3 Haziran 2016 Cuma

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Ylmy-Amaly Maslahat Geçirildi

Ankara şäheriniň Hajattepe uniwersitetiniň Mehmet Akif Ersoý adyndaky maslahatlar zalynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna we “Mirasa Sarpa Goýmak we Watany Özgertmek Ýylyna” bagyşlanyp Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky İlçihanasy tarapyndan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata İlçihananyň ýolbaşçylary, Türki Halklaryň Medeniýetiniň Halkara Dolanşygy TÜRKSOÝ-yň baş sekretary, halk deputatlary Türkmenistandan we Türkiýeden alymlar, Türkmenistan-Türkiýe Dostluk Jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkiýede okaýan türkmen talyplary, Türkiýäniň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahaty açan Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary ilçisi İşanguly Amanlyýew, ilkinji nobatda şeýle möhüm we ähmiýetli çäräniň geçirilmegine goldaw berenlere, gatnaşyjylara sagbolsun aýtdy. İ. Amanlyýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen soňky ýyllarda ýurduň täze üstünliklere, täze sepgitlere ýetendigini, durmuşa geçirilýän döwlet taslamalarynyň netijesinde onuň hasam öňe gitjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda eden ösüşleri, durmuşa geçiren özgertmeleri, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýeten sepgidi, dünýä arenasynda eýeleýän pozisiýasy we gazanan abraýy barada giňişleýin maglumat beren İlçi İ.Amanliýew, hususanda doganlyk Türkiýe döwleti bilen edilýän gatnaşyklaryň ähli ugurlarda kanagatlanarlydygyny aýtdy.

TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Düsen Kaseinow bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasyndaky İlçihanasynyň TÜRKSOÝ-yň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýandygyny, özlerine berilýän goldaw üçin Prezident Berdimuhamedowa aýratyn sagbolsun aýtmak isleýändigini nygtady.

Halk deputaty Mehmet Günal bolsa doganlyk Türkmenistanyň şeýle buýsançly gününde özleriniň hem buýsançlydygyny, Türkiýäniň ähli platformalarda doganlyk Türkmenistan bilen arkalaşykly işlemäge dowam etjekdigini, özara gatnaşyklarda ýetilen sepgidiň kanagatlanarly bolandygyna garamazdan onuň täze sepgitlere ýetirilmegi üçin arman-ýadaman işlejekdiklerini aýtdy.

Türkmenistan-Türkiýe Dostluk Jemgyýetiniň baýry başlygy Selahattin Baýsal bolsa Pyragynyň arzuwyny eden Türkmen döwletiniň garaşsyzlygynyň 25-nji ýylynda şeýle dabaraly pursatda özüni bagtly saýýandygyny nygtap: “Ata watan Türkmenistan döwletleriň taryhynda uzak bolmadyk taryhy döwürde iňňän uly üstünlikler gazandy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri durmuşa geçirilýän durnukly we parasatly syýasatlaryň netijesinde ýetilen sepgit seýrek gabat gelýän başarjaňlygyň nusgasydyr. Biz iki doganlyk ýurduň, şol sanda dünýä ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarynyň gülläp ösmegini arzuw edýäris” diýdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara Gatnaşyklar İnstitutynyň rektorynyň orunbasary Jumamyrat Gurbangeldiýew bolsa Ankara şäherinde guralan ylmy-amaly maslahatyň çuň many aňladýandygyny, özara gatnaşyklaryň sepgidi taýdan-da möhüm görkezijidigini aýtdy.

J.Gurbangeldiýew maslahatda eden çykyşynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň özara gatnaşyklarynyň taryhy hronologiýasy barada maglumat berdi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistan-Türkiýe Dostluk Jemgyýetiniň başlygy Hüseýin Ýüjel, Professor doktor Abdurrahman Güzel, TOBB Ykdysadyýet we Tehnologiýa uniwerstitetiniň dosenti, doktor Tugrul Weliýew, Ankara uniwersitetiniň dosenti, doktor Berdi Saryýew dokladlary bilen çykyş etdiler.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder