28 Mayıs 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk we ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy dikeldiş merkezlerini hem-de şypahanalary gurmak boýunça işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 200 orunlyk “Awaza” şypahanasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanaýi Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany, şypahana üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak hem-de olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2016-njy ýylyň iýun aýynda başlamak we desgany 2018-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nepesow Işanguly Şyhberdiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arazmämmedow Maksatmämmet Nazarmämmedowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk  ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin,  Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkimi  Gylyjow Nurahmet Kömekowiçe berk käýinç yglan edildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk  ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin,  Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi Esenow Annaguly Bozoglanowiçe berk käýinç yglan edildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk  ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin,  Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň häkimi Täşliýew Nobatgeldä berk käýinç yglan edildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk  ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin,  Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň häkimi Kürenow Küren Durdymämmedowiçe berk käýinç yglan edildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk  ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin,  Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň  häkimi  we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy Gylyjow Ýaztagana berk käýinç yglan edildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk  ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin,  Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabynyň  häkimi Aýmämmedow Gurbanmämmet Aýmämmedowiçe berk käýinç yglan edildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk  ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan işleriň guralyşyna, kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine hem-de garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Balkan welaýatynyň häkimi Durdyýew Durda berk käýinç yglan edildi. 
***
Türkmenistanyň haryt öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak hem-de öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe haryt dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň çäklerine getirilýän, gümrük paçlary salynýan harytlaryň birnäçesiniň sanawy, şeýle hem gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklanyldy.
***
Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder