25 Eylül 2016 Pazar

Türkmenistanyň Ýygyndy Topary Halkara Ýaryşynda Kuboga Mynasyp Boldy

Türkmen türgenleri paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk tennis binasynda 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşlarynyň Kubogyna mynasyp boldular. Biziň tennisçilerimiziň ýekelikde we jübütleýin bäsleşikde gazanan iki altyn we bir kümüş medaly umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.

Bu ýaryşlara gatnaşmak üçin Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Ukrainadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan 100-e golaý tennisçi Aşgabada ýygnandy. Sylaglaryň jemi dört toplumy ugrunda bäsleşikler geçirildi.

Biziň toparymyzyň düzüminde Andreý Kaşenko we Allanur Garryýew jübütlikde finalda russiýaly tennisçiler jübüti Çuýew – Spasibony (6:1, 4:6, 10:8) ýeňip, altyn medallaryň birine mynasyp boldular. Arslan Oraşew ýekelikde ildeşimiz A.Kaşenkony final duşuşygynda (6:3, 6:3) utup, toparymyza ikinji altyn medaly getirdi.

Bir altyn we iki kümüş medala eýe bolanRussiýanyň ýygyndy topary ikinji orna, özbek tennisçileri bolsa bir altyn medal bilen üçünji orna mynasyp boldular.

Olimpiýa şäherjiginde geçirilen ýaryşlaryň barşynda täze sport desgalary synagdan geçirilýär, bu ýerde bir ýyla golaý wagtdan Aziýada-2017 geçiriler. 

Daşary ýurtly hünärmenleriň, hususan-da, şu gezzekki tennis boýunça ýaryşlaryň baş emini, türkiýeli halkara derejeli emin Erkan Tarhan Ahmediň belleýşi ýaly, türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherjigi Aziýadaky hem-de dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky şuňa meňzeş desgalardan birjik-de kem däldir. 

Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň uly tälimçisi, Tennis federasiýasynyň başlygy Serdar Bäşimow türkmen türgenleriniň ussatlygynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygyny belledi. Munuň özi olipiýa hereketiniň asylly taglymlaryny işjeň durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport babatda alyp barýan syýasatynyň oňyn netijeleridir. 

Biziň türgenlerimiz az wagtlyk arakesmeden soň, Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara taýýarlanmaga girişerler. Bu bäsleşikler noýabr aýynda paýtagtymyzyň köpugurly “Aşgabat” sport toplumynyň tennis meýdançalarynda geçiriler. Şol ýaryşlaryň netijeleri boýunça Aziada-2017-de çykyş etjek ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzümi kesgitleniler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder