12 Haziran 2016 Pazar

Hyundai Engineering-den Kebşirleme Işleri Üçin Täze Tehnologiýalar

Hyundai Engineering (Koreýa Respublikasy) kompaniýasy Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin Hünärmenleri taýýarlaýan merkezini açdy. Bu ýerde bir ýylyň dowamynda 400-den gowrak adam kebşirleme işiniň häzirki zaman tehnologiýalaryny özleşdirip bilerler. Instruktorlar hökmünde okuw işini ýolbaşçylygy koreý kompaniýasynyň we potratçy guramalaryň hünärmenleri amala aşyrarlar.

Mälim bolşy ýaly, Hyundai Engineering kompaniýasy Gyýanly şäherçesinde 2014-nji ýyldan bäri polipropilen we polietilen öndürýän gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça iri taslamany durmuşa geçirýär. Dünýäniň abraýly maliýe we ätiýaçlandyryş guramalarynyň baha bermegine görä, bu taslama 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Aziýanyň iň gowy taslamalarynyň onlugyna girdi we «ТХЕ» (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Türkmenistan bilen Hyundai Engineering kompaniýasynyň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Gyýanlyda etanyň krekingi desgasy oturdyljak polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygy ýurdumyzda tehnologiki özgertmeleriň iň esasy taslamalarynyň biri bolup durýar. ,undan başga-da, kompaniýa başga-da nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we nebithimiýa ulgamlarynda birnäçe möhüm infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirdi.

Hyundai Engineering-iň tagallasy bilen açylan Kebşirleýji-hünärmenleri taýýarlamak boýunça merkezde nazary bilimleri öwretmek we tejribe sapaklaryny geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. bu ýerde her biri 100 adamdan ybarat dört topar okuw geçerler. Kompaniýanyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň iň ýokarky çäginde on müňden gowrak işgär gerek bolar.

Hyundai Engineering kompaniýasy Kebşirleýji-hünärmenleri taýýarlaýan merkezini döredilmegine Gyýanlydaky gurluşyk işlerini amala aşyrmak üçin esasy möhüm taslama hökmünde garaýar. Kompaniýanyň resmi wekili bolan jenap Park Jihonyň bellemegine görä, okuw merkezi türkmen hünärmenleriniň tehniki taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň durnukly nusgasy bolar.

Geljekde kompaniýa diňe bir hünär başarnykly işgärleri taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem, zawodyň dürli tehniki hünärmenleriniň derejelerini artdyrmaga ýardam eder. Munuň üçin taýýarlyk maksatnamasyny, oňa ýene-de KIPweA, elektrik ýaly ugurlary goşmak arkaly giňeldip bolar.

Hyundai Engineering Gyýanly şäherçesinde taýýarlyk merkezini döretmek boýunça taslamasyny türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, hususan-da, hünärmenleriň hünär başarnyklaryny ösdürmek we ilatyň iş bilen üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmagyň möhüm goşandy hasaplaýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder