30 Eylül 2016 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Maslahatyny Geçirdi

Iş sapary bilen Lebap welaýatynda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Lebap welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda sebit we halkara ähmiýetli möhüm düzüm taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleler girizildi. 

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew çykyş edip, gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dürli maksatly täze desgalary gurmak, ulag, hususan-da, awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň degişli ugurda öňe süren, döwrebap awtobanlaryň, iri inženerçilik-tehniki desgalaryň, şol sanda halkara ähmiýetli Türkmenabat — Farap awtomobil köprüsiniň gurulmagyny göz öňünde tutýan netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýere garamagyndaky pudaklaryň we düzümleriň iş depginlerini saklamak hem-de işleriň netijeliligini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şol pudaklar eziz Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitde we yklymda üstaşyr-ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny amala aşyrmak babatda ýurdumyzyň awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe görkezmeleri, şol sanda halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmak üçin uly ähmiýeti bolan Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly görkezmeleri berdi. 

Maslahatyň çäklerinde “Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň başlygy D.Amangeldiýewe söz berildi, ol döwlet konserniniň edara kärhanalary tarapyndan bar bolan ýollaryň durkuny düýpli täzelemek we täze ýollary gurmak, şeýle hem olary abatlamak hem-de degişli inženerçilik-tehniki ulgamlary gurmak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz iri sebit we halkara üstaşyr-ulag merkezi hem-de logistik merkezi hökmünde ýurdumyzyň derejesini berkitmek maksadynda görülýän çäreleriň ähmiýetini bellemek bilen, şu düzümiň öňünde durýan wezipelere ünsi çekip, onuň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow öz hasabatynda hormatly Prezidentimiziň ulag-aragatnaşyk pudagynda öňe süren döredijilikli başlangyçlaryny amala aşyrmagyň barşy hakynda habar berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler barada hasabat bermek bilen, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, degişli maddy-enjamlaýyn binýady berkitmek boýunça görülýän çäreler hakynda habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenabat — Farap demir ýol köprüsiniň, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan transmilli polat ýolunyň möhüm halkasy bolup durýan Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) demir ýolunyň, şeýle hem ugurdaş düzüm desgalarynyň gurluşygy hakynda hasabat berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň üstaşyr-ulag we logistik mümkinçiliklerini amala aşyrmak babatda bu strategik ähmiýetli iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine uly üns bermegiň möhümdigini belledi. Biziň ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi netijesinde Ýewraziýa we transkontinental ýük akymlarynyň agramly bölegini öz üstünden geçirip biler. 

Şeýle hem bu biziň ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna tiz goşulmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy. Işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek hem-de meýilleşdirilen möhletlerde tamamlamak degişli ugurda geçirilýän ähli işlere bildirilýän esasy talap bolup durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Maslahatyň barşynda demirýol ulaglary ministri B.Annameredow Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan polat ýolunyň Atamyrat — Ymamnazar — Akina böleginiň gurluşygynda işleriň barşy, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän pudagynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmekde, halkara ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça taslamalar amala aşyrylanda demir ýol ulagynyň ähmiýetiniň örän uludygyny belläp, bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine ünsi çekip, bu barada ministre degişli tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistan iri ulag taslamalarynyň başyny başlamak bilen, häzirki döwrüň möhüm sebit we dünýä meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly bolup galýandygyny iş ýüzünde görkezýär, bu bolsa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň artmagyny şertlendirdi diýip belledi. Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmek hakynda çözgüt munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol degişli ugurda umumy tagallalary netijeli birleşdirmäge ähmiýetli goşant goşar. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmak babatda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Türkmen energiýa serişdelerini ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda habar berildi. 

Şeýle hem wise-premýer Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabyndaky Ymamnazar gümrük nokadynda kuwwaty 540 müň tonna bolan nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak üçin niýetlenen terminalyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyra gadam basandygyny habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzüm bölümleriniň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, uglewodorod çig malynyň gazylyp alnyşynyň möçberlerini köpeltmek bilen bir hatarda dünýä bazarynda isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri çykarmaga ýöriteleşen ýokary tehnologik innowasion önümçilikleri döretmek babatdaky wezipeleriň çözülmegine uly üns bermegiň wajypdygyny nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Günorta — Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen “mawy ýangyjynyň” uzakmöhletleýin iberilmegini amala aşyrjak TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu möhüm energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berip, durmuş we ynsanperwer häsiýetli wajyp meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna hem ýardam berer. 

Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzda kabul edilen milli özgertmeler maksatnamalary hem-de pudaklaýyn taslamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglylykda, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň alyp barýan işi baradaky hasabat bilen onuň başlygy M.Meredow çykyş etdi. 

Milli Liderimiz bu düzümiň öňünde goýlan wezipeleriň wajypdygy barada aýdyp, döwlet konserni tarapyndan geçirilýän işleriň, şol sanda nebitgaz toplumynyň degişli bölümlerine ynanylan desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, möhüm düzümleýin desga bolan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda bina edilýän kaliý dökünlerini öndürmek boýunça Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygynda işleriň ýagdaýy barada habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň senagat ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup biljek ýokary hilli önümleriň hem-de eksportyň möçberlerini artdyrmagyň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň hem-de bellenilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi şol wezipeleriň çözülişine baglydyr. 

Milli Liderimiz Lebap welaýatynda ýerleşen kaliý duzlarynyň iri käniniň binýadynda bina edilýän milli ykdysadyýetimiz üçin strategik desga bolan Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy baradaky meseläniň üstünde durup geçip, bu taslamanyň ýerine ýetirilmeginiň ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşinde täze sahypany açýandygyny nygtady. Bu tebigy baýlygyň işlenilmegi hem-de kaliý dökünlerini öndürmek boýunça döwrebap senagat toplumynyň gurulmagy Türkmenistany senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmek babatda uly ähmiýete eýedir, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümiň şu görnüşini eksport etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. 

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýer B.Ereşowa Garlyga baryp görmegi, dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy bilen gönüden-göni ýerinde tanyşmagy, soňra bolsa bu iş saparynyň netijeleri barada hökümetiň mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy. 

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe söz berildi. Häkim özüne ynanylan sebitde işleriň ýagdaýy, pagta taýýarlanylyşy boýunça döwlet buýurmasyny ýerine ýetirmek hem-de geljekki hasyl ugrunda güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatda Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de şöhratly baýramçylygymyzy — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygym möwsüminiň depginlerini artdyrmak, meýdanlarda işledilýän tehnikalaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmek hem-de “ak altyny” kabul ediş nokatlaryna daşamak, ýer eýeleriniň we mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin gerekli şertleri döretmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz häkime sebitlerde, şol sanda oba ýerlerinde häzirki zaman durmuş düzümleriniň kemala getirilmegine, halkyň ýaşaýyş derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamasyny, şeýle hem çäklerinde birnäçe wajyp taslamalar ýerine ýetirilýän welaýatyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýakynlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygy baradaky gürrüňi gozgap, sebitde baýramçylyk çärelerini taýýarlamagyň we geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Iş maslahatynyň barşynda içeri işler ministri I.Mulikow, Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew we Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew özlerine ynanylan düzümlerde ýerine ýetirilýän işler, degişli maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi barada hasabat berdiler. 

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we özbaşdaklygynyň esaslarynyň berkidilmeginde, döwletiň we jemgyýetiň ösmegi, türkmenistanlylaryň abadan durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan hemme şertleriň döredilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryň mynasyp goşandyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzalan düzümleriň üstüne ýüklenen wezipeleriň wajypdygyny nygtap, olaryň ýolbaşçylaryna ýurtda kanunylygy we düzgün-tertibi berkitmäge, Watanymyzyň döwlet serhediniň eldegrilmezligini üpjün etmäge, Türkmenistanyň çäklerinden geçirilýän üstaşyr ýükleriň artýan akymyny nazara alyp, gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmäge degişli birnäçe görkezmeleri berdi. 

Iş maslahatynda şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk we baş maksady mähriban Watanymyzyň has-da gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny gazanmakdan ybarat bolan öňde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder