25 Eylül 2016 Pazar

Türkmenistanda Halkara Kitap Forumy Açyldy

Paýtagtymyzda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XI halkara kitap sergisi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty açyldy. Bu forumy guraýjylar - Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de Söwda-senagat edarasy olary ýetip gelýän şanly senä—ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de giň halkara gatnaşyklaryny ugur edinýän Aşgabat kitap sergisi Türkmenistany medeni durmuşynda esasy wakalaryň biri bolup durýar hem-de dünýäniň köp döwletleriniň neşirýat öýlerinde we çap enjamlaryny öndürijilerde uly gyzyklanma döredýär.

«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» diýen şygar astynda geçirilýän kitap forumy ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Öz mirasyňa sarpa goýmak, beýleki medeniýetlere hormatly garamak halkymyzyň parasatlylygyny, onuň hoşniýetli goňşuçylyga, sazlaşyga, döredijiligiň we döretmegiň belentliklerine ymtylýandygyny görkezýär. Ol halkara sergi-ýarmarkasynyň guralmagynda öz beýanyny tapdy. 

Türkmenistanyň medeniýetleriň dünýä halklarynyň köp milletli maşgalasynda gaýtalanmajak keşbiniň bolmagy köp babatda öz ruhy gözbaşlaryna, ata-babalarymyzyň döreden milli mirasyna, köpasyrlyk özboluşly däplerine    ygrarlylygy bilen şertlendirilendir. Kitaba bolan mukaddes garaýyş hem şolaryň hataryna degişlidir. 

Halkara sergi – ýarmarkasy açylmazdan öň, Garaşsyzlyk binasyna—häzirki we geljekki nesillerimiziň hakydasynda türkmen halkynyň garaşsyzlygyna eýe bolan mukaddes senesini ebedileşdirmäge gönükdirilen belent ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýmak çäresi boldy. Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkeziniň öňündäki meýdançada Halkara kitap sergisine gatnaşyjylary we myhmanlary mähirli garşylan aýdymçylar we döredijilik toparlary öz çykyşlarynda Garaşsyz Watanymyzy wasp etdiler. 

Dabara hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ylym hem-de medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda belleýşi ýaly, “Adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemlän kitap durmuşyň aýnasy, taryhyň beýany, geljege ýolgörkeziji hasaplanýar. Durmuşa düşünjeli çemeleşmekde, ykdysadyýetde, ylymda, bilimde we halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ylmy nukdaýnazar esasynda ösüşleri gazanmakda metbugatyň, kitabyň täsiriniň uludygy düşnüklidir”.

Sergi önümlerini görkezmegiň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan kitap sergisiniň şygary “Geljege alyp barýan geçmişi aýawly saklamak” diýlip atlandyrylýar. Neşirýat işiniň özgerişligini şöhlelendirmek, şahyrana sözüň iň gowy däpleriniň yzygiderliligini bellemek pikiri kitaplaryň uly göwrümli maketlerinde “okalýar”. Olar geçen asyrlaryň eserleri hem-de milli taryhy-medeni mirasa degişli häzirki döwrüň neşirleri bilen tanyşdyrýar. 

Özboluşly maketlerde görnükli türkmen şahyrlary—Magtymguly we Mollanepes, Mätäji we Azady we beýlekiler nesillere şygryýet ýüzlenmeleri bilen şekillendirilipdir. Söýginiň we gözelligiň waspçysy Mollanepesiň we onuň söwer ýary Bossantäjiň keşpleri Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň  ýerine ýetirmeginde janlanýar. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri görkezilen merkezi diwarlyk sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň hatarynda milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik işi hem bar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan”, “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň we ösüşiň syýasaty”, “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Bilim-bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk”, “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly  bedew”,  “Ganatly bedewler”, “Çaý - melhem hem ylham”, “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi”, «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy»  atly eserleri hem-de durmuş-ykdysady we ylmy-medeni durmuşyň eýýamyna gadam basan hem-de köpasyrlyk halk däplerine ygrarlylygy saklaýan ýurt--Türkmenistan bilen dünýäni tanyşdyrýan beýleki eserleri  bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen halky öz şöhratly taryhy bilen giňden tanalýar, asyrlardan geçip gelen we biziň günlerimize gelip ýeten özboluşly we baý medeni mirasy, çeper edebiýaty bilen meşhurdyr” diýen sözleri bu kitap sergisine giriş sözleri bolup hyzmat edýär. 

Geçmişiň we geljegiň  aragatnaşygy uly möçberli kitap maketlerine birleşdirilen tekjelerdäki maglumatlarda öz dowamyna eýe bolýar. Bu ýerde döwürleýin arhiw maglumatlary, türkmen akyldarlarynyň we şahyrlarynyň golýazmalarynyň göçürmeleri, şeýle hem biziň günlerimizde neşir edilen “Görogly”   eposy, “Kitaby dädem Gorkut”, görnükli türkmen alymlarynyň we akyldarlarynyň işleri, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleri görkezilýär. Şu hatarda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty hakynda kitaplar, Beýik Ýüpek ýoly döwründen şu güne çenli gadymy türkmen şäherleriniň taryhy we medeni ähmiýeti barada gürrüň berýän işler we beýlekiler bar. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanda çap edilýän gazetleriň we žurnallaryň arhiw nusgalaryny, dürli ölçegdäki kitaplary görmek bolýar. 

Arhiw kitaplarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň 1941-1945-nji  ýyllaryň urşy döwründe  çap edilen goşgulary bar. Bu bölümde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň lukmançylyk mowzugyna degişli makalalary, milli Liderimiziň kakasynyň eziz Watanymyzyň ykbalyndan aýrylmaz durmuş ýoluna bagyşlanan “Döwlet guşy” atly romany bar. 

Bu sergi hatary halkara gözden geçirilişiň köpsanly sergi bölümlerinde görkezilýän kitaplaryň baý dünýäsine özboluşly derweze bolup hyzmat edýär. 

Serginiň açylyş dabarasynda taýýarlanan sazly-edebi çykyşlar hem-de ýurdumyzda neşir edilýän çagalar üçin kitap önümleriniň köpsanly nusgalarynyň diwarlygynyň ýanynda myhmanlary mähirli garşylan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlarynda iň gowy däpleriň dowamlylygy öz beýanyny tapdy. 

Çagalar edebiýaty paýtagtymyzyň we welaýat kitaphanalarynyň – sergä gatnaşyjylaryň bölümlerinde hem giňden tanyşdyryldy. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň möhüm wakalarynyň hataryna milli medeniýetimizi has-da ösdürmek, kitaphana işini hem-de bu ugurda ilata edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek maksadynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda döredilen bir bitewi elektron kitaphana ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagyny degişli etmek bolar. Maglumatlaryň umumy elektron binýady paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi kitaphanalarynyň 76-syny birleşdirdi, indi okyjylar  ýurduň islendik künjeginde olaryň arhiwlerinden peýdalanyp bilýärler. 

Şu gezek geçirilýän kitap forumy milli we dünýä kitap neşirýat senagatynda we çap ediş sungatynda gazanylanlary görkezmegi, olaryň iň gowy nusgalaryny ýaýratmagy ugur edinip, halkara medeni hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, XI  Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň işine dünýäniň 19 ýurdundan, şol sanda ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Polşadan, Albaniýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Pakistandan, Belarusdan, Ukrainadan, Moldowadan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan   eksponentler gatnaşýar. Wekiliýetleriň düzüminde – käbir ýurtlaryň medeniýet ulgamlarynyň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň, neşirýatlarynyň, çaphanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, belli aýdymçylar we şahyrlar, terjime ussatlary, alymlar, suratkeşler, žurnalistler, mejerler bar. Kitap forumynyň meýdançasynda daşary ýurtlaryň iri ýokary okuw mekdepleriniň—Moskwanyň politehniki uniwersitetiniň, Kembrij uniwersitetiniň we Kaliforniýanyň “Berkeleý” uniwersitetiniň, şeýle hem ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumat – serişde merkeziniň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň biziň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň Medeni merkeziniň diwarlyklary ýerleşdirildi. 

Sergä türkmen tarapyndan pudak edaralary, ugurdaş kärhanalar, kitaphanalar, arhiwler, hususy ulgamyň köpsanly wekilleri we hukukçylar gatnaşýarlar.   

Şeýle hem Aşgabat sergisine GDA girýän döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasy gatnaşýar, ol şu ýyl özüniň 10 ýyllygyny belleýär. Onuň  “Forum” atly neşirinde şanly wakalar öz beýanyny tapýar. Olaryň hatarynda Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty derejesine eýe bolmagy bar. Aýratyn makala meşhur ahalteke bedewlerine bagyşlanypdyr. 

Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalara seslenýän hem-de öz köp sanly okyjylaryna türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny açyp görkezýän “Türkmenistan” Halkara žurnalynyň diwarlygy sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. 

Sergi-ýarmarkanyň hemişe gatnaşyjylarynyň biri bolan “Komsomolskaýa prawda” Neşirýat öýi öz mümkinçiliklerini örän giňeltdi. Häzirki gözden geçirilişde ol neşirleýin önümlerden başga-da, sungat, syýahatçylyk, taryhy-medeni miras baradaky owadan albomlary we kitaplary görkezýär. 

Russiýadan bolan neşirýatçylaryň diwarlyklary sergi meýdançasynda uly orun tutýar. “Medkniga” we “Medizdat”, “Russkiý şahmatnyý dom”, “Dom russkogo zarubežýa” kompaniýalary, “Informnauka” we “Russkiý ýazyk” JÇJ, “Aski”, “Russkiý raritet”, “Kuçkowo pole”, “Basko”, “U Nikitskih worot”, “Kaleýdoskop”, “Galart”, “Sadra”, “Serafimi Sofiýa”, “O-kratkoýe” neşirýatlary we ençeme beýlekiler paýtagtymyzda öz önümlerini görkezýärler. 

Aşgabatdaky kitap sergisine hemişe gatnaşyjylaryň biri bolan Awstriýanyň iri “Heýdelberger” kompaniýasy poligrafiýa senagaty üçin enjamlary ibermek boýunça öz tekliplerini hödürleýär. 

Sergi-ýarmarka kitap sungatynyň uly möçberli beýanydyr, ýöne onuň ýeke-täk gymmatlygy däldir. Bu ýerde neşirýat, poligrafiýa we kitaphana işiniň gazananlary, täze tehnologiýalar we media-önümler giňden görkezilýär. XI halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň meýdançasynda dürli çaphana enjamlaryny, kömekçi serişdeleri öndürijileriň diwarlyklary giňden görkezilipdir. Häzirki dünýäde poligrafiýa senagaty depginli ösýän pudak, maglumat we aragatnaşyk pudagynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ylmyň we tehnikanyň ösmegi poligrafiýa tehnologiýalaryny bazaryň isleglerine laýyk kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Muny bolsa bu gün ýurdumyzyň pudaklaýyn kärhanalary ýaly, daşary ýurt kompaniýalary hem görkezýär.

Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ösüşlere beslenen özgertmeleriň netijesinde soňky ýyllarda neşirýat işi öz ösüşiniň kuwwatly itergisine eýe boldy. Häzir ýurdumyzda poligraftýa pudagyna ýokary hilli çaphana önümlerini, şol sanda jemgyýetçilik-syýasy, çeper we ylmy edebiýatlary, okuw we okuw gollanmalaryny, şeýle hem örän owadan bezelen çagalaryň kitaplaryny we aýratyn neşirleri çykarmaga ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap çaphanalar diňe Aşgabatda däl, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem işleýär.   

Her ýyl Türkmen döwlet neşirýat gullugy dürli kitaplaryň 300-den gowragyny çykarýar, orta umumybilim berýän mekdepler we ýokary okuw mekdepler üçin okuw gollanmalarynyň 150-den gowragyny neşir edýär. Kitap önümleriniň 225 görnüşi, şol sanda okuw kitaplarynyň 135 görnüşi çap edildi, olaryň umumy sany 5 million 837 müň 911-e ýetýär. Ýurdumyzyň kitap önümleriniň Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda her ýyl geçirilýän Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň bäsleşikli tapgyrlarynda däp boýunça ýokary orunlary eýeleýändigini bellemek gerek. 

Ine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitarap Turkmenistan” diýen kitaby şu ýylky bäsleşigiň “Gran-pri” tapgyrynda baş baýraga eýe boldy. Türkmen Lideri tarapyndan “Paýhas çeşmesi” diýen kitapda jemlenen we tertipleşdirilen halk nakyllarynyň we atalar sözleriniň ýygyndysy “Arkalaşyk” tapgyrynda ýeňijiniň diplomyna mynasyp boldy. “Meniň Watanym Bitarap” diýen ösüp gelýän nesillere niýetlenen neşir “Çagalar we ýetginjekler üçin kitap” diýen tapgyrda ýeňijileriň hataryna girdi. “Medeniýetleriň gatnaşygy” diýen tapgyrda ýeňijileriň arasynda “Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary we olary esaslandyryjylar” diýen ylmy-populýar kitap bar. “Ylym we innowasiýa” diýen tapgyrda bolsa bäsleşige gatnaşyjynyň diplomyna Marynyň täsin çeperçilik mekdebine bagyşlanan “Gadymy Merwiň şekillerdäki rowaýaty” diýen kitap mynasyp boldy. 

Sergide çagalaryň çeperçilik kitaplarynyň, okuw, ylmy-populýar, maglumat-ensiklopedik edebiýatyň iň oňat nusgalary, milli nusgawy edebiýatyň we dünýä edebiýatynyň owadan neşirleri, sporta bagyşlalan ýörite neşirler görkezildi. 

Foruma gatnaşmaga, şeýle hem Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi we şekillendiriş sungatlarynyň muzeýi çagyryldy. Olar taryha we sungata degişli mowzukda türkmen şekillendiriş mekdebiniň işlerini görkezdiler, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kitap suratçylary gatnaşdy. Ýaş suratkeşler portret çekmekde öz ussatlygyny görkezdiler.

Ýurdumyzyň neşirýat senagatynyň uly kuwwatyny diňe bir iri döwlet kärhanalar däl, eýsem hususy kompaniýalar hem görkezýär. Olar bu sergide neşirýat, poligrafiýa, mahawat we sowgatlyk önümleriniň, şol sanda owadan bezelen albomlaryň we senenamalaryň we beýleki önümleriň köpdürli görnüşini görkezdiler. Işewür adamlar üçin sergi-ýarmarka neşirýatlar bilen kitap söwdasyny edýänleriň arasynda hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga ajaýyp mümkinçilikdir. Oňa gatnaşyjylara iri neşirýatlar hem-de kitap söwdasyny edýänleriň ulgamlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle hem göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik döredildi.

Şonuň bilen birlikde, kitap forumy kitaba hem-de kitap işine gyzyklanmany artdyrmaga, pudagyň innowasiýalary barada maglumatlary almaga, özara peýdaly tejribe edinmäge ýardam berýär. Bu meseleler günüň ikinji ýarymynda geçirilen “Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen bu maslahata  neşirýat toparlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, kitaphanalaryň wekilleri, poligrafiýa önümçiliginiň ulgamyndaky hünärmenler, edebiýatçylar we žurnalistler gatnaşdylar. Forumyň barşynda bu ýere ýygnananlar Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda neşirýat pudagynyň gazananlary, önümçilige kitap we beýleki poligrafiýa önümleriniň iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, maglumatlary geçirmegiň, elektron hyzmatlarynyň toruny döretmegiň hem-de elektron görnüşdäki kitaplary ýaýratmagyň tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Hünär ugurly düzümleriň arasynda, şol sanda neşirýat işiniň hünärmenlerini taýýarlamak we poligrafiýa tehnologiýalary ulgamynda, terjimeçilik işinde, kitaphana özara hereketlerinde we döredijilik gatnaşyklarynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilen özara pikir alyşmalar boldy. 

Soňra Sergi merkeziniň meýdançasynda “Türkmen milli medeniýetiniň dünýä medeniýetiniň ösmegine goşandy” diýen mowzuk bilen, türkmen we daşary ýurt ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçrilidi. Oňa ýygnananlara döwlet Baştutanymyzyň täze kitaplary--“Gadamy batly  bedew”, “Arşyň nepisligi”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” diýen kitaplary görkezildi. Bu kitaplaryň her biri häzirki Türkmenistana düşünmegiň özboluşly açarydyr, milli medeniýetiň we halkymyzyň däpleriniň baý dünýäsi boýunça tanyşdyryşdyr.   

Sergi-ýarmarkanyň meýdançasynda işewür duşuşyklary we “tegelek stollary” geçirmek üçin hem mümkinçilikleriň döredilendigini bellemek möhümdir. Sergi zalynyň merkezinde ýerleşen içi aýdyň görünýän surata düşürilýän bölüm guramaçylaryň tapan ýene-de bir aýratynlygydyr. Ol sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar we myhmanlar bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçilik berýär. 

Ýakyn iki günde kitap forumynyň çäklerinde däp boýunça häzirki zaman kitap bazarynyň ýagdaýy hem-de kitap neşir etmekde täze usullar we beýlekiler barada duşuşyklar, ussatlyk sapaklary, çekişmeler geçiriler.

Ertir myhmanlara—neşirýatlaryň, kitap söwda nokatlarynyň ýolbaşçylaryna, ýazyjylara,  kitaphana we bilim jemgyýetleriniň wekillerine, medeniýet işgärlerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işiniň sekizinji jildi görkeziler. 

“Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly XI Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Halklaryň gadymy mirasyny goramakda we wagyz etmekde kitaplaryň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Oňa ýurdumyzyň alymlary, kitaphana işiniň hünärmenleri, Arkalaşygyň ýurtlaryndan olaryň kärdeşleri gatnaşar. 

Däp boýunça Döwlet çeperçilik akademiýasynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan suratkeşleriň döredijilik duşuşygy bolar.

Ýazyjylaryň we şahyrlaryň, žurnalistleriň, talyplaryň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky beýleki bir döredijilik duşuşygynyň barşynda milli gymmatlygy, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça neşir edilýän kitaplary wagyz etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Dürli ýurtlardan bolan çagalar ýazyjylary we şahyrlary “Ertekiler ýurduna syýahat” diýen duşuşygyň dowamynda çagalar üçin döredijiligi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna gararlar. 

Forumyň çäklerinde ýene-de bir döredijilik çäresi terjimeçilik sungatydyr. “Tegelek stoluň” başynda ýazyjylar, medeniýet işgärleri, redaksion toparlaryň, türkmen we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri duşuşar.

“Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly XI Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň netijeleriniň jemlenilişi we ýapylyşy 23-nji sentýabrda geçiriler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder