4 Haziran 2016 Cumartesi

Guýularyň Burawlanmagy Nebitiň Çykarylyşynyň Artýandygynyň Görkezijisidir

Kenarýaka sebitleriniň nebitçileri Demirgazyk Goturdepe hem-de Altyguýy ýataklarynda buraw işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Buraw ussasy R.Mämmetnurowyň brigadasy taslama çuňlugy 5500 metr bolan №220 belgili guýynyň gysga möhletde 2550 metrini, buraw ussasy S.Klyçmämmedowyň brigadasy bolsa, Altyguýy ýatagynda taslama çuňlugy 4250 metr bolan №33 belgili guýynyň 3513 metrini burawlamagy başardylar.

Täze ýataklary özleşdirýän buraw brigadalarynyň görkezýän ýokary görkezijileri öndürijileriň, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alym-geologlarynyň, senagat geologlarynyň, geofizikleriň we kenarýaka sebitlerindäki baý nebit ýataklaryny özleşdirmek işine gatnaşýan beýleki ugurlardaky hünärmenleriň sazlaşykly işiniň netijesi bolup durýar. Eýýäm bäş ýyldan gowrak wagt bäri nebitçiler Hazar deňziniň ýalpaklygynda «Demirgazyk Goturdepede işleri alyp barýarlar. Häzir bu ýerde Goturdepedäki buraw işleri müdirligi 5 sany barlag hem-de 10 sany ulanyş guýularynda ýokary depginlerde buraw işlerini alyp barýarlar.

Häzirki wagtda Esenguly etrabynda ýerleşýän Altyguýy ýatagynda birbada üç sany barlag hem-de on bir sany ulanyş guýularynda buraw işleri amala aşyrylýar.

Üstesine-de, öňler Demirgazyk Goturdepe we Altyguýuda ulanyş buraw işleri daşary ýurt kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylan bolsa, häzirki wagtda bu işler ýerli nebitçiler tarapyndan ýerine ýetirilýär. «Türkmennebit» DK-nyň kärhanalary has ýokary çuňluklarda buraw işlerini alyp barmaga niýetlenilen kuwwatly häzirki zaman enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu bolsa öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk hem ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda ýurduň nebitgaz pudagynyň öňünde täze nebit ýataklaryny özleşdirmek işini çaltlandyrmak, ulanyşdaky ýataklaryň öndürijiligini artdyrmak, nebit plastlarynyň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak, uglewodorod serişdeleriniň çykarmaklygy toplumlaýyn mehanizasiýalaşdyrmak hem awtomatlaşdyrmak ýaly wezipeler goýuldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder