15 Eylül 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri dünýäde giňden ýaýmak, elektron neşirleriniň mümkinçiliklerinden halkara habarlar giňişliginde peýdalanmak, şeýle hem halkara žurnalistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi “Altyn asyr” elektron gazetini esaslandyryjy diýip bellenildi we ol şu elektron gazetiniň redaksiýasynyň bellenen tertipde gaýtadan hasaba alynmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
 *** 
“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi “Aziýa awtomobil ýollary ulgamy boýunça Hökümetara Ylalaşyga goşulmak hakynda” hem-de “Transaziýa demir ýollary ulgamy boýunça Hökümetara Ylalaşyga goşulmak hakynda” Kararlary kabul etdi. 
 *** 
Asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebine öwrülen ýaşulularymyza hormat-sarpa goýmak, olaryň abraý-mertebesini has-da belende götermek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimizi asyllylyk, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşuly nesliň göreldesini nusga edinmek, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere ýaşululary işjeň çekmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, möhüm ähmiýetli meseleleri pähim-parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý tejribesini netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny 2017-nji ýylda Ahal welaýatynda çagyrmak we onuň güntertibine döwlet durmuşynyň ilkinji nobatdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlemek bellenildi. Şeýle hem şu Perman bilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek we gelýän teklipleri we ýüztutmalary kabul etmek, toplamak hem-de seljermek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder