12 Haziran 2016 Pazar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi, ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň statistika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde bellenilen çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, GDA-nyň Döwletara statistika komitetiniň çözgüdine laýyklykda şu ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda bu düzümiň 55-nji mejlisini hem-de oba hojalyk statistikasy boýunça maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu duşuşygy geçirmek baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, ilkinji hobatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyza Bitaraplyk derejesiniň berilmegi bilen baglylykda, Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlar bilen gatnaşyklary özara hormat goýmak we özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda milli, şeýle hem umumy bähbitlerden ugur alyp guraýar. 

Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen bir hatarda GDA ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklar hem täze mazmuna eýe bolýar. Türkmen paýtagtynda Arkalaşygyň dürli düzümleriniň wekilçilikli maslahatlary birnäçe gezek geçirildi. Olaryň hatarynda GDA-nyň Elektroenergetika geňeşiniň 41-nji mejlisini, Aragatnaşyk ulgamynda sebit arkalaşygynyň aragatnaşyk edaralarynyň baştutanlarynyň Geňeşiniň 46-njy mejlisini, Ykdysady geňeşiň 55-nji mejlisini, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynda öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasyny, GDA-da azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça Halkara ylmy-amaly maslahaty, Arkalaşyga agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahatyny görkezmek bolar. 

Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletleriň statistiki edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşine Türkmenistanyň başlyklyk etmegi üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. 

Biziň ýurdumyz iş ýüzünde Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk babatynda işjeň orna ygrarlydygyny görkezmek bilen, mundan beýläk-de berk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn hyzmatdaşlyk esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermegi ugur edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere GDA agza ýurtlaryň statistika edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňde boljak duşuşygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatynda birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Owganystan  Yslam Respublikasynyň paýtagty Kabul şäherinde şu ýylyň 15-nji iýunynda geçiriljek Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-owgan hökümetara toparynyň altynjy mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Mejlisiň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň, şol sanda söwda, nebitgaz, energetka, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, bilim we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklaryň möhüm meseleleri giriziler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu toparyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goňşy döwletler, hususan-da, köpasyrlyk dostluk däpleri we taryhy-medeni umumylyk baglanyşdyrýan Owganystan bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär diýip belledi. 

Milli Liderimiz asylly däplere ygrarly bolan Türkmenistanyň  Owganystanyň hökümetine we halkyna işjeň halkara goldawyň berilmegine, ýurduň sebitara we halkara ykdysady ýagdaýlara netijeli goşulyşmagyna yzygiderli kömek berýändigini belledi. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, beýleki iri halkara maslahatlarynda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy ýaly giň möçberli taslamalary  öňe sürmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýurdumyz owgan halkynyň  parahatçylykly, abadan durmuşa bolan arzuwlaryny goldamak bilen,  Owganystana ýeňillikli baha bilen elektroenergiýa we suwuklandyrylan gaz ugradýar, goňşy döwletde durmuş maksatly, aýratyn-da, saglygy goraýyş we bilim ulgamyna degişli desgalary gurýar, ýaşlary okatmakda we hünärmenleri taýýarlamakda yzygiderli goldaw berýär. Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde gurlan we golaýda ulanmaga berlen çaga dogrulýan öý Türkmenistanyň goňşy ýurda ynsanperwerlik kömeginiň aýdyň nyşanydyr.

Ýurdumyz  Owganystan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli  hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrar we ösdürer. Goňşy ýurtdaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyna işjeň gatnaşar we owgan halkyna netijeli goldaw, zerur bolan ynsanperwerlik kömegini berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň  bilen baglylykda, degişli Karara  gol çekip, wise-premýere Türkmen-owgan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda welaýatlarda galla oragynyň geçirilişi barada hasabat berdi. Galla oragy bilen birlikde, meýdanlarda samany ýygnamak, sürüm işlerini geçirmek we aralyk ekinleri ekmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Balkan we Mary welaýatlarynda güýzlük gant şugundyryny ekmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. 

Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda gök we bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Daşoguz welaýatynda gurlan dürli maksatly binalary ulanmaga bermek hem-de täze desgalaryň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu işiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bol hasyl almak maksady bilen, gowaça, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça ähli agrotehniki çäreleri ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem galla oragyna gatnaşýan kombaýnçylaryň, awtoulaglaryň sürüjileriniň, tehniki hyzmat ediş toparlarynyň işgärleriniň boş wagtyny göwnejaý geçirmek meselesine ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk desgalaryny iri panelli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada şekil taslamalary esasynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak işleri häzirki zaman pudaklaýyn düzümleri, şol sanda innowasiýa esasynda iri önümçilikleri döretmek arkaly kemala getirilmegini göz öňünde tutýar. “Ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Maksatnamasyna” laýyklykda, geçen ýyl Aşgabadyň we Abadanyň iri panelli jaý-gurluşyk zawodlarynyň hem-de Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” zawodynyň toplumlaýyn durky täzelenildi, kärhanalaryň düşewüntliligi ep-esli ýokarlandy. Olaryň doly önümçilik kuwwatyna çykmagy bilen, otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan, has oňaýly köp gatly jaýlaryň hem-de kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny tiz depginler bilen alyp barmaga mümkinçilik berdi. 

Bu zawodlarda öndürilýän önümleriň esasynda paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda jemi 450 öýden ybarat bolan we umumy meýdany 42 müň inedördül metr 9 gatly jaýlaryň altysy, şeýle hem Çoganly şäherçesinde umumy meýdany 10 müň inedördül metre golaý her biri dört öýli kottež görnüşli 72 ýaşaýyş jaýy, Abadan etrabynda (umumy meýdany 11,592 müň inedördül metre barabar bolan) 4 sany dört gatly ýaşaýyş jaýy guruldy. 

Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda 32 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu ýerde umumy meýdany 31 müň 827 inedördül metr bolan 16 we 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 9-syny gurmak göz öňünde tutulýar. 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde her biri 32 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanmaga berildi we ýene-de şeýle jaýlaryň 6-synyň gurluşygy alnyp barylýar. Şunuň ýaly ýaşaýyş jaýlary Mary welaýatynyň Mary şäherinde hem gurluşygy çalt depginlerde dowam edýär, Wekilbazar etrabynda bolsa 4 desganyň gurluşygyna başlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk materiallary senagatynyň türkmen ykdysadyýetini ösdürmegiň ugurlarynyň daşardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, senagatlaşdyrmak işleriniň tizleşdirilmegi durmuş ugurly, türkmen halkynyň durmuş derejesini we abadançylygyny yzygiderli ösdürmegi göz öňünde tutýan döwlet syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine tabyn edilendigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda dürli maksatly desgalaryň, şol sanda ilat üçin amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan iri möçberli gurluşyk işleri barada aýtmak bilen, munuň senagat pudagynyň kärhanalarynda çykarylýan gurluşyk materiallarynyň hiline we möçberlerine gönüden-göni baglydygyny, olaryň iň ýokary talaplara we häzirki döwrüň ülňülerine laýyk gelmelidigini belledi. Milli Liderimiz ýokary hilli gurluşyk önümleriniň möçberlerini we görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň, bu ulgamda ýokary görkezijilere çykmagyň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekip, alnyp barylýan ähli gurluşyk işleriniň, şol sanda ilat üçin ýaşaýyş jaý desgalarynyň gurluşyk materiallary bilen öz wagtynda üpjün edilmegine gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň 17-nji maýda Aşgabat şäher häkimliginde geçiren iş maslahatynda beren anyk tabşyryklaryna hem-de öňde goýan wezipelerine laýyklykda, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň ýörite iş meýilnamasy taýýarlanyldy, onda, hususan-da, ýurdumyzyň  baş şäheriniň binagärlik keşbini has-da kämilleşdirmek, şäher köçeleriniň we dürli maksatly binalaryň durkuny täzelemek, yşyklandyryş ulgamyny we ýanýodalary döwrebaplaşdyrmak, gök zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar. 

Meýilnamada işleriň möhletleri we möçberleri kesgitlenildi, olar Türkmenistanyň Jemagat hojalygy we Energetika ministrlikleri, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni, Aşgabat şäher häkimligi hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleri bilen bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, Aşgabady mundan beýläk-de gurmak hem-de abadanlaşdyrmak, häzirki zaman amatly şäher gurşawyny kemala getirmek boýunça birnäçe anyk bellikleri aýtdy we görkezmeleri berdi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň paýtagtynyň binagärlik şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de Aşgabat şäheriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki dürli maksatly binalaryň we desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak maksady bilen, Karara gol çekip, wise-premýere onuň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallarynyň16-18-nji iýunda Aşgabatda geçiriljek sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Habar berlişi ýaly, häzirki güne çenli sergä gatnaşmaga isleg bildirýän iri kompaniýalaryň 42-si hasaba alyndy. Olar esasan allýumun gurnamalary, köp görnüşli turbalary, elektrik enjamlaryny, plastik aýna-gapylaryň demir önümlerini, ýyladyş we sowadyş, suw-lagym, aragatnaşyk, ýangyn howpsuzlygy ulgamlarynyň enjamlaryny, şeýle hem mebel we öý hojalyk tehnikasyny öndürýän kompaniýalardyr. Sergä gatnaşyjylar diňe bir taýýar önümi däl-de, önümçilik tehnologiýalaryny hem görkezerler.

Türkiýäniň gurluşyk materiallary senagatynyň öňde boljak gözden geçirilişi daşary ýurt işewürleriniň Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň wekilleri bilen pikir we tejribe alyşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, täze hyzmatdaşlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat eder. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň ýurdumyz iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny ýaýbaňlandyrmak bilen, innowasiýalary hem-de nou-haulary çekmäge gyzyklanma bildirýär, şunuň ýaly işewürlik çäreleri bolsa önümçilik we tehnologiýalaryň dürli ulgamlarynda öňdebaryjy daşary ýurt gazanylanlary bilen tanyşmaga oňat mümkinçilik berýär. 

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallarynyň öňde boljak sergisini guramak meselesine degip geçmek bilen, biziň ýurtlarymyz hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar we milli ykdysadyýetleriň serişdelerini we üstünliklerini hasaba almak bilen, munuň söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň ýaly sergiler hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täsirli guraly hökmünde hyzmat etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere sergini ýokary derejede guramak barada anyk tabşyryklar berdi.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa 14-16-njy iýunda Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini hem-de 16-17-nji iýunda Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli GDA agza ýurtlaryň alymlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan- medeni ruhy gymmatlyklara baý ülkedir”  atly ylmy-amaly maslahaty we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.  

Döredijilik çäresini geçirmek üçin dostlukly ýurduň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň topary Türkmenistana geler. Medeni çäräniň çäklerinde konsertler, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçiriler, gyrgyz kinofilmleriniň görkezilişi we beýleki çäreler bolar. Myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. 

Wise-premýer Daşoguzda geçiriljek “Türkmenistan –medeni-ruhy gymmatlyklara baý ülkedir”  atly ylmy amaly maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, oňa Russiýanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň we Ukrainanyň ylmy-barlag merkezleriniň, institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň, alymlarynyň gatnaşmaga isleg bildirendiklerini habar berdi. 

Welaýatda amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem geçiriler. Forumyň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň sungat ussatlarynyň konserti meýilleşdirildi. Foruma gatnaşyjylar “Köneürgenç”  döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna baryp görerler. 

Döwlet Baştutanymyz Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda geçiriljek Medeniýet günleriniň gadymdan gelýän dostluk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirip, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda görkezme berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip ýglan edilmegi mynasybetli geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahat we sergi barada durup geçip, GDA agza ýurtlar bilen  giň möçberli ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem öňümizdäki forumyň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmekde we wagyz etmekde, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ylym we medeniýet ulgamlarynda gazananlaryny bütin dünýä ýaýmakda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de täze saglygy goraýyş maksatly desgalary ulanmaga bermek boýunça taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkyň saglygy hakyndaky aladanyň, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň, bu pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň wezipeleri Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny belledi. Şu maksat bilen, ýurdumyzda degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli döwrebap desgalaryň  häzirki zaman ýörite enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ilata halkara ülňüleriniň derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryyň giň görnüşini hödürlemäge mümkinçilik berýär.

Köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketiniň, sportuň höweslendirilmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   ýurdumyzda bar bolan sport desgalaryny işjeň herekete girizmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şonuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri bilen türgenleşmäge niýetlenen stadionlaryň, sport meýdançalaryň degişli derejede peýdalanylmaýandygyny, olaryň talabalaýyk saklanmaýandygyny  aýdyp, bu babatda wise-premýere nägilelik bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, sport desgalaryny talaba laýyk saklamakda  kemçiliklere ýol berendigi üçin Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň rektory A.Saryýewe berk käýinç yglan edip, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow ýurdumyzda   durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatyny geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Bitarap Türkmenistan işjeň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna eýermek bilen, beýleki ýurtlar, BMG-niň agzalary bilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin täze ählumumy ösüş Maksatnamasyny taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmek boýunça hereketleriň bu köpugurly toplumlaýyn maksatnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde Bütindünýä sammitinde biragyzdan kabul edildi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol Sammitde eden çykyşynda ýurdumyzyň bu uzak möhletleýin Maksatnamany durmuşa geçirmekde eýeleýän ornuny we oňa bolan çemeleşmelerini, şeýle hem bu baradaky anyk teklipleri öňe sürdi. Munuň özi halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Häzirki döwürde öňe sürlen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň çäklerinde BMG bilen durnukly ösüşiň dürli ugurlary boýunça degişli işleri alnyp barylýar. Durnukly ulag ulgamyny üpjün etmek boýunça umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy onuň möhüm ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ulag meseleleri baradaky ikinji kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, şu ýylyň noýabr aýynyň aýagynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Öňde boljak giň möçberli maslahata toplumlaýyn  esasda taýýarlygyň çäklerinde şu ýylyň aprel aýynda döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi netijesinde degişli guramaçylyk komiteti döredildi.  

Bu ugurda alnyp barylýan işler, anyk çäreler barada hasabat bermek bilen, wise-premýer Maslahatyň gün tertibine möhüm meseleleriň giň toplumynyň girizilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Olaryň hatarynda durnukly ulag ulgamy, daşky gurşawyň üýtgemegi, energetika we ulag, şäher ulag ulgamy we şäherleriň hem-de obalaryň arasyndaky ýol-ulag aragatnaşygy, ulag pudagyna maýa goýum we onuň maliýeleşdirilmegi, ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlyk we onuň hukuk esaslary, köpugurly ulag geçelgeleriniň we olaryň düzümleriniň ösdürilmegi, ýol hereketiniň howpsuzlygy ýaly ugurlar bar. Maslahatyň netijeleri  boýunça  jemleýji resminamany işläp taýýarlamak we kabul etmek meýilleşdirilýär.

Häzirki şertlerde ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmündäki ähmiýetiniň artýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete we deňeçerlige eýe bolmagyna göni täsiri bolan dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orun eýelemek bilen, anyk başlangyçlary öňe sürýär we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär.

Ýurdumyzyň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen we dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan teklipleri we BMG-niň Baş assambleýasynyň 2014 - 2015-nji ýyllarda degişli Kararnamalary kabul etmegi bolsa aýdylanlaryň subutnamasydyr. 

Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi onuň sebitleýin we yklymlaýyn ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesiniň pugtalanmagyny üpjün edýär. Bu ugurda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri doly güýjünde durmuşa geçirmäge çalyşýan ýurdumyz ulag pudagynyň we onuň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ugurlarynyň giňeldilmegine we olaryň täzeleriniň döredilmegine gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu çäreler ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulmagyny, Türkmenistanda üstaşyr gatnawlaryň sebitleýin derejede utgaşdyrylmagynyň üpjün edilmegini şertlendirýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz iri halkara çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň çäklerinde bu ulgamdaky özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle çäreleriň hatarynda 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen ulag-üstaşyr ulgamy boýunça ýokary derejedäki Halkara maslahatyny görkezmek bolar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ulag düzüminiň ösdürilmegi goňşy döwletler bilen iri sebitleýin we yklymlaýyn taslamalary durmuşa geçirýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýn ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa Ýewraziýa giňişliginde ulag akymyny işjeňleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleri açýar hem-de Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň, şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlarynyň kuwwatly ykdysady merkezlerine çykalgany üpjün edýär. 

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan  demir ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabatdaky we welaýatlardaky döwrebap howa menzilleri, ýokary tizlikli ulag ýollary, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menzili we beýleki desgalar, şeýle hem gurlan we häzirki döwürde gurulýan toplumlar halkara ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm bölekleri bolup durýarlar.

Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady ösüşini nazara almak bilen, Türkmenbaşy deňiz menziliniň üsti bilen bu ýurtlara ugradylýan üstaşyr ýük gatnawlarynyň we özara ýük dolanyşygynyň artmagy çaklanylýar. Ýolagçy gatnawlarynyň ýokarlanmagy diňe bir Hazarýaka ýurtlarynda däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulag gatnawlarynyň ösdürilmegini üpjün eder. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi mähriban Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygynyň, Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň zerur hasaplanýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda,  ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen  döwlet tarapyndan ýörite gaznanyň döredilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Munuň özi ählumumy maslahatyň bu ugurda bar bolan wezipeleriň çözgüdini üpjün etmekde hem-de çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň ýola goýulmagynda ähmiýetli bolar.  

Möhüm ugurda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine netijeli goşant boljak ählumumy maslahatyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz  wise-premýere maslahata taýýarlygyň we ony geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, ähli bar bolan meseleleri jikme-jik öwrenmek we olary öz wagtynda çözmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.    

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ösüş maksady bilen, 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

BMG bilen köpugurly hem-de strategiki häsiýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesine daýanyp, bu abraýly halkara guramasy bilen gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde dürli ugurlar boýunça taslamalaryň 264-sini durmuşa geçirendigi bellenildi. Bu taslamalaryň  ählisi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2005-2009-njy we 2010-2015-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyryldy. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji aprelinde ýokarda agzalan Çarçuwaly maksatnama nobatdaky bäşýyllyk möhleti üçin gol çekildi. Maksatnamany durmuşa geçirmek üçin strategiki ugurlaryň dördüsi boýunça degişli Meýilnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Şol ugurlaryň hatarynda energotygşytlylyk we dolandyryş; howanyň üýtgemegi bilen bagly wajyp meseleleri çözmek; durnukly ykdysadyýetiň, hukuk kepillikleriniň ýokary derejesini üpjün etmegiň esasynda ilaty iş bilen üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmek babatda tagallalaryň birleşdirilmegini göz öňünde tutýan  kanunynyň hökmürowanlygy we ykdysadyýetiň köpugurlylygy ýaly ugurlar bar. Ýene-de bir ugur milli statistika ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýan  ýokary hilli maglumatlar ulgamyny we ösüşiň monitoring ulgamyny döretmek bilen baglanyşyklydyr. 

Şu Maksatnamany we Meýilnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistan BMGÖM-niň, ÝUNISEF, BMG-niň ilat Gaznasy we beýleki düzümleri bilen bilelikde milli derejede dürli taslamalary amala aşyrmagy meýilleşdirýär. 

BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde döwletimiz tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen Ylalaşygyň taslamasy taýýarlanyldy, ol hem milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň BMG bilen ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän strategiki hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralary bilen özara gatnaşyklaryň baý tejribesini toplamak bilen, bu däbe öwrülen gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmek boýunça anyk ädimleri ädýär. Ýurdumyz BMG-niň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmäge hem-de pugtalandyrmaga ýardam edýän döredijilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar. 

Milli Liderimiz hereketleriň Meýilnamanyň we ýokarda agzalan Ylalaşygyň taslamalaryny makullap, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine bu Meýilnamany hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Munuň özi uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam eder. 

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  Ý.Mämmedowy  şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý-Darussalam Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow  döwlet Baştutanymyzy egindeşleriniň adyndan ýetip gelýän baýram – däp bolşy ýaly, her ýyl 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen  üstünlikli amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler netijesinde  bu möhüm ulgamyň ösüşi hil taýdan täze derejä çykandygyny belläp, milli Liderimize berk jan saglyk hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze uly üstünlikler arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ylmyň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedigini belledi. şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň we ösdürilmeginiň, ylmyň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklarynda netijeli ulanylmagynyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. 

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň görülýändigini, ýokary hünärli alymlary taýýarlamaga uly üns berilýändigini, zehinli ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Aşgabatda Tehnologiýalar merkezi açyldy we hereket edýär. Ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny artdyrmakda, türkmen ylmyny täze sepgitlere çykarmakda bu merkeze möhüm orun degişlidir. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň alymlarynyň öz açyşlary bilen eziz Watanymyzyň mundan  beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirip, Türkmenistanda mundan beýläk hem ylmy ösdürmek, önümçilige onuň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak üçin ähli şertleriň dörediljekdigini nygtady. 

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmenistanlylary, şeýle hem ylym işgärlerini ýetip gelýän baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýar durmuş, alymlara bolsa ylym ulgamynda uly üstünlikleri we täze ajaýyp açyşlary arzuw etdi. 

Mejlisiň barşynda beýleki käbir meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder