31 Ekim 2016 Pazartesi

Birža Täzelikleri

Daşary ýurt puluna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Lýuksemburgdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, nebit koksuny, polipropileni, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda işlenip taýýarlanylan göni arassalanan benzini, dizel ýangyjyny we M-100 belgili mazudy, Türkiýeden gelen işewürler bolsa tehniki kükürdi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkart tüýjümek polotensalar, mesge ýagy, aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, hojalykda ulanylýan pamyk, pagta galyndylary ýerlenildi. Olary satan alan ýurtlar: Russiýa, Hytaý, Daniýa, Ukraina. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 51 million 647 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Niderlandlardan gelen işewürler jemi bahasy 17 million 46 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügini, pagta sarununy satyn aldylar.  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder