24 Kasım 2016 Perşembe

Türkmenistanda Efiopiýanyň Ilçisi Işläp Başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýalew Gobeze Worknehden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasynda däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de tutuş türkmen halkyna hoşniýetlilik we abadançylyk baradaky iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.
Diplomat parahatçylyk söýüji syýasaty hem-de ösüşlere beslenen başlangyçlary bilen uly halkara abraýyna mynasyp bolan Bitarap Türkmenistanda öz ýurdunyň ilçisi bolmagy hormat hasaplaýandygyny nygtady we iki döwletiň üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegi üçin ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.
Söhbetdeşligiň barşynda myhmana Türkmenistanyň içeri we daşary syýasat ýörelgesiniň esasy ugurlary, milli Liderimiziň başlangyçlary boýunça we ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan uly durmuş-ykdysady özgertmeler, iri möçberli taslamalar, şol sanda baş maksady türkmenistanlylaryň, sebitiň halklarynyň abadançylygyny gazanmakdan ybarat bolan transmilli taslamalar barada giňişleýin gürrüň berildi.
Döwletimiziň yzygiderli ösüşine, dünýäniň ykdysady we maglumat giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna, durmuşyň hemme ugurlaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam berýän bilim we ylym ulgamlaryndaky özgertmelere aýratyn üns berildi.
Efiopiýanyň ilçisi türkmen parlamentiniň düzümi hem-de kanun çykaryjylyk işi, halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň tejribesi bilen-de tanyşdyryldy.
Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar hem-de syýahatçylyk we sport hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy.
***
Şu gün Efiopiýanyň doly ygtyýarly wekili Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde döwrüň ýagdaýlaryna hem-de özara bähbitlere kybap gelýän türkmen-efiopiýa gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri boýunça netijeli pikir alşyldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder