3 Haziran 2016 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

“Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” gaz geçirijisini gurmak we bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň başlangyç tapgyryny maliýeleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligine daşary ýurt pulundaky serişdelerinden 45 million 50 müň amerikan dollaryny Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynda depozite ýerleşdirmäge ygtyýar berildi. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyna “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlangyç tapgyryny maliýeleşdirmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserniniň maýa goýum paýynyň birinji tölegini geçirmek üçin ýokarda görkezilen serişdeleri Konserne karz bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň ýokary hilli et-süýt önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda çykaran 14046-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary, maldarçylyk toplumlary üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak hem-de olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine  ýetirmek şertlerinde baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Gurluşyk işlerine 2016-njy ýylyň iýun aýynda başlamak we maldarçylyk toplumlaryny 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=4205http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=4205

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder