3 Eylül 2016 Cumartesi

Daşoguzyň Ýollarynda Welosiped Ýaryşlary Boýunça Çempionat

Daşoguz welaýatynyň merkezinde ýetginjekleriň we ulularyň arasynda ýol welosiped ýaryşlary boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Oňa gatnaşanlar “kriterium” (aralyk pellehanaly halkalaýyn ýaryş) görnüşinde bäsleşdiler. Şunda ýeňiji wagtyň jemleri boýunça däl-de, utuklary hasaplamak arkaly kesgitlenýär. 

Ýetginjekler toparynda hormat münberiniň ähli basgançaklaryny aşgabatly türgenler eýeledi. Birinji orna Türkmenistanyň ýokary sport ussatlyk mekdebiniň wekili Saýlaw Gylyjow mynasyp boldy. Onuň artykmaçlygy 15 kilometrlik ýoluň tutuş dowamynda jedelsiz bolup, şol ýol bäş bölege bölünip, olaryň her birini ussat türgen öz bäsdeşlerinden çalt geçmegi başardy. Netijede, 30 utuk — 100 göterim netije. 

Ikinji orny 10 utuk bilen Abas Agaýew eýeledi we ýeňijileriň üçlügini Merdan Nansähedow 6 utuk bilen jemledi. 

Erkekler toparynda altyn medal ugrunda bäsleşik örän ýiti boldy. Onda türgenler on sany aralyk pellehanaly ýollara bölünen 30 kilometr aralykda bäsleşdiler, şonda öňdebaryjylar biri-birini yzygiderli çalyşdylar. Emma ýoluň soňky böleginde aşgabatly Röwşen Amangeldiýew çakgan bolup, netijede, birinji orny eýeledi (33 utuk). Kümüş we bürünç medallara degişlilikde, Daşoguz welaýatynyň toparyndan türgenler Iner Jumaýew (25 utuk) we Araz Nurmedow (23 utuk) mynasyp boldular. 



Bu ýaryşlardan başga-da, şol ýollarda welosiped sportunyň beýleki görnüşleriniň ikisi boýunça — toparlaýyn we şahsy ýaryşlar boýunça milli birinjilik guraldy. Ýetginjekler toparynyň ýeňijisi S.Gylyjow şunda hem öz ökdeligini subut edip, 16 kilometr we 50 kilometr aralyklarda iň gowy wagty görkezdi. 

R.Amangeldiýewe bolsa ýaryşa gatnaşyjylaryň erkekler toparynda şonuň ýaly üstünligi gaýtalamak başartmady. Onuň hasabynda 90 kilometr aralykda geçirilen toparlaýyn ýaryşlarda gazanylan bir altyn medal bar. Ýaryşyň ikinji görnüşinde (16 kilometr) daşoguzly A.Nurmedow ýeňiş gazandy. 

Ýeri gelende aýtsak, çempionatyň öň ýanynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekilleri ajaýyp Gökdere jülgesinde guralan türgenleşik okuwyny geçdiler. Häzirki wagtda bolsa türgenlerimiz geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna güýçli taýýarlyk görýärler. Türgenleşikler toplumlaýyn ýaryşlary kabul etjek paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welotreginde geçirilýär. 

Galyberse-de, häzir welosiped sporty boýunça halkara hünärmen Albert Kolybiniň gelmegine soňky taýýarlyk işleri geçirilýär. Ol türkmenistanlylara 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna degişli derejede taýýarlyk görmäge kömek eder. Tanymal russiýaly tälimçi Aşgabatda geçen asyryň 70-nji ýyllarynda welosiped sürüjilerimize tälim berip, iş tejribesini toplady. Şol döwürde ol halypalyk etmek arkaly halkara derejeli türkmen sport ussatlarynyň 20-ä golaýyny hem-de milli ussatlaryň onlarçasyny ýetişdirdi. Olaryň arasynda dünýä çempiony Wýaçeslaw Kukşin, iri halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi Wasiliý Kudrýaşow we beýleki birnäçe zehinli türgenler bar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy netijesinde, soňky ýyllarda türkmen welosiped sporty mekdebi kem-kemden öňki däplerini dikeldýär. Geçen ýyl milli Liderimiziň görkezmesine laýyklykda, welosiped sportunyň milli tehniki merkeziniň täze düzümi döredildi. Bu gurama täze binýada eýe bolup, döwrebap sport welosipedlerini we ýörite sport enjamlaryny satyn almak üçin belli çeh kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şeýle hem merkeziň borçlarynyň hataryna milli derejedäki ähli ýaryşlary geçirmäge gös-göni gatnaşmak wezipesi girýär. 

Geljek ýylyň baharynda Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welotreginde halkara synag ýaryşlaryny guramak meýilleşdirilýär. Ol türkmenistanlylar üçin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda özboluşly synaga öwrüler. Häzir bolsa türgenlerimiz oktýabr aýnda Malaýziýada geçiriljek ýaryşa taýýarlyk görýärler.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder