18 Kasım 2016 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagatynda innowasion esasda elektron pudagy döretmek we ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat ministrligine elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaba alyjy elektron abzallary öndürýän önümçilik we barlaghana enjamlar toplumlaryny hem-de elektron abzallaryň şaýlaryny satyn almak, olary gurnamak hem-de işe goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde işleri pes derejede alyp barandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamämmedow Bäşimmyrat Atamyradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder