25 Ekim 2016 Salı

Türkmenistanyň Prezidenti Areti, Çalyk Holding we Polimeks Kompaniýalarynyň Ýolbaşçylaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Areti Kompaniýasynyň Ýolabaşçysyny Kabul Etdi.
 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýobaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. 
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýakynlaşyp gelýän umumymilli baýram--Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de bütin türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy. Işewüriň nygtaýşy ýaly, “ARETI” kompaniýasy döredijilikli içeri we daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan, depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýar. 
Milli Liderimiz gutlaglary we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dünýä işewürliginiň, şol sanda rus işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin ýurdumyzyň hemişe açykdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşary ýurtly hünärmenleriň öňdebaryjy tejribelerini peýdalanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, “ARETI” kompaniýasynyň ýurdumyzda özüni ygtybarly işewür hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi. 
Şunuň bilen baglylykda, “ARETI”-niň ýolbaşçysy ösdürilmegine Türkmenistanyň ilkinji derejeli ähmiýet berilýän nebitgaz pudagyny we gurluşygy nazara almak bilen, ýurtda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek üçin kompaniýanyň ähli kuwwatyny hödürlemäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. 
Pikir alyşmalaryň barşynda ýakyn geljekde, şol sanda sport düzümlerini kemala getirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge örän uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, türkmen bazarynda bolmagyny giňeltmek meýillerini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, işewür “ARETI” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berjaý etmäge hemişe örän jogapkärli çemeleşjekdigini nygtady. 
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we “ARETI” kompaniýasynyň baştutany birek-birege iň oňat arzuwlaryny aýdyp, özara hereket etmegiň köpýyllaryň dowamynda toplanan oňyn tejribesi nazarda tutulyp ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Çalyk Holding Kompaniýasynyň Ýolabaşçysyny Kabul Etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. 
Işewür döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşyp we wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi umumymilli baýram -- mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk we alyp barýan ägirt uly işlerinde üstünlik, türkmen halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi. “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan ägirt uly üstünliklerine haýran galýandygyny aýdyp, köp ýyllyk hyzmatdaşlygy dowam etmegiň, ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny hem-de taslamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän holdingi üçin uly hormat we buýsançdygyny nygtady. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany we Türkiýäni asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň hem-de medeniýetleriň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny belledi. Türk kompaniýalary bilen netijeli işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz durmuşa geçirilýän milli ykdysady strategiýanyň innowasion senagat infrastrukturasyny kemala getirmäge hem-de durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilendigini aýdyp, holdingiň iri döwlet taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny belledi. 
Duşuşygyň çäklerinde türkiýeli işewür möhüm bilelikdäki taslamalaryň ilerledilişi barada hasabat berdi. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň, Mary DES-niň çäginde gurulýan utgaşykly buggaz elektrik stansiýasynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy bar. 
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň möhletleriniň hem-de hiliniň berk berjaý edilmegine işewüriň ünsüni çekdi. 
Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy bildirýän uly ynamy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen mundan beýläk hem netijeli we ygtybarly hyzmatdaşlyk etjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Polimeks Kompaniýasynyň Ýolabaşçysyny Kabul Etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi. 
Işewür özara söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ýetip gelýän şanly sene – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk hem-de özygtyýarly ösüşiň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi. 
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, “Polimeksiň” we beýleki türk kompaniýalarynyň milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn berkitmäge, ýurdumyzyň ösmegine hem-de türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalaryny we iri möçberli bilelikdäki taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga uly goşantlaryny kanagatlanma bilen belledi. 
Duşuşygyň barşynda özara ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde geljek ýylyň güýzünde iri möçberli sport baýramçylygy - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. 
Döwlet Baştutanymyz sebitde deňi-taýy bolmadyk bu iri desga berilýän ähmiýetiň möhümdigini belläp, ýene bir gezek türkmen tarapynyň berk talaplaryna ünsi çekdi. Ähli işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi we öz wagtynda tamamlanmagy şol talaplaryň esasylary bolmagynda galýar. 
Erol Tabanja ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň buýrujynyň bildirýän talaplaryna örän jogapkärçilikli çemeleşmäge hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen Lideriniň başyny başlaýan özgertmelerine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. 
Duşuşygyň ahyrynda işewür döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän uly baýramçylyk bilen ýene bir gezek gutlady hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder