23 Kasım 2016 Çarşamba

Stambulda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Resmi Agşamlyk Nahary Berildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) tarapyndan, 2016-njy ýylyň 14-nji noýabrynda Stambul şäherinde ýerleşýän Swissotel Bosphorus myhmanhanasynyň Fuji Ballroom zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli resmi agşamlyk nahary berildi. Resmi agşamlyk nahary türkmen talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen milli tanslar we Türkmenistan döwletimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler bilen tanyşdyrýan wideo-şekilli görnüşler bilen utgaşdyryldy. Dabaraly baýramçylyk çäresine Stambul welaýatynyň häkiminiň orunbasary, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Baş konsullyklaryň we Halkara guramalaryň wekilleri, dürli jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Türkiýe Respublikasynda ýaşaýan we okaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasy mynasybetli dürli guramalar tarapyndan iberilen gül desseleri dabaranyň geçiriljek zalynyň girişini bezedi. Çäräniň boljak ýerinde Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Dabara gatnaşyjylar sergide ýerleşdirilen mahabatlandyryjy materiallar hem-de Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri wagyz edýän žurnallar, aýratyn-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan žurnalyň ýörite sany bilen tanyşdylar.
Dabaranyň başynda, Türkmenistan döwletimiziň hem-de Türkiýe Respublikasynyň milli senalary ýaňlandy. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsulynyň çykyşy bilen dabaraly baýramçylyk çäresi açyk diýlip yglan edildi. Çykyşda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda ýetilýän sepgitler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmak üçin alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary barada durlup geçildi. Soňra Stambul welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ismail Gültekine söz berildi. Häkimiň orunbasary ähli Türkmenistanyň raýatlaryny Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlady we Türkmenistanyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini arzuw etdi. Çäräniň dowamynda, Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli liderliginde gülläp ösýän döwletimiziň ähli pudaklarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy, 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ähliumumy maslahaty we 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary barada habar beriş serişdelerinde wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça degişli ýardam beren metbugat we bilim işgärlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli plaket sylaglary gowşuryldy.
Sylaglaryň gowşurylmagyndan soňra agşamlyk naharyna geçildi. Resmi agşamlyk naharynda dürli naz-nygmatlar hem-de türkmen halkymyzyň myhmansöýerliginiň ajaýyp nusgasy hökmünde, milli naharlarymyz bolan türkmen palawy we türkmen ýarmasy myhmanlara hödür edildi. Baýramçylyk çäresi Türkmen talyplarynyň ýerine ýetiren milli tanslary we Türkmenistan döwletimiziň gazanýan üstünliklerini mahabatlandyrýan wideo-şekilli görnüşler bilen dowam etdi. Resmi baýramçylyk dabarasy örän joşgunly häsiýete eýe boldy. Dabara gatnaşyjylar resmi agşamlyk naharyna çagyrylandyklary üçin hoşallyklaryny bildirmek bilen, Türkmenistan döwletimize hem-de Türkmen halkyna asuda durmuş we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdiler.
Çeşme:  istanbul.tmconsulate.gov.tm


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder