22 Ekim 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek işine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini, işjeň hem-de önjeýli döwlet işlerini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň  Prezidenti, Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda,  Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary  «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.


***

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, gazanan uly üstünliklerini, gulluk borçlary berjaý edilende görkezen şahsy edermenligini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň  Prezidenti, Türkmenistanyň  Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.

***
Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň  Prezidenti, Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň  harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.
*** 
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň senagat, nebitgaz, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, göreldeli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ylmyň we tehnikanyň, edebiýatyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň merhum raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy. Resminama metbugatda dolulygyna çap edilýär.

***

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň senagat, nebitgaz, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, maliýe we ykdysady işiň derejesini kämilleşdirmekde, önümçiligiň netijeliligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ýolagçylara hyzmat etmegiň derejesini gowulandyrmakda, aragatnaşyk serişdeleri we gulluklary bilen edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde, ilatyň saglygyny goramakda, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, edebiýatyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti  Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň  raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy we hormatly atlar dakyldy. Resminama metbugatda dolulygyna çap edilýär.

***

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, kanunçylygy kämilleşdirmekde, ykdysadyýetiň senagat, nebitgaz, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ylmyň we tehnikanyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti  degişli Permanlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň uly topary «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Resminamalar metbugatda dolulygyna çap edilýär.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny pugtalandyrmaga, türkmen halky bilen beýleki halklaryň arasynda dost-doganlyk, ynsanperwer we medeni gatnaşyklary ösdürmäge goşan saldamly goşantlary, işjeň we önjeýli jemgyýetçilik işleri üçin, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti  Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň birnäçesi «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Resminama metbugatda dolulygyna çap edilýär.

***

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp,  türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder