26 Kasım 2016 Cumartesi

Aşgabat 2017 Oýunlar Akademiýasyna Işe Almak Maksatnamasyna Başlaýar

V Aziýa oýunlaryba taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti Aşgabat 2017-niň Oýunlar Akademiýasynyň başlanýandygyny buýsanç bilen habar berýär.
Ýerine ýetiriji komitet geljekde uly çäreleri geçirmek üçin galdyrylýan mirasyň bir bölegi hökmünde Oýunlar baradaky bilimini we çärelere taýýarlanmak baradaky başarjaňlygyny artdyrmak üçin, işe almagyň döwrebap maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň raýatlarynyň arasyndan 400 adamy işe alar.
Aşgabat 2017-niň ýerine ýetiriji menejeri Mik Raýt Oýunlaryň Akademiýasy barada şu sözleri aýtdy: “Biz Oýunlar Akademiýasyna işe almak maksatnamasyna başlandygymyza hakykatdan-da şat. Biziň toparymyzda eýýäm birnäçe başarjaň agzalarymyz bar we biz işçi güýjümizi maksadaokgunly ýaşlary işe almak bilen mundan beýläk hem ösdürmegi we taýýarlamagy maksat edinýäris. Oýunlar Akademiýasy ýerli işgärler üçin Oýunlar wagtynda we synag çärelerde möhüm tejribe gazanmak bilen, halkara toparymyz tarapyndan ugrukdyrylmaga we sport çärelerini dolandyrmagyň iň gowy usullaryny öwrenmäge mümkinçilik döreder. Bu Türkmenistanda geçirilýän iň uly çäräniň bir bölegi bolmak üçin ýeke-täk mümkinçilikdir we muňa gatnaşýan her bir işgär Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin öz goşandyny goşar”.
Oýunlar Akademiýasynyň işgärlerinde Ýerine ýetiriji komitetde esasy wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolar. Olar üçin Oýunlar Akademiýasynyň “Öwrenmek” maksatnamasy arkaly ýörite başlangyç okuwlar geçiriler. Akademiýanyň işgärleri Aşgabat 2017-niň Oýunlaryny meýilleşdirmek we geçirmek baradaky ýardamçysy “Trivandi Chanzo” kompaniýasynyň öňdebaryjy bilermenleri arkaly ösdürilmegini dowam etmek bilen, iş ugurlary boýunça kabul ediler.
Ýerine ýetiriji komitetiň “Sportuň görnüşleri boýunça oýunlaryň meýilnamasyny düzüji” bölüminiň başlygy Ata Akmammedow: “Men esasy menejerleriň biri bolmak bilen, Aşgabat 2017-niň agzasydygyma örän şat. Oýunlar Akademiýasy uly çärelerde alnyp barylmaly işler barada täze bilim almaga we öz başarnygyny artdyrmaga höwesli bolan ýerli ilat üçin ajaýyp bir mümkinçiligi döreder. Men halkara işdeşlerimden eýýäm köp zat öwrendim. Men her gün öz ukyp-başarnygymy artdyryp, özümi işe hyjuwly duýýaryn we ýurdum üçin bu çärä goşant goşýandygyma buýsanýaryn.”.
Hyjuwly we başarjaň adamlar Oýunlar Akademiýasynyň agzasy bolmaga çagyrylýar. Biz dekabr aýyndan başlap, her aýda 50 adamy işe almagy maksat edinýäris. Dürli ugurlarda, meselem, oýunlaryň işleri, täjirçilik, sport, tehnologiýa, işgärler, hukuk we maliýe ugurlarynda almaga mümkinçilik dörediler.
Aşgabat 2017-niň Oýunlar Akademiýasy we elýeter wezipeleri barada giňişleýin maglumat üçin ashgabat2017.gov.tm sahypamyza girip bilersiňiz.
Çeşme: http://www.ashgabat2017.gov.tm/



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder