21 Kasım 2016 Pazartesi

Hepdäniň Wakalary

Hepdäniň Wakalary Parahatçylyk, Dostluk we Hyzmatdaşlyk Ýörelgelerine Eýerip.
Dünýäniň dürli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň öňyn Bitaraplyk, parahat söýüjiilk ýörelgelerine hem-de işjeň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan «açyk gapylar» syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene bir subutnamasydyr.
14-15-nji noýabrda Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň biziň ýurdumyza bolan resmi sapary muňa aýdyň mysal bolup durýar. Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny hem-de ony ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara syýasatyň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Abraýly düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň çäklerinde dünýäde howpsuzlygy pugtalandyrmakda,durnuklylygy saklamakda we yzygiderli ösüşi üpjün etmekde bilelikde hereket etmäge aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gurallarynyň has netijeli işlemegini gazanmagyň zerurdygy barada aýdyp, Türkmenistanyň barha ösýän eksport kuwwatyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de iki ýurduň işewürleriniň we telekeçileriniň göni gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen türkmen-palestin işewürler maslahatyny geçirmek teklibini öňe sürdi.
Medeni gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri gepleşikleriň möhüm bölegi bolup, 2017-nji we 2018-nji ýyllarda döwletleriň ikisinde hem Medeniýet günlerini geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Şeýle hem türkmen-palestin gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylym hem-de bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk pudaklary görkezildi.
Gazanylan ylalaşyklar Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň Bilelikdäki beýannamasynda hem-de hökümetara resminamalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapdy. Olaryň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Palestina Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk, Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalaryň dördüsi, olaryň ikisi Hökümetleriň arasynda Ýokary bilim we syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen Palestinanyň Maýa goýumlara ýardam etmek agentliginiň arasynda we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Palestina döwletiniň Söwda edarasynyň arasynda baglaşylan Ähtnamalardyr.
Şeýle hem Prezident Mahmud Abbas Mejlisde duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda hyzmatdaşlygyň kuwwaly we geljegi iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda has ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyklygy barada pikir alşyldy.
Sapara gabatlanyp, türkmen paýtagtynda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň açylyşy boldy. Bu waka ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň häzirki gazanylan derejesiniň beýanyna, döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň Russiýanyň «BTK Holding» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Taýmuraz Bolloýew we «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň başlygy Erman Ylyjak bilen geçen hepde bolan duşuşygynda işjeň hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy. Myhmanlar öňdebaryjy tejribäni hem-de iň täze tehnologiýa işläp düzmelerini ulanmak bilen dürli ulgamlarda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak barada tekliplerini aýtdylar.
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň dört günlük mejlisi boldy. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi sebitiň döwletlerini hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirmäge gönükdirilen täze resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamakdan ybarat boldy.
Ozal habar berlişi ýaly, 2010-njy ýylyň noýabrynda Bakuda geçirilen Hazarýaka döwletleriň III maslahatynda milli Liderimiziň teklibi esasynda Hazar deňziniň suw biologiki baýlyklaryny aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak hem-de Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak we aradan aýyrmak baradaky Ylalaşuk taýýarlandy we oňa gol çekildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen Hazar deňzinde gidrometereologiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekildi. 2014-nji ýylyň sentýabrynda Astrahanda geçen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şertnama-hukuk, söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça umumy tagallalary güýçlendirmek barada başlangyç bilen çykyş etdi. Şunuň bilen birlikde milli Liderimiz Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyk üçin resminamalaryň onusyny jikme-jik işläp düzmäge girişmegi teklip etdi.
Şu gezekki iş maslahatynyň barşynda, bilermenleriň derejesinde Hazar sebit ulag logistika merkezini döretmegi göz öňünde tutýan Hazarýaka döwletleriniň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy baradaky Ylalaşyk hem-de Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Teswirnamanyň taslamary barada düýpli pikir alyşmalar boldy. Hazar deňziniň yklym derejesinde ähmiýetli iri aragatnaşyk geçelgesi hökmünde kuwwatyny doly güýjünde peýdalanmak, hazarýaka döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, olaryň dünýä bazaryna çykmagyny göz öňünde tutmak bilen, üzül-kesil giňeltmäge mümkinçilikleri açýan strategiki ugur bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 18-nji noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Onda, hususan-da, hazarýaka döwletler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem-de 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata taýýarlygyň barşy barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz BMG-niň howandarlygy astynda geçirilýän şunuň ýaly ilkinji maslahatyň ähmiýetini nygtap, onuň bu strategiki ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança öwrüljekdigini, köpugurly utgaşykly ulag-aragatnaşyk hem-de logistika düzüminiň kemala gelmegine ýardam berjekdigini belledi, bu düzümler ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Hazar deňziniň meseleleri boýunça oýlanyşykly çözgütleri işläp taýýarlamak maksady bilen, tagallalary mundan beýläkde jemlemegiň möhümdigi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdmuhamedow ýurdumyzyň geljekde hem köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşykda bolan hazarýaka döwletleriniň hem-de halklarynyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini nygtady.
Mejlisiň Başlygy parlamentiň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar berdi, onda «Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun , «Türkmenistanyň 2015-nji ýyl Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen täze kanunçykaryjy taslamalary kabul ediler.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň, şol sanda nebit-gaz, elektron senagaty, oba hojalygy we söwda pudaklarynyň, bilim, medeniýet, sport ulgamlarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen anyk wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-njy noýabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň gün tertibine 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň kömekçi hojalyklarda zähmet endiklerini ele almagyny üpjün etmek, şeýle hem bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzda geçiriljek iri halkara çärelerine, şol sanda Aziýa halkara ulag geçelgesiniň Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) demir ýol böleginiň ulanmaga berilmegine taýýarlyk görmek meseleleri girizildi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz IIM-niň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak we bu ulgamda işleri ygtyýarlylandyrmak hakynda Kararlara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Içeri işler ministrliginiň binalar toplumynyň açylmagy maddy-enjamlaýyn binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyna, mynasyp gulluk etmek we ýaşamak üçin şertleriň döredilmegine döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Binalar toplumynyň düzüminde maldarçylyk hojalygynyň, merkezi ammaryň we awtoulag hojalygynyň desgalary bar, bu binalar IIM-niň ýanyndaky gurluşyk birleşigi tarapyndan guruldy.
Bu maldarçylyk hojalygy hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň azyk önümleri bilen üpjünçiliginiň hilini gowulandyrmaga niýetlenen ilkinji kömekçi toplum bolup durýar. Pudaklaryň garamyndaky maldarçylyk toplumlarynyň aýratynlygy we artykmaçlygy – hemişe elin we ýokary hilli et-süýt we beýleki azyk önümleriniň bolçulygydyr diýip, milli Liderimiz belledi we şeýle oňyn tejribäni işjeň ýaýratmak barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda 14-nji noýabrde geçiren hobatdaky wideoşekilli iş maslahatynda milli we sebitleýin ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň ýagdaýyna, oba hojalyk işleriniň barşyna we döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagynda kemala getirilýän medeni strategiýasynyň binýadynda halkyň arasynda milletimize mahsus bolan döredijilik ruhuny gaýtadan dikeltmek we artdyrmak wezipeleri düzýär, milli Liderimiz bu ugurda möhüm taslamalaryň başlangyçlarynyň başlap, olara howandarlyk edýär, döredijilik işleriniň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Ýurdumyzda yhlasy zähmeti, zehini we döredijilik ylhamy bilen has tapawutlanýan bu ulgamyň işgärlerine hormatly atlar dakmak hem-de döwlet sylaglaryny gowşurmak asylly däbe öwrüldi.
17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halk artisti Fahriýa Aliýewa Watanymyzyň garaşsyzlygyny hem-de özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda gazanan üstünlikleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny, Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýaş nesli mynasyp terbiýelemäge goşan goşandy, şeýle hem onuň Garaşsyz döwletimiziň hem-de halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllyk yhlasly we göreldeli zähmetini göz öňünde tutup, “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni gowşurdy. Meşhur artist ajaýyp sahna keşpleriniň köpsanlysyny döretdi, kinofilmlerde keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ählihalk ykrarnamasyna we tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy.
Hepdäniň sport wakalary baradaky gürrüňe geçmek bilen, 16-njy noýabrda paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar görnüşleri boýunça sport toplumynda16 ýaşa çenli ýegtinjekleriň hem-de 2005-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda hokkeý boýunça Aşgabadyň açyk birinjiliginiň badalga alandygyny bellemelidiris. Bäsleşiklere jemi sekiz topar gatnaşýar, olar ýarym ýylyň dowamynda birnäçe etapdan ybarat bolup durýan ýaryşlarda medallar ugrunda güýç synanyşarlar.
Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, nobatdaky medallara mynasyp bolmagy başardylar. Hepdäniň başynda Bolgariýada geçirilen sambo boýunça dünýä çempioatynda ildeşlerimiziň mynasyp bolan dört medalynyň üstüne ýene bir bürünç medal goşuldy. Biziň türgenlerimiz Russiýanyň Medyn şäherinde köpugurly söweş boýunça Germaniýadan, Fransiýadan, Finlýandiýadan, Hytaýdan, Ysraýyldan, Eýrandan – jemi 35 ýurtdan türgenleriň 300-e golaýynyň gatnaşmagynda geçirilen dünýä çempionatynyň tutluşyklarynda ýene üç medal gazandylar.
Türkmen türgenleriniň dünýä derejeli ýaryşlarda gazanan üstünlikleri 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem türkmen pälwanlarynyň ýokary netijeler görkezjekdiklerine ynam döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça baş müdiriýetiniň wekilleriniň Türkmenistana saparynyň bolandygyny bellemek gerek. Dostlukly ýurduň wekiliýetine bu müdiriýetiň ýolbaşçysy Mohammad Humaýun Haýrany baştutanlyk etdi.Owganystanyň wekiliýetiniň agzalary türkmen hünärmenleri bilen sport hereketini ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri we beýlekiler bilen gepleşikler geçirdiler.
Hepdelik synymyzy jemläp, 20-nji noýabrda, ýekşenbe güni Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak”, Mary welaýatynyň 119-njy “Atçapar” we 124-nji “Pendi” saýlaw okruglarynda giň bäsleşik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini bellemelidiris.
Şeýlelikde, geçen hepdäň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen umumy bähbitlere laýyk gelýän oňyn gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder