25 Ekim 2016 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Ýolbaşçylaryna we Katar Döwletiniň Emrine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife Kwetta şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. 
“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar. 
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda, gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emrine Gynanç Bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tanä Katar Döwletiniň ozalky Emiri Şeýh Halifa bin Hamad Al Taniniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady.
Döwlet Baştutanymyz merhumyň maşgalasynyň agzalaryna, şeýle hem Katar Döwletiniň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi. 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder