19 Kasım 2016 Cumartesi

Halkara Nebit we Gaz Uniwersiteti Dünýäniň Esasy Ylym Bilim Merkezleri Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürýär

Golaýda Malaýziýanyň „PETRONAS“ Tehnologiýa uniwersiteti we Germaniýanyň Swikkau şäherinde ýerleşýän Günbatar-Saksoniýa amaly ylymlar Uniwersiteti bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Malaýziýa bolan resmi saparynyň çäklerinde „PETRONAS“ uniwersiteti bilen gol çekilen ylalaşyk HNweGU bilen milli ýangyç-energetika toplymy üçin kärine ussat hünärmenleri taýýarlaýan „PETRONAS“ Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy intensifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilendir.
HNweGU bilen Germaniýanyň uniwersitetiniň arasyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnama Aşgabatda geçirilen „Bilim we sport“ Halkara sergisiniň çäklerinde gol çekildi. Resmihanamada bilelikdäki forumlary we möhüm ylmy barlaglary geçirmek, talyplary we mugallymlary alyşmak, okuwa innowasion usullary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerimiň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň Germaniýa tanyşlyk saparynyň barşynda bu hyzmatdaşlygyň başy tutulypdy. Şonda ýokary hünärli hünärmenleri, şol sanda ykdysadyýet, logistika, menejment, maglumatlat tilsimatlary we beýleki ugurlarda kärine ökde hünärmenleri taýýarlamakda uly tejribesi bolan dostlukly ýurduň köne uniwersiteti bilen geljekki perspektiwaly hyzmatdaşlyga tarap ilkinji ädimler ädilipdi.
Aşgabat halkara forumynyň çäklerinde şeýle hem Günbatar-Saksoniýa amaly ylymlar Uniwersiteti bilen Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk inistitutynyň arasynda hem özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder