25 Ekim 2016 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sun Weýduny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. 

Ilçi milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de şanly sene bolan döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan, çalt depginler bilen ösýän Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin giň gerimli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Hytaýyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Ilçi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýyllarda iki ýurduň Liderleriniň arasynda emele gelen ynamly gatnaşyklar netijesinde täze derejä çykandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hytaýly ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny ýollady hem-de deňhukuklylyk, birek-biregi hormatlamak we özara bähbitlilik nukdaýnazaryndan guralýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. 

Ilçi Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hem-de bu derejä esaslanan daşary syýasy ugruna uly hormat bilen garaýandygyny, dünýä ösüşiniň esasy meseleleriniň käbiri boýunça halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Diplomat energetika howpsuzlygy hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly hem-de durnukly ibermek, ekologiýa hem-de beýleki ugurlarda türkmen Lideriniň öňe sürýän netijeli teklipleriniň möhümdigini we ähmiýetlidigini belledi. 

Jenap Sun Weýdun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi hem-de kuwwatly ulag--aragatnaşyk düzümini döretmek arkaly halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegi ugur edinýän iri möçberli taslamalaryň başyny başlaýandygy barada aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň orny barada aýdyldy. Bu ýol boýunça şu ýylyň başynda ýük otlusy ilkinji synag gatnawyny amala aşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu polat ýol ykdysady we söwda taýdan esaslandyrylan taslama bolup, tutuş sebitiň durnukly ösmegine oňyn täsirini ýetirer. Biziň ýurdumyz üçin bu giň gerimli logistik taslama gatnaşmak ösen ulag ulgamly döwlet hökmünde üstaşyr mümkinçilikleriniň işjeňleşdirilmegini aňladýar. Milli Liderimiz munuň durmuş-ykdysady we tehnologik özgertmeleriň, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynyň möhüm alamatlarynyň biridigini belledi.

Duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmagyň barşynda döwlet Baştutanymyz we HHR-iň doly ygtyýarly wekili iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýän netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge özara gyzyklanmanyň uludygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýunynda Daşkentde ŞHG-niň Sammitiniň barşynda iki ýurduň Liderleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň möhümdigi barada aýdyldy.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artýan möçberleri, şol sanda demir ýol pudagy üçin ýörite tehnikalary, elektrik enjamlaryny we beýlekileri satyn almagyň hasabyna artýan möçberleri türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň netijelidiginiň aýdyň mysalydyr. Ilçi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini hem-de ony has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, netijeli gatnaşyklaryň köp babatda türkmen Lideriniň oňyn syýasaty ýöretmegi bilen mümkin bolandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy hytaý kompaniýalarynyň birnäçesiniň Türkmenistanda iri gaz ýataklaryny işläp taýýarlamaga hem-de beýleki ugurlarda işlere işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Ilçiniň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda dürli ugurlarda üstünlikli amala aşyrylan möhüm bilelikdäki taslamalar, şol sanda Ýewraziýada iň uzyn gaz geçiriji bolan, XXI аsyryň ägirt uly taslamasy -- Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu transmilli gaz geçirijisi gadym döwürlerde yklymyň halklaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman beýanyna öwrülip, uly geosyýasy we durmuş ähmiýetine eýedir. Bu giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi Aziýada energiýa howpsuzlygynyň esasy şerti bolup hyzmat edýär. Ol yklymda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge goşmaça kuwwatly itergi berýär. 

Ýangyç-energetika pudagy, söwda-ykdysady, gurluşyk ulgamlary, obasenagat toplumy we beýlekiler türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşmalaryň çäklerinde HHR-iň doly ygtyýarly wekili Türkmenistan- Owganystan -Täjigistan demir ýoluny gurmagyň ähmiýetini belledi. Bu ýol soňra Hytaýa baryp ýeter. Ilçi hytaý tarapynyň türkmen Lideriniň bu ähmiýetli başlangyjyny doly goldaýandygyny hem-de ony amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny belledi.

Biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk we özara ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmäge gös-göni hyzmat edýän medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş, sport hem-de syýahatçylyk ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy. 

Duşuşygyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sun Weýdun hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Garaşsyzlyk güni bilen ýene bir gezek gutlap, döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy hem-de türkmen Liderine berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri, türkmenistanlylara bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder