23 Ekim 2016 Pazar

Türkmenistan Daşary Ýurtlardan Getirilýän Önümleriň Ornuny Tutýan Önümçiligi Ýokarlandyrýar

«Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi öz öňümizde wezipe edip goýduk. Şu maksat bilen, häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny , gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmegi meýilleşdirýäris. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýann önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de özümizde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen Döwlet meksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur işleri alyp barýarys», —diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň dokuz aýynyň jemini jemläp, ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň daşarky töwekgelçiliklere has durnuklylygyny üpjün edýändigini, dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän ýaramaz ýagdaýlaryň ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaldýandygyny belledi. 

Bu bolsa jemi içerki önümiň ösüşini ýokary derejede, ýagny, 6,2 göterim möçberde saklamaga mümkinçilik berdi. Senagat önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga şert döretdi,durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi. 

Azyk garaşsyzlygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegini milli Liderimiz   ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründäki ösüşinde gazanylan esasy üstünlikleriň biri hökmünde belledi. 

Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň öndürilişi şu ýylyň geçen dokuz aýynyň dowamynda 2015-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende ençeme ugurlar boýunça ösdi. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyza getirilýän harytlaryň möçberi 24,7 göterim pese düşdi. 

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, gök önümleri ösdürip ýetişdirmek boýunça kartofel öndürmekde iň ýokary ösüş—48,5 göterim ösüş gazanyldy. 2016-njy ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda, gök önümleri öndürmek geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 9,5 göterim; bakja önümleri 17,2 göterim; miwe we ir-iýmişler 9,9 göterim artdy. 

Oba hojalyk önümleriniň görnüşleriniň öndürilişiniň depginlerine nazar aýlamak  sebitleriň toprak-howa şertlerini hasaba almak bilen emele gelýän ýagdaýa  garamaga mümkinçilik berýär. Balkan welaýatynda ekin dolanyşygyndan pagta  aýryldy we bakja önümlerine bölünip berilen meýdan azaldy, gök önümleriň mukdary bolsa üzül-kesil artyp, 70 göterimden gowrak ösüş gazanyldy. Şol bir wagtda Lebap welaýaty bakja önümleriniň 112,5 göterim ösüşini üpjün etdi. 

Meýilnama görkezijisi boýunça hem özboluşly öňdebaryjy bar. Ýurdumyzda däne öndürmek boýunça ýyllyk meýilnama, eýýäm oktýabr aýynda 146 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda türkmen bugdaýynyň daşary ýurtlara satylyş mukdary üç essä golaý, unuň möçberi bolsa 44 göterim artdy. 

Maldarçylyk önümleriniň esasy görnüşleriniň möçberiniň artanlygy hem bellenildi. Diri agramda et öndürilişi 2016-njy ýylyň ýanwar-sentýabrynda 437,4 müň tonna, süýt 2,3 million tonnadan gowrak hem-de ýumurtganyň sany 874,4 milliona barabar boldy. Guşçulyk, esasanam Ahal we Balkan welaýatlarynda işjeň ösdürilýär. 

2016-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda ýurdumyzyň ähli hojalyklarynda iri şahly mallaryň sany 2 million 427,5 müň başa barabar boldy. Olardan 14,3 müň başy Azyk senagaty döwlet birleşigine degişlidir. Syn berilýän döwürde Birleşik boýunça et önümçiliginiň ösüşi 18 göterimden gowrak boldy, ýyllyk meýilnama bolsa 186 göterim ýerine ýetirildi. Süýt öndürmek boýunça meýilnama 78 göterim artygy bilen ýerine ýetirildi. Guşlaryň baş sany 2,2 esse hem-de şoňa laýyklykda ýumurtgalaryň sany hem artdy. Döwlet birleşiginde gök önümleriň önümçiliginiň ösüş derejesi 46,4 göterime barabar boldy. 

Balyk hojalygy döwlet komitetiniň kärhanalarynda balyk tutulmagynyň mukdary boýunça meýilnama 50 göterime golaý artgy bilen ýerine ýetirildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly oba hojalygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler hem öz miwesini berip başlady. Şu ýyl bugdaýyň bol hasyly ýygnaldy. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryna laýyklykda 21-nji oktýabra çenli pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalar ýerine ýetirildi. Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyryldy. Pagta ýygymy dowam edýär. 

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynda gazanýan üstünlikleri 2007-nji ýylda kabul edilip, 2015-nji ýyldan bäri täze rejelenen görnüşde hereket edýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» yzygiderli amala aşyrylýandygy netijesinde mümkin boldy. Bu Maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýüzlerçe desgalar gurlup, ulanylmaga berildi. 

Golaýda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze obanyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu oba ähli ýaşaýyş-durmuş amatlyklary bilen ulanylmaga berlen hasap boýunça altynjy täze oba bolup durýar. Umuman sebitleri özgertmeleriň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň çäklerinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda  2008-nji ýyldan häzirki wagta çenli 61 sany hassahana, 124 sany  saglyk öýi, 253 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 228 sany umumybilim berýän orta mekdep, 71 sany medeniýet öýi, 114 sany sport mekdebi hem-de 73 sany sport desgasy guruldy. Şeýle hem 9,4 müň kilometr suw geçiriş ulgamy, 1,7 müň kilometr kanalizasiýa ulgamy, 4,7 müň kilometrden gowrak awtoulag ýollary, 13,7 müň kilometr gaz geçirijisi, 12,8 kilometr elektrik geçiriji ulgam, 20,5 müň kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. Umumy meýdany 6 million inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. 

Oba ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak boýunça işler dowam edýär. 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder