2 Mayıs 2016 Pazartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Er Riýad Gazetine Interwýu Berdi

Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha beräýseňiz. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary haýsylar? Siziň pikiriňizçe, türkmen-saud özara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi has uly bolan ugurlaryny belläýseňiz! 

— Ilki bilen, Türkmenistan üçin Saud Arabystany dostlukly, doganlyk we ýakyn ýurtdur. Halkara giňişliginde we daşary syýasatda hem, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meselelerde hem Saud Arabystany ygtybarly we synagdan geçen hyzmatdaşymyzdyr. Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň berk we aç-açanlyga eýerýän esaslary bar. 

Bu esaslar birek-birege hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek, parahatçylygy we abadançylygy goldamaga çalyşmak, halkara we sebit derejesinde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine jogapkärli çemeleşmek bolup durýar. Şeýle hem halklarymyzyň birek-birege ýokary derejede hormat goýmagy, ruhy, ahlak gymmatlyklarymyzyň we garaýyşlarymyzyň ýakyndygy biziň gatnaşyklarymyzyň berk esaslaryny düzýär. Bu bolsa bize hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň toplumy boýunça netijeli we yzygiderli gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär. 

Biz daşary syýasat ulgamynda Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalarynda we beýleki halkara guramalarynda Saud Arabystany bilen netijeli özara hyzmatdaşlyk edýäris. Biz öňe sürýän halkara başlangyçlarymyza, hususan-da, energetika howpsuzlygy, ulag pudagynda hyzmatdaşlyk ýaly möhüm meseleler boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlarymyza uly we yzygiderli goldaw berýändigi üçin Saud Arabystanyna minnetdarlyk bildirýäris. Öz nobatynda, Türkmenistan hem Saud Arabystany Patyşalygynyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüşiň maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça öňe sürýän netijeli tekliplerini makullaýar we hemişe goldaýar. 

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar çalt depginler bilen ösdürilýär. Energetika, ulag, gurluşyk materiallary senagaty, dokma senagaty pudaklaryny, söwda ulgamyny şol gatnaşyklaryň has geljegi uly bolan ugurlary hökmünde bellemek isleýärin. 

Biz iki ýurduň işewürler bileleşikleriniň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýäris. Bu ugurda iki ýurduň hem uly mümkinçilikleri bar. Biz bu mümkinçilikleri iki halkyň bähbidine ýokary derejede ulanmagy maksat edinýäris. 

Umuman, men ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berýärin. Biz Saud Arabystany bilen gatnaşyklarymyzy uzak möhleti, strategik geljegi göz öňünde tutup, ýola goýýarys. 

Onuň Alyjenaby Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdulaziz Al Saudyň hem şeýle garaýşa eýerýändigini görýäris. Munuň üçin Onuň Alyjenabyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmek isleýärin. 

— Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara giňişliginde nähili mümkinçilikleri berýär? 

— Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — bu halkara derejesinde ykrar edilen hukuk ýagdaýydyr. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan döwletimiziň howpsuzlygynyň we özygtyýarlylygynyň kepillendirilmegini göz öňünde tutýar. 

Şol bir wagtda-da bu hukuk ýagdaýy biziň öz aýdyň, berk we üýtgewsiz dünýägaraýşymyzdan ugur alýan garaýyşdyr. Bu garaýşyň esasyny parahatçylyk söýüjilik, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, ähli döwletleriň we halklaryň özygtyýarly hukuklaryna hormat goýmak, harby-syýasy bileleşiklere we toparlara gatnaşmazlyk düzýär. 

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýadyny düzýän bu ýörelgelere biz gyşarnyksyz eýerýäris. Bu bolsa bize ähli ýurtlar bilen olaryň syýasy gurluşyna, saýlap alan ösüş ugruna, döwlet ideologiýasyna we beýleki ýörelgelerine garamazdan, deňhukukly, birek-birege hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. 

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe daşary syýasat ulgamynda däl-de, eýsem, söwdada, ykdysadyýetde, maýa goýumlarynda hem giň mümkinçilikleri açýar. 

Biz hiç wagt öz hyzmatdaşlygymyza syýasy äheň bermeýäris. «Açyk gapylar» daşary-ykdysady strategiýamyzy üstünlikli amala aşyrýarys. 

Muňa bolsa Türkmenistanyň hyzmatdaşlary ýokary baha berýärler. Hyzmatdaşlarymyz ýurdumyz bilen uzak möhlete niýetlenen gatnaşyklary ýola goýýarlar. Olar biziň döwletimize ygtybarly, aç-açanlyga esaslanýan döwlet hökmünde doly esasda baha berýärler. Biziň ýurdumyza öz syýasatyny we özara gatnaşyklarda öz ýörelgelerini haýsy-da bolsa bir daşky hadysalara, «güýçleriň deňeçerliginiň» üýtgemelerine we beýleki ýagdaýlara garaşly etmeýän döwlet hökmünde garaýarlar. Bu bolsa, ahyrky netijede, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň mazmunyna we ugurlaryna örän oňyn täsir edýär. Ýurdumyzyň daşary ykdysady özara gatnaşyklarynyň çalt depginler we diwersifikasiýa ýoly bilen ösmegini üpjün edýär. Bu hem öz nobatynda, ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, döwletimiziň häzirki zaman dünýä hojalyk giňişligine üstünlikli goşulmagyna ýardam edýär. 

Türkmenistanyň ägirt uly ylalaşdyryş, parahatçylygy goldamak mümkinçiligine eýe bolmagy Bitaraplygymyzyň ýene-de bir örän möhüm oňyn şertidir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara bileleşigine Türkmenistanyň syýasy giňişligini dürli meseleler boýunça yzygiderli sebit gepleşiklerini ýola goýmak işinde giň mümkinçilikleri açýar. Bu ýerde — bitarap çäkde dawaly ýagdaýlardan öz wagtynda netije çykarmak we olaryň öňüni almak, olary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler bilen düzgünleşdirmek üçin syýasy geňeşmeleriň usullaryny döretmäge şertleri üpjün edýär. 

2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi ýöne ýere däldir. 

Umuman, Türkmenistanyň Bitaraplygyny hakyky zerurlyk hasap edýärin. 

Bitaraplyk biziň ýurdumyza we halkara bileleşigine, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyna diňe bir Merkezi Aziýa sebitiniň, oňa ýanaşyk sebitleriň bähbidine däl-de, eýsem, bütin dünýäniň bähbidine parahatçylygy goldamagyň oňyn ýörelgesini bilelikde işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. 

— Türkmenistanyň içeri syýasatynyň esasy ugurlary haýsylar? 

— Türkmenistanyň tutuş içeri syýasaty raýatlaryň ruhy-ahlak, aň-bilim we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem şahsyýetiň mümkinçiliklerini açmaga, adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga niýetlenendir. Biz özümiziň her günki işimizde «Döwlet adam üçindir!» diýen şygardan ugur alýarys. 

Ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini üpjün etmegiň esasyny watansöýüjilik, ynsanperwerlik, sabyrly garaýyş, beýleki halklara hormat bilen garamak däpleri düzýär. 

Şoňa görä-de, biz köp asyrlyk, wagtyň synagyndan geçen we ata-babalarymyzyň wesýet eden durmuş kadalaryna daýanmagy döwletimiziň we jemgyýetimiziň üstünlikli içerki ösüşiniň esasy şerti hasaplaýarys. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolan döwrüniň bütin dowamynda jemgyýetimizde şu gymmatlyklara we ýörelgelere eýerilýär. Bu gymmatlyklar we ýörelgeler adamlaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň durmuş kadalaryna bir maksada gönükdirilip ornaşdyrylýar. 

Biz durmuş maksatlaryna gönükdirilen döwlet gurluşyny saýlap aldyk. Şoňa görä-de, häzirki zaman bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak bilen bir hatarda, häzirki döwürde Döwlet býujetiniň serişdeleriniň ýarysyndan gowragy durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilýär. Ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri we çagalar baglaryny, iň häzirki zaman saglygy goraýyş merkezlerini, sport desgalaryny gurmak üçin göz öňünde tutulýar. Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýaramaz hadysalara garamazdan, biz ýurdumyzyň ilaty üçin ýeňillikleriň uly toplumyny saklap galdyk. Döwlete degişli edara-kärhanalarda her ýyl zähmet haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmagy başardyk. 

Ylym, medeniýet, bilim ulgamlaryny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge ileri tutulyp, aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ekologiýa örän uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet syýasaty daşky gurşawy, biziň özboluşly tebigy mirasymyzy aýawly gorap saklamaga gönükdirilendir. Biz durmuşyň ähli ugurlaryny iň ýokary ekologiýa standartlaryna ýuwaş-ýuwaşdan geçirýäris. 

Biz öz saýlap alan özboluşly ýolumyz bilen öňe barýandygymyzy hiç kimden ýaşyrmaýarys. Ýöne şol bir wagtda-da, biziň ýurdumyz dünýä üçin açykdyr. Biz ähli täze, öňdebaryjy, çalt depginler bilen ösmäge mümkinçilik berýän usullary, adamzadyň toplan iň oňat tejribesini ýurdumyzda ornaşdyrmaga çalyşýarys. Bu, elbetde, daşary ýurtlaryň usullaryny milli derejede ornaşdyrmagy we olara doly eýermegi aňlatmaýar. 

Bu ýerde gürrüň, Türkmenistanyň milli aýratynlyklary, ýurdumyzyň taryhy ýolunyň özboluşlylygy we halkymyzyň däp-dessurlary bilen dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan, öz netijelidigini we peýdalydygyny subut eden jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, durmuş-medeni nusgalaryň arasynda paýhasly sazlaşygy, deňeçerligi gözlemek barada barýar. 

Özgertmeleri amala aşyranymyzda biz häzirki döwürde güýçli durmuş taýdan goraglylygy bazar ykdysadyýetini ösdürmek bilen utgaşdyrmagy, eýeçiligiň dürli görnüşlerini höweslendirmegi, adamyň döredijilik we işewürlik başlangyçlaryny, onuň durmuş taýdan işjeňligini goldamagy öz içine alýan wezipeleri öz öňümizde goýýarys. 

Şu nukdaýnazardan, döwletimiz üçin kiçi we orta telekeçiligiň işlemegi üçin giň mümkinçilikleri döretmek aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilik öňdebaryjy özgertmeleri amala aşyrmagyň tebigy tarapdary bolup durýar. Sazlaşykly, bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň daýanjy, durmuş taýdan abadançylygyň, bütin döwlet ulgamyny durnukly saklamak üçin kepillikleriň biri bolup çykyş edýär. 

— Türkmenistan baý tebigy serişdelere eýe bolan döwletleriň hataryna girýär. Bu babatda Türkmenistanyň işiniň esasy ugurlary haýsylar? 

— Biziň ýurdumyz, hakykatdan-da, baý tebigy serişdelere eýedir. Mysal üçin, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Bu bolsa, aýratyn hem, energetika syýasaty ýaly ugurda biziň üstümize aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Biz ýurdumyzyň energetika syýasatyny iki ugur boýunça — içerki zerurlyklary üpjün etmek ugrunda, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek maksady bilen amala aşyrýarys. 

Türkmenistan energetika meseleleri boýunça giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we goragly ibermek boýunça kepillikler baradaky biziň işläp taýýarlan başlangyçlarymyza dünýäde barha köp düşünmek bilen garalýar. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan rezolýusiýalaryň kabul edilip, biragyzdan goldanmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy. Dünýäniň onlarça döwletleri bu rezolýusiýalaryň awtordaşlary bolup çykyş etdiler. 

Energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek bütin dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Häzirki döwürde energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, köp nusgaly we dürli ugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek bütindünýä energetika ulgamynyň durnukly ösmegini kepillendirer. Bu ulgamy syýasy, ekologiýa, tehnogen we beýleki töwekgelçiliklerden ygtybarly gorar. Şeýle hem halkara energetika ulgamyna täze giňişlikleriň we bazarlaryň çekilmegi dünýä senagat önümçiligine, söwda, maýa goýumlaryna goşmaça kuwwatly itergi berer, täze iş orunlaryny döretmäge şert döreder. Ahyrky netijede bolsa, bu köp derejede sebitleriň we döwletleriň birnäçesinde syýasy ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna, olaryň deňhukukly we doly esasly hyzmatdaşlar hökmünde esasy ösüş ugurlaryna goşulmagyna ýardam eder. 

Bu babatda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy görelde alarlykdyr. Biz bu taslama deňhukukly, birek-birege hormat goýmak esasynda we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde garaýarys. Oňa gatnaşýan, ösüşiň uzakmöhletli bähbitleriniň we maksatlarynyň umumylygyna düşünýän ýurtlaryň işe jogapkärli we hakyky ýagdaýdan ugur alyp çemeleşmeginiň nusgasy hökmünde ýokary baha berýäris. 

Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny biziň Aziýadaky we Ýewropadaky hyzmatdaşlarymyz, örän iri halkara maliýe institutlary goldaýarlar. Bu bolsa taslamanyň möhümdigine düşünmek bilen garalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde taslama iş ýüzünde amala aşyrylyp başlandy. Türkmenistan eýýäm bu gaz geçirijiniň türkmen böleginiň gurluşygyna girişdi.

Türkmenistan köpugurly turbageçirijiler üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygynyň döwletara we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täsirli oňyn şerti bolup durýandygyna berk ynanýar. Şeýle üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyna hyzmatdaşlar üçin türkmen uglewodorod serişdeleriniň çeşmelerine we olary eltmegiň çeşmelerine deňhukukly elýeterliligi üpjün etmek esasynda Ýewraziýa energetika giňişliginde bähbitleriň deňeçerligini saklamagyň möhüm şerti hökmünde baha berýär. 

Dünýäniň energetika gorlarynyň bütin adamzadyň gymmatlygydygyna men berk ynanýaryn. Şeýle baýlyklara eýe bolan döwletler bu baýlyklaryň ulanylmagynyň dawalaryň we gapma-garşylyklaryň serişdesine öwrülmän, adamlaryň abadançylygyna, parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we öňe gitmegiň bähbitlerine hyzmat etmegi üçin aýratyn jogapkärçiligi duýmalydyrlar we öňdengörüjilik bilen hereket etmelidirler. 

Bütindünýä energetika strategiýasynyň ähli meseleleri boýunça ylalaşylan, maksatlara laýyk gelýän usullary işläp taýýarlamak maksady bilen, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda Saud Arabystany bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistan hemişe taýýar. Özara hyzmatdaşlygyň bu ugruna biziň ýurdumyz 2017-nji ýylda Energetika hartiýasyna başlyklyk etjek döwründe aýratyn ähmiýet berer. 

— Türkmenistan we Saud Arabystany taryhy we medeni mirasa sarpa goýmak ýörelgelerine eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň ýurduňyzda döwlet derejesinde nähili işler alnyp barylýar? 

— Milli medeni-taryhy mirasy aýawly saklamak we dikeltmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden belleýän ýylymyz bolan 2016-njy ýylyň Türkmenistanda resmi taýdan «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilendigi munuň aýdyň mysalydyr. 

Biz öz köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhymyza, medeni, binagärlik ýadygärliklerimize buýsanýarys. 

Şol ýadygärlikleriň köpüsi Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 

Biz öz halkymyzyň däp-dessurlaryna, binýatlyk gymmatlyklaryna we ahlak ýörelgelerine mukaddeslik hökmünde örän uly sarpa goýýarys. Bu bolsa, bize halk hökmünde öz maksatlarymyza, bu dünýäde öz ornumyza we wezipämize oňat düşünmäge ýardam edýär. Döwletimizi onuň nähili bolmalydygy barada öz garaýyşlarymyza laýyklykda gurmaga şert döredýär. Şol bir wagtda-da, bize dünýä döwletleri bilen deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. 

Biz özümize hormat goýmak esasynda beýleki halklaryň sarpasyny hem belende göterýäris. 

Häzirki döwürde Türkmenistanda milli medeniýet hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Türkmen diliniň, edebiýatynyň, şekillendiriş we aýdym-saz sungatynyň, senetçiligiň dikeldilmegi we ösdürilmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilendir. Medeni maksatly täze desgalar — teatrlar, ýöriteleşdirilen mekdepler, ýaşlaryň döredijilik merkezleri gurlup, ulanmaga berilýär. Türkmen edebiýatynyň we şygryýetiniň nusgawy şahyrlary Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Azadynyň, Seýdiniň, Keminäniň, Zeliliniň we köp sanly beýleki nusgawy şahyrlaryň eserleri köp nusgalykda çap edilýär. 

Bu nusgawy şahyrlaryň eserleri hakyky manysynda türkmen medeniýetiniň altyn hazynasyny we halkymyzyň milli dünýägaraýşynyň esasyny düzýärler.

2014-nji ýylda döwletiň goldaw bermeginde Türkmenistanda we dünýäniň onlarça döwletinde, şol sanda Saud Arabystanynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. 

Ýurdumyzda gadymy binagärlik desgalarynyň we ýadygärlikleriniň onlarçasynyň durky täzelenýär. Döwletimizde Milli golýazmalar instituty döredildi. Bu institut milli şadessanlarymyzy, edebi ýadygärliklerimizi aýawly saklamak we wagyz etmek boýunça uly işleri alyp barýar. 

Orta we ýokary okuw mekdepleri üçin Türkmenistanyň taryhy boýunça täze maksatnamalar düzüldi. 

Medeni we taryhy mirasa sarpa goýmak babatda, hakykatdan-da, biziň ýurdumyz bilen Saud Arabystanynyň arasynda köp umumylyklar bar. Siziň ýurduňyzyň halkynyň eýerýän ýaşululara sarpa goýmak, maşgala ojagynyň mukaddesligi, ahlak ýörelgelerini aýawly saklamak, biziň beýik dinimiz bolan yslamyň mukaddes taglymatlaryna daýanmak ýaly köp däp-dessurlary we gymmatlyklary biziň halkymyz üçin hem ýakyndyr we düşnüklidir. 

Türkmenistan iki halkyň taryhy-medeni mirasyny dikeltmek we aýawly saklamak işinde Saud Arabystany bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. 

Bu ugurda alnyp baryljak işleriň biziň halklarymyzyň birek-birege özara has oňat düşünmegine, iki halkyň dostluk gatnaşyklarynyň ösmegine we birek-birege hormat goýulmagynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine berk ynanýaryn. 

Mümkinçilikden peýdalanyp, Saud Arabystanynyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlarymy ýollamak isleýärin. Goý, Gudraty güýçli Allatagala ýurduňyzyň halkyna hemişe parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş bagyş etsin!


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder