12 Haziran 2016 Pazar

Türkmenistanda Alymlaryň Halkara Maslahaty Geçýär

Paýtagtymyzda milli senenamamyzyň ähmiýetli senesi bolan Ylymlar gününe bagyşlanan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty açyldy.

Maslahata türkmen alymlaryndan başga-da, 50-den gowrak ýurtdan mugallymlar we ýaş zehinler, ylmy-barlaglary alyp barýan alymlar, ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşýar. Şol ýurtlaryň hatarynda Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Niderlandlar, Türkiýe, Eýran, Ysraýyl, Bolgariýa, Kanada, Azerbaýjan, Russiýa, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Özbegistan, Täjigistan, Latwiýa, Estoniýa, Ukraina, Kongo we beýlekiler bar.

Maslahatyň açylyşy döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça döredilen hem-de ylmy pikirleri we çözgütleri, amaly işläp taýýarlamalary hem-de olaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny toplumlaýyn ulgama birleşdirip, ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetiniň, “bilimler ykdysadyýetiniň”, aň-paýhas binýadynyň we ylmy-tehniki kuwwatynyň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolmaga gönükdirilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirildi. 

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara hem-de Türkmenistanyň ähli ylmy jemgyýetçiligine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Watanymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornuny pugtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolup hyzmat edýän ylym ulgamynyň hem döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, daşary ýurtlar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda gazanylan hökümetara ylalaşyklarynda hem ylym esasy orny eýeleýär. 

Bölümçe mejlisleriniň barşynda çykyş edenler innowasion ykdysadyýetiň mazmuny boýunça halk hojalyk toplumynyň ähli ykdysady işleriniň we ýagdaýlarynyň hil taýdan üznüksiz täzelenip durmagyna maýa goýmak bolup durýandygyny bellediler. Ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri, amaly maksatlara gönükdirilen ylmy-barlag edaralary, oýlanyşykly pikirleriň, teklipleriň, düýpli taslamalaryň “öndürijisi” hökmünde senagat taýdan innowasion we tehnologik merkezler şeýle ykdysadyýetiň aýrýlmaz düzüm bölegi bolup durýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenip düzülen döwlet gurluşynyň konsepsiýasynda, milli ösüş maksatnamalarynda netijeli tehnologiýalara birleşdirilen çuňňur nazary bilimlere we giň tejribä esaslanan ykdysadyýeti ösdürmegiň innowasion ýoluna esasy orun berilýär. Biz bu tehnologiýalary olarda diňe bir iň täze sanly ulgamlaryň we öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriň herekete getirilendigi üçin däl, eýsem, ilkinji nobatda, önümçilikde, jemgyýetçilik durmuşynda we ýaşaýyşda, adamlar babatda olaryň hakyky peýdasyny göz öňünde tutup, “ýokary derejeli” diýip atlandyrýarys. 

Mejlisdäki ylmy çykyşlar energetikadan başlap, ekologiýa çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň örän wajyp nazary we amaly meselelerini gurşap aldy. 

Bolgariýaly alym Georgi Georgiýew slanesli gazyň dünýä hojalygynyň ýangyç-energetika sazlaşyklylygyna etjek täsiri babatdaky çaklamalar meseleleri boýunça habar berdi hem-de palçyk görnüşli (slanesli) serişdelere we uglewodorodlaryň gazylyp alnyşyna baha bermekde Ýewropadaky ýagdaýyň mysalynda esasy ýagdaýy kesgitledi. 

Hasabat bereniň pikirine görä, munuň bazara täsiri ýer astyndaky baýlyklaryň häsiýetnamalarynyň we slanesli gazy almagyň usullarynyň hem-de olaryň daşky gurşawa täsirleriniň jikme-jik ulgamlaýyn garalmagyna esaslanan seljermäni talap edýär. Ekologlaryň hasaplamalary boýunça ony gazyp almagyň tehnologiýalary (gidrobölünme) topragyň gatlaklarynyň, ýerasty suwlaryň, howanyň zäherli maddalar bilen uly möçberde hapalanmagyna, radiasiýanyň ýokarlanmagyna we bugarma alamatlarynyň güýçlenmegine getirýär.

Bolgariýaly alymyň çykyşynyň üstüne häzirki günde tebigy gazyň dünýäniň energiýa üpjünçiliginiň çäklerinde gazylyp alynýan ýangyjyň geljegi has uly görnüşi bolup durýandygyny goşaýmak galýar, çünki ol kömürturşy gazyň (bugarma ýagdaýyny ýüze çykarýan) howa bölünip çykmasynyň iň pes derejesini göz öňünde tutýar hem-de CO2-niň bölünip çykmasy 50 göterim köp bolan kömüri üstünlikli çalşyp bilýär. Tebigy gazyň peýdalanylmagy, şeýle hem Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Ýewropa maksatnamasynyň, Howanyň üýtgemegi hakynda BMG-niň Konwensiýasynyň we oňa goşulan Kiota Teswirnamasynyň çäklerinde has-da isleg bildirilýär. Bu resminamalara ekologiýa taýdan arassa “mawy” ýangyjy dünýä möçberinde esasy iberijilere degişli bolan Türkmenistan hem goşuldy. Alternatiw we adaty bolmadyk energetikanyň depginli ösdürilýändigine garamazdan, dünýäniň energiýa deňeçerliginiň düzüminde gazyň paýynyň 2040-njy ýyla çenli 21 göterimden 25 göterime çenli ýokarlanjakdygyna bilermenler ynanýarlar. 

Bütin adamzat üçin beýleki bir ekologiýa meselesini – suw gurşawynyň hapalanmagyny öz çykyşlarynda Ýaponiýadan Izumi Ikinoze degip geçdi. Olar suw arassalaýjy häzirki zaman tehnologiýalary we iň täze görnüşli senagat süzgüçleri barada gürrüň etdiler. Hususan-da, ol gowulandyrylan iş häsiýetleri bilen tapawutlanýan nano-düzümli membranalary we absorbenti peýdalanmagyň mümkinçiliklerini bu ýere ýygnananlaryň dykgatyna ýetirdi. Ýokary berklige, termodurnuklylyga, ýag durnuklylygyna, könelmä garşy durnuklylyga eýe bolan nano-serşdeli şunuň ýaly arassalaýjy enjamlar suw böleklerini işlemek üçin nebitgaz känlerini işläp taýýarlamakda ulanylyp bilner. Nano-membranalaryň kömegi bilen ýagy, ýokançlyklary, bakteriýalary, organiki maddalary, agyr metallary we beýlekileri goşmak bilen, dürli hapalanmalaryň ähli görnüşleri diýen ýaly ýok edilýär. 

Ýapon işläp düzüjileriň adyndan toplanan tejribeleri alyş-çalyş etmäge hem-de suwy arassalamagyň täze tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak babatda türkmen kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, bilelikdäki taslamalara, tejribe nusgalaryny, olary mundan beýläk önümçilige ornaşdyrmak üçin synag geçiriş barlaglaryna gatnaşmaga taýýardyklary beýan edildi. 

XXI asyryň baş gurluşyk maksatnamasy hökmünde binalaryň we ymaratlaryň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga bagyşlanan gyzykly çykyşyny Russiýadan Ýuriý Tabunşikow beýan etdi. Binalaryň taslamasyny düzmegiň häzirki zaman maksatnamasynyň esasynda daşky gurşawymyzyň hiliniň biziň durmuşymyzyň hiline gönüden-göni täsir edýändigi baradaky pikir durýar. Öňler kesgitleýji görkeziji bolmadyk binalaryň energiýa sarp edijiligi häzir oňat taslamanyň baş alamatyna öwrüldi. Dünýäde energetika taýdan netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda taslamalary düzülen we gurlan binalar, kiçi etrapçalar we hat-da tutuş binagärlik-gurluşyk zolaklary barha köp peýda bolýar.  Binalaryň energiýa taýdan netijeliliginiň derejesini kesgitleýän ýörite söz düzümleri hem, biohowa binagärligi, “sagdyn” we “paýhasly” bina, “akylly” öý we ş.m. ýaly düşünjeler peýda boldy. 

Hindistandan Nasim Ahmad şa suw serişdelerini dolandyrmak boýunça döwrebap tehnologiýalary maksatlaýyn öwrenmegiň meselelerine ünsi jemläp, Türkmenistanyň oba hojalygynda innowasiýa mowzugyny saýlapdyr. Ol öz barlaglaryny täze ykdysady ýagdaýlarda ýurdumyzyň suw hojalyk işleriniň esasy ugurlaryna, suw serişdelerini dolandyrmakda modelirleme usullaryna bagyşlady. Suwdan oýlanyşykly peýdalanmak, suwy goramak çäreleri, innowasion tehnologiýalara uly ýykgyn etmek bilen suwaryş ulgamynda çözgütleri kabul etmegi goldamak ulgamyny gurmak bilen baglanyşykly netijelere aýratyn orun berildi. 

Foruma daşary ýurtly gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan mowzuklar boýunça özara pikir alyşmalardan başga-da, Ylymlar gününe bagyşlanan dürli dabaralara – ýaş türkmen alymlarynyň ylym bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertine gatnaşmaga hem mümkinçilik aldylar.

Ertir maslahat işini bölümçeler boýunça dowam eder. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Täze senagat-innowasion tehologiýalar” mowzugynda bölümçe mejlisi bolar. Oňa gatnaşyjylar milli senagaty döwrebaplaşdyrmakda öz ýurtlarynyň tejribelerini  görkezerler, türkmen hünärmenleri bolsa daşary ýurtlulary häzirki wagtda ýurdumyzyň nebit we gazhimiýa, elektroenergetika pudaklarynyň önümçiligine, gurluşyk serişdeleri senagatyna, uglewodorod, mineral serişdelerini hem-de beýleki peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary  almak we gaýtadan işlemek ulgamyna we beýlekilere ornaşdyrylýan iň täze işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrarlar. 

Ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen taslamalaryň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçiriler. Bu mejlisiň gün tertibine şeýle hem seýsmiki goraglylygy üpjün etmegiň, şäher hojalygyny, aragatnaşyk ulgamlaryny, ulag gatnawlaryny dolandyrmagyň usullary, hemra tehnologiýalary baradaky meseleler çykarylar.  

Tehnologiýalar merkezinde ekologiýa we biotehnologiýalar meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu topluma degişli meselelere, şeýle hem agrar ylmynyň hem-de oba hojalygyny— maldarçylygy, guşçylygy we ösümlik dünýäsini, stategik ekinleriň seçgiçiligini, weterinariýany we zootehnikany, gen inženeriýasyny, suwdan oýlanyşykly peýdalanylmagyny innowasion taýdan ösdürmegiň wezipeleri girizildi.

Bu ýerde şeýle hem howanyň ählumumy ýylamagynyň meselelerini sazlaşdyrmagyň ýörelgelerine, Aral deňziniň ýagdaýyna, topragyň hasyllylygyny artdyrmagyň hem-de ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmegiň usullaryna garalar. 

“Ykdysady ösüş, halkara hyzmatdaşlygy we hukuk” mejlisi Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, “Lukmançylyk we derman serişdeleriniň önümçiligi” diýen bölümçe bolsa Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçiriler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde alymlaryň çykyşy ynsanperwer ylymlarynyň ösüşiniň ugurlaryny öz içine alýan mowzugy kesgitlär.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylaryň paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary, TYA-nyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary bilen duşuşyklary, Aşgabadyň gözel ýerlerine baryp görmegi özünde jemleýän medeni maksatnama taýýarlanyldy.             

Daşary ýurtly myhmanlar TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň işi, onuň netijeleriniň dürli maslahatlarda yzygiderli tanyşdyrylýan ylmy barlaglar bilen tanyşmaga hem mümkinçilik alarlar. Mysal üçin, diňe geçen hepde bu ýerde dürli pudaklaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda “Ýurdumyzyň ösüşinde innowasion tehnologiýalar” atly ylmy maslahat geçirildi. 

Onda möhüm ugurlar boýunça ylmy işleriň netijeleri hem-de lukmançylykda we farmakologiýada, senagat ulgamynda, energetika toplumynda, ýurdumyzyň iň ýaş kosmos pudagynda, şeýle hem oba hojalygynda, gurluşykda, maglumat-aragatnaşyk ulgamynda we beýlekilerde täze usullaryň hem-de işläp taýýarlamalaryň peýdalanylyşynyň tejribesi baradaky maglumatlar seljerildi. Aýratyn bölümçe Türkmenistanyň tebigy serişdelerini toplumlaýyn gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalaryň peýdalanmagyna bagyşlanyldy. Tehnologiýalar merkeziniň ylmy işgäri tebigy ylymlaryň mikrobiologiýa, bioekologiýa, şeýle hem himiýa, botanika we beýlekiler ýaly ulgamlarynda öz amaly barlaglarynyň netijelerini görkezdiler.

Mysal üçin, ylmy institutlaryň barlaghanalarynda hem-de TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde pagta çig malynyň netijeliliginiň we hasyllylygynyň ýagdaýlaryny öwrenmek boýunça gowaçanyň görnüşleriniň seçgiçiligini gowulanlandyrmak maksady bilen, işler alnyp barylýar,  gök ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň in vitro (“aýnanyň içinde”) usuly synagdan geçirildi. Bu täze biotehnologiýa häzir oba işewürliginiň dünýä bazaryna üstünlikli çykýar. Biziň alymlarymyz emeli iýmitlendirilýän gurşawda Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerini ösdürip ýetişdirmegiň usulyny synag etdiler.

Alymlar diňe bir barlaghanalarda däl, tebigy goraghanalarda, zakazniklerde hem işläp, miwe ekinleriň, bejeriji otlaryň we beýleki ösümlikleriň gymmatly, seýrek we gadymdan saklanyp gelýän görnüşlerini, ýurdumyzyň baý “ýaşyl” genefonduny gorap saklamak maksady bilen, olaryň ýabany görnüşlerine barlag geçirýärler.   

Hazarýaka çöketligindäki çöllüge geçirilen barlag toparynyň agzalary daşky gurşawy özgertmäge örän güýçli täsir edip, ol ýerde ýaşaýan beýleki jandarlaryň ýaşaýyş şertlerini kesgitleýän ösümlikleriň 40 görnüşini ýüze çykardy. Bu maglumatlar uly giňişlikleri bagy-bossanlyga öwürmek, bol otly öri meýdanlaryny emele getirmek, ösümlik dünýäsini özgertmek üçin has hem wajypdyr. 

“Altyn asyr” kölüniň hem-de onuň akabalarynyň sebitlerine, şeýle hem Hazarýaka sebitlerine bu ýerlerde dowardarçylygy hem-de düýedarçylygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, öri meýdanlarynyň suw bilen üpjünçilik ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem oba hojalyk mallaryna kesel ýaýradyjy zyýanly mör-möjekleri öwrenmek maksady bilen barlag toparlary guraldy. 

Mundan başga-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň, deňizýaka şäherleriniň suwunyň düzümi alymlar tarapyndan yzygiderli barlanylýar, paýtagtymyzda we beýleki ilatly ýerlerde howanyň hil derejesiniň barlagy ýöredilýär. 

Türkmen programmaçylarynyň nanotehnologiýa we energetikany saýlap almak mümkinçiligi, ilki bilen gün energiýasy boýunça tejribe we barlag taslamalary, täze işläp düzmeleri baradaky çykyşlary uly gyzyklanma döretdi. 

Golaýda türkmen alymlary Koreýa Respublikasynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda kiçi tejribe gün elektrostansiýasyny gurnadylar.  Häzir ol synag ýagdaýynda işledilýär. Bu babatda tapgyrlaýyn synaglar ýurdumyzda gün energetikasyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalary öwrenmek üçin zerur bolan maglumatlary almaga mümkinçilik berer. 

Ylmy maslahata gatnaşyjylaryň 90 töweregi çykyşlary “Ýurduň ösüşinde innowasion tehnologiýalar” atly ýygyndyda çap edildi. Bu ýygyndy ylymda ilkinji ädimlerini ädýän ýaş hünärmenlere we talyplara oňat goldaw bolar. Şeýle hem bu ýerde arheologiýa barlaglarynyň netijeleri hem görkezilipdir. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Paryzdepe ýadygärligi barada makalalar ýygyndysy hem taýýarlanyldy. Ol ýerde bu gadymy şäheriň maddy medeniýeti barada täze maglumatlary getirýän gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Täze neşire Paryzdepäniň golaýynda ýerleşen obalara amala aşyrylan ylmy-barlag toparlary tarapyndan ýygnalan etnografiýa maglumatlary hem girizildi. 

Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç we Görogly etraplaryna öten zamanlarda dürli hünärleriň ösüş taryhyny, geçen asyrlaryň ussatlarynyň miraslaryny öwrenmek maksady bilen, ylmy toparlaryň işi guraldy. 

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunldaky arheologik ýadygärlikleri barlamak boýunça işler hem dowam etdirilýär. Olaryň jemi 70-si hasaba alyndy (Ahal welaýatynda 9, Balkan welaýatynda 17, Mary welaýatynda 8, Daşoguz welaýatynda 11, Lebap welaýatynda 25).  

Ylymlar akademiýasy tarapyndan Ylymlar gününiň öň ýanynda birnäçe çäreler, şol sanda kitap sergileri, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda, Taryh institutynda, Milli golýazmalar institutynda  hünär ugurly maslahatlar hem guraldy. Olarda gumanitar alymlaryň köptaraply işleriniň netijeleri jemlendi.  

Täze gurluşyk serişdelerini döretmegiň mümkinçiliklerini barlaýan alymlaryň işi hem örän uly möçbere eýedir. Mysal üçin, ýolgurluşyk serişdesi hökmünde täze düzümli özünde kükürt maddasyny saklaýan tejribe üçin beton görnüşleriniň fiziki-mehaniki häsiýetleriniň synagy geçirildi. Şeýle hem gudrony turşatmak ýoly bilen alnan ýol-gurluşyk bitumyna daşary ýurtlardan getirilen hem-de ýerli çig maldan taýýarlanan düzüm özgerdiji goşundy maddanyň täsiri boýunça ylmy derňewler geçirildi. Täze barlaglaryň aglabasynyň netijeleri senagat kärhanalarynyň önümçiligine ornaşdyryldy. 

Ýurdumyzyň alymlary tarapyndan süýt we süýt önümlerinde brusellýoz keselini barlamak, şeýle hem  brusellýoza garşy täze sanjym dermanyny döretmek üçin emele getirilen täze antigeni ulanmak boýunça gollanma  Döwlet weterinar gullugy tarapyndan tassyklandy hem-de önümçilige ornaşdyrylmaga  teklip edildi. 

Bular türkmen alymlarynyň amala aşyran işleriniň diňe käbir ugurlarydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda islendik döwletiň durnukly ösüşi we hemmetaraplaýyn gülläp ösüşi ylmy daýanmazdan mümkin däldir diýip nygtaýar. Milli Liderimiziň bu çagyryşyna milli ylmy mekdep halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, binýatlaýyn we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek boýunça wajyp meseleleri çözmek bilen mynasyp jogap bermäge çalyşýar.  Bu geçen halkara ylmy maslahatynyň hem esasy wezipesi muňa ýardam etmekden ybaratdyr.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder