21 Mayıs 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlar Gol Çekdi

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanylyp, onuň başlyklygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bellenildi. 

* * *

Ýurdumyzda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalar, edaralar, guramalar, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan, hakynatutma zähmeti ulanýan we işgär bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän şahsy taraplaryň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalar bilen bagly işgärleriň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyny düzgünleşdirmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 200-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy. 

* * *

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwründe ýurdumyzyň myhmanlaryna we ilatyna edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine 496 sany «Hyundai New Super Aero City» kysymly şäheriçi awtobusyny we mümkinçiligi çäkli adamlar üçin niýetlenen 4 sany «Hyundai New Super Aero City» kysymly awtobusy hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak barada Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” korporasiýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder