň owazyny diňlemek üçin mümkinçilik döredildi. Halk sazandalary şol gurallarda ussatlyk bilen ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler.
Mundan başga-da, serginiň aýry-aýry bölümlerinde ýurdumyzyň dürli tebigy serişdeleri we peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary, Türkmenistanyň senagat zawodlarynyň we dokma fabrikleriniň çykarýan önümleri görkezildi.
Onuň golaýynda ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ak öýleri ýerleşdirildi, şol ýerde dürli tagamlar taýýarlanyldy. Her bir sebite mahsus bolan aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ak öýleriň öňünde üstüne haly düşelen sekiller ýerleşdirildi. Bu ýerde gadymy däp-dessurlar janlandyryldy, el işleri görkezildi.
Toý sadakasy tamamlanandan soň, milli dessura görä, doga-dileg edildi.
Soňra Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri özlerine garaşyp duran otla tarap ugraýarlar. Otly türkmen-owgan serhedinden goňşy ýurduň çäginde ýerleşen Akina demir ýol bekedine tarap ugraýar. Döwlet Baştutanlary bu ugur boýunça otlynyň ilkinji ýolagçylary boldular.
Bu ýerde döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda “Akina” demir ýol bekediniň toý bagyny kesýärler.
Soňra dabaralar zalynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri söz sözlediler.
Akinada geçirilen dabaralaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iki goňşy halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin Owganystanyň iň ýokary sylaglarynyň biri bolan “Gazy Mohammad Akbar Han” atly Döwlet medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani dostlarça hoşlaşyp, birek-birege parahatçylyk, abadançylyk we goňşy halklara gülläp ösüş arzuw edip, täze mümkinçilikler açylýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Baştutany dikuçarda demir ýoluň “Akina” bekedinden Türkmenabat şäherine ugraýar.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gaýdyp geldi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder