6 Mayıs 2016 Cuma

Uruş Weteranlaryna Minnetdarlyk Bilen

1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 71 ýyllygynyň hormatyna paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde uly dabara boldy, onuň barşynda uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul we gymmatbahaly sowgatlar hem-de ajaýyp gül desseleri gowşuryldy.

Bu ýere ýygnananlar – ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet işgärleri, köpsanly aşgabatlylar biziň hemmämiz üçin parahatçylygy goran hem-de Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran weteranlara, olaryň edermenligi we gahrymançylygy, ene topraga söýgüsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler. 

Weteranlar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, eziz Watanymyzyň gazananlary, urşa gatnaşyjylar we uruşda wepat bolanlaryň maşgalalary barada edýän aladasy hem-de olara berýän ünsi, döredýän köpsanly ýeňillikleri we mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Ýeňiş gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde açylan “Watan gahrymanlary bakydyr” atly baýramçylyk sergi tylda tutanýerli zähmet çeken  hem-de atlary türkmen halkynyň taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan gahrymanlara bagyşlanýar.  

Şanly senä bagyşlanan dabaralar baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde tutuş ýurdumyz boýunça geçirilip, olaryň barşynda türkmenistanlylar 1941-1945-nji ýyllaryň uruş gahrymanlaryna baş egýärler. Gazaply uruş döwründe eziz Watanymyzy goran weteranlary sarpalaýarlar. 4-nji maýda Ýeňşiň 71 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly çäreler paýtagtymyzyň “Toý mekany” medeni-dynç alyş merkezinde guraldy. Onda ata-babalarymyzyň gahrymançylygyny, Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynsanperwerligiň maksatlaryna ygrarlylygyny wasp edýän ajaýyp goşgulardyr aýdymlar ýaňlandy. Şol gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. 

Şol gandöküşikli uruşda biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi gaýduwsyzlygyny, harby borjuna wepalydygyny görkezdiler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň nusgalyk durmuş ýoluna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde hem-de Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň  mejlisler zalynda 4-nji maýda geçirilen maslahatlar bagyşlandy.  

Şanly senäniň öňýanynda ýurdumyzyň bilim edaralarynda uruş we zähmet weteranlary bilen duşuşyklar, sergiler, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda edebi agşamlar, dabaraly çäreler, bäsleşikler geçirilýär. Muzeýlerde, kitaphanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde we orta hünärment mekdeplerinde ajaýyp baýramçylyga bagyşlanan sergiler ýaýbaňlandyryldy. 8-nji maýda Türkmenistanyň Baş drama teatrynda “Döwlet guşy” oýnunyň görkezilişi bolar.  

Beýik Ýeňşiň 71 ýyllygyna bagyşlanan esasy dabaralar 9-njy maýda geçiriler - “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda gül goýmak çäresi guralar. 

Faşizme garşy göreşde mertlerçe wepat bolan esgerleriň hormatyna tutuş ýurdumyzda gurlan ýadygärliklere türkmenistanlylaryň müňlerçesi we Diýarymyzyň myhmanlary gül desselerini goýýarlar. Olar ýürekleriniň emri bilen söweş meýdanlarynda şehit bolan gahrymanlaryň röwşen ýadygärligine baş egmek üçin gelýärler. Uruşda wepat bolan gahrymanlaryň söweş we raýatlyk edermenligi biziň asuda durmuşymyzyň esasyna öwrüldi.       
 
Paýtagtymyzyň “Aşgabat” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde meşhur aýdymçylaryň we sazandalaryň, zehinli estrada ýerine ýetirijileriň we bagşylaryň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertleri guralar. Olara çagyrylanlaryň arasynda uruş we zähmet weteranlary, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň zähmet toparlarynyň wekilleri bar. Şol gün baýramçylyk dabaralary ähli welaýatlaryň merkezlerinde, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda geçiriler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder