4 Haziran 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Dokma Senagatynyň Halkara Sergisi

Hormatly sergä gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar! 

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli guralýan «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy ösüşiň täze tapgyrynda» atly halkara serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini bu gün bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Türkmenistanyň dokma pudagynyň ösüşiniň belent sepgitlerini doly aýdyňlygy bilen halkymyza ýetirmekde hem-de dünýä ýaýmakda bu halkara serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn! 

Gadyrly myhmanlar! 

Zähmetsöýer, mert, gujur-gaýratly, halal, ata Watanyny janyndan hem eý görýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilýär. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän zawod-fabrikler gurulýar, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümler öndürilýär. 

Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, eksport kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, uly işler alnyp barylýar. 

Şu ýyl Aşgabadyň nah mata kombinatynyň meýdançasynda ýyllyk kuwwaty 2,5 million jübüt jorap öndürýän önümhananyň açylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Eziz Watanymyzyň ykdysady ösüşiň täze belentliklerine çykmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy netijesinde döwletimiziň raýatlarynyň her biriniň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi düýpli gowulandy. Ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler daşymyzy gurşap alýan tebigata zyýan ýetirmezden sazlaşykly amala aşyrylýar. 

Dünýä ylmynyň gazananlaryny, häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň senagatyny, ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek häzirki döwürde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. 

Önümçilige täze, netijeli usullary ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän halkara sergilerdir ylmy maslahatlar bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn netijeleri berýändigini aýdyň görkezýär. 

Hormatly sergä gatnaşyjylar! 

Ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň zähmetsöýer işgärleriniň, tutuş halkymyzyň gazanýan üstünlikleri ak mermere beslenen ajaýyp Aşgabatda geçýän halkara sergide görkezilmäge mynasypdyr. 

Türkmenistanyň Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän halkara sergi hyzmatdaşlarymyzy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iri pudaklarynyň biri bolan dokma pudagynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer. Sergi öz önümlerini görkezýän we hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wekillerine, hususy telekeçilere özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, pudakda ýüze çykýan meseleleriň çözgütlerini bilelikde gözlemäge, bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňat mümkinçilikleri döreder. 

Hormatly adamlar! 
Gadyrly myhmanlar! 

Sizi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistanyň Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! 

Siziň her biriňize berk jan saglyk, işde üstünlik, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we dokma senagaty pudagyny kämilleşdirmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder