4 Haziran 2016 Cumartesi

Türkmen Talyplary Matematika Boýunça Halkara Olimpiadasynda Umumytoparlaýyn Birinji Orna Mynasyp

Türkmen talyplary matematika boýunça halkara olimpiadasynda umumytoparlaýyn birinji orna mynasyp boldular. 27 sany ýokary okuw mekdepleriň wekilleri Bolgariýanyň Ruse şäherinde geçen intellektual ýaryşyň gatnaşyjylary boldy. Olimpiadanyň “eýeleri” bilen bilelikde medallar ugrunda 5 ýurtdan, ýagny Russiýa Federasiýasyndan, Rumyniýadan, Sloweniýa we Makedoniýa Respublikalaryndan, şeýle hem biziň ýurdumyzdan matematikler göreşdi. 

Olimpiada gatnaşýan türkmenleriň hasabynda dürli medallaryň 9-sy bar. Şolaryň netijesinde biziň ýurdumyz umumy topar hasabynda birinji ýere mynasyp boldy. 



Şu birnäçe gezeklik üstünlik olimpiadada 3 sany ýokary okuw mekdebiň – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleriniň birkemsiz çykyşynyň netijesi boldy. 

Altyn medallaryň eýeleri – Töremyrat Gurbanow we Şageldi Hudaýberdiýew - Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyplary, şeýle-de oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Eziz Kakyşow boldylar. 

Kümüş medallaryna 1-nji ýyl talyplaryň üçüsi – ýagny energetika institutyndan Mekan Hojaýew, Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Nurýagdy Tirkeşow we Gülli Gullyýewa mynasyp boldylar. 

Bürünç medallaryny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden Gurbangül Begenjowa we Şahlo Hasanowa, şeýle-de oba hojalyk institutynyň üçünji ýyl talyby Nury Atajanow aldylar. 



Biziň toparymyzyň agzalarynyň köpüsiniň has uly tejribä eýe bolan bäsdeşlerine mynasyp bäsdeşlik edip bilen birinji ýyl talyplardygy begendirijidir. 

Türkmen gatnaşyjylarynyň dersi gowy bilşini görkezendikleri – ýurdumyzyň Hormatly Prezidentimiziň yglan eden innowasion bilim özgertmesiniň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň iň gowy subutnamasydyr. 

Bolgariýadaky matematika boýunça olimpiadanyň türkmen baýrakçylarynyň hormatyna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde tegelek stoly gurnaldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder