5 Mayıs 2016 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-niň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.

Sport baýramçylygy tamamlanandan soň, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde geçirilen duşuşygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz we AOG-nyň ýolbaşçysy bilelikde bu täsin sport toplumyny gözden geçirdiler hem-de bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi  ýurdumyzda ýokary netijeler sportuny hem-de Olimpiýa hereketini mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. Milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilýän täsin toplum özüne sport we beýleki düzümleriň desgalarynyň 30-dan gowragyny birleşdirýär. 

Şol desgalaryň biri-de şäherjigiň giň meýdanyny gurşap alan hem-de sport desgalaryny öz aralarynda baglanyşdyrýan, uzynlygy 5 müň 180 metre barabar bolan  monorels ýoludyr. Onuň geçýän ugrunda özboluşly bezelen, göwnejaý enjamlaşdyrylan menzilleriň ençemesi göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda ulagyň şeýle görnüşi dürli ýurtlarda giňden ulanylýar. Ýerden belentde çekilýän şeýle polat ýollaryň esasy artykmaçlyklarynyň biri-de olaryň ýeriň üstünden hereket edýän ulaglar üçin hiç hili päsgelçilik döretmeýändigi we şunuň bilen birlikde, ýolagçylar üçin örän amatlydygy bilen baglanyşyklydyr. 

Hormatly Prezidentimiz  AOG-nyň ýolbaşçysy bilen bilelikde monorelsli otluda Olimpiýa şäherjiginiň tutuş çägi boýunça geçip, onuň desgalaryny synladylar we bu çägiň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar. Sport toplumy bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň we myhmanyň ýanynda bu taslamany durmuşa geçirmegiň esasy potratçysy bolup durýan “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja hem boldy. 

Sözüň doly manysynda, munuň  şäherjigiň monorels ýolunda ilkinji gatnaw bolandygy bellärliklidir. Polat ýoluň belentliginden Aziada-2017-niň ýaryşlarynyň geçiriljek ýeri bolan bu iri sport toplumyna hem-de ak mermerli binalaryň köp sanlysyny özünde jemleýän we gün-günden gözelleşýän Aşgabada  ajaýyp görnüş açylýar. Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa şäherjiginiň  gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylýar. Birinji we ikinji tapgyrlaryň gurluşyk işleri eýýäm tamamlandy, häzirki wagtda bolsa üçünji tapgyryň gurluşygy alnyp barylýar. 

Şäherjigiň desgalarynyň uly sanawynda 45 müň orunlyk täze Olimpiýa stadiony, 6 müň orunlyk üsti ýapyk welotrek, sportuň başa-baş söweş hem-de beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen 5 müň we 15 müň orunlyk üsti ýapyk arenalar, 5 müň orunlyk üsti ýapyk ýeňil atletika desgasy, 5 müň orunlyk üsti ýapyk suw toplumy hem-de açyk suwda ýüzülýän howuz, degişlilikde her biri 4 müň hem-de 2 müň orunlyk   üsti ýapyk we  açyk tennis meýdançalary, 1 müň orunlyk münberli köpugurly sport meýdançasy hem-de sportuň toparlaýyn görnüşleri üçin niýetlenen açyk meýdançalar, şeýle hem kiçi we uly türgenleşik zallary bar. 

Mundan başga-da, Olimpiýa şäherjiginiň düzümine lukmançylyk we dikeldiş merkezi, doping-gözegçilik merkezi hem-de halkara gepleşikleri alyp görkezmek we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işlemegi üçin niýetlenen,  zerur enjamlar bilen üpjün edilen  merkez, işewürler merkezi, türgenler hem-de myhmanlar üçin kaşaň myhmanhanalar, beýleki degişli desgalar girýär. 

Bu köpugurly toplumyň sport desgalarynyň ählisi halkara ölçeglerine hem-de häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bir söz bilen aýdylanda, Oýunlary üstünlikli geçirmek hem-de geljekde şäherjigiň sport desgalarynda halkara ýaryşlaryny guramak  üçin ähli zerur şertler döredilýär. 

Bu köpugurly sport toplumynyň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşmeginiň özi hem onda amatly howa ýagdaýynyň bolmagyny şertlendirýär. Munuň özi bolsa şeýle sport ýaryşlaryny geçirmekde möhüm şertleriň biri bolup durýar. 

Olimpiýa şäherjigini synlamagyň barşynda döwlet Baştutanymyz myhmany toplumyň çäginde gurlan we bina edilýän desgalar, olaryň wezipesi hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah bu ýerde ýerine ýetirilen we geçirilýän işlere, olaryň hiline ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiziň Aziada-2017-ä taýýarlyk görmäge we ony geçirmäge degişli meseleleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşýändigini aýratyn belledi. 

Nygtalyşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, döwrebap sport düzümini döretmek, ýaşlary beden taýdan sagdyn hem-de bilimli adamlar edip ýetişdirmek işinde haýran galdyryjy üstünlikler gazanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamda durmuşa geçirýän oňyn syýasaty özüniň aýdyň netijelerini berýär – türkmen sporty hil taýdan täze derejä çykýar, Türkmenistan abraýly halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. 

Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň  ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. 

Myhman Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy hem-de şu günki dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik  üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, AOG-nyň halkara sport hereketini ösdürmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Indiki ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli taýýarlyk işleri hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan sport ulgamynda haýran galdyryjy üstünliklere eýe boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň aýdyň netijesidir. 

Pursatdan peýdalanyp, şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah şeýle hem milli Liderimizi yslam mukaddesliklerine haj parzyny amala aşyrmagy bilen gutlady. Şunda Türkmenistanyň Baştutanyna mukaddes Käbäniň içinde namaz okamaga döredilen mümkinçiligiň örän seýrek ýagdaýdygyny we şunuň bilen birlikde, musulman dünýäsinde ýurdumyza hem-de onuň Liderine çuňňur hormat-sarpanyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy nygtaldy.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, şu günki wakalaryň Türkmenistan  üçin taryhy ähmiýete eýedigini belledi. Şu günki dabaralary beýan etmek üçin ýurdumyza daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekilleri geldiler. Munuň özi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistana hem-de Aziada-2017-ä gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugruna ygrarlydygyny nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aziada-2017-ä aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de ony mynasyp garşylamak üçin ähli zerur çäreleri görýändigini belledi. Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda gurluşyk we beýleki degişli işler dowam etdirilýär. Bu şäherjigiň sport meýdançalarynda halkara ähmiýetli oýunlaryň ýaryşlary geçiriler. AOG-nyň ýolbaşçysy bu iri sport toplumy bilen tanyşlyk mahalynda muňa aýdyň göz ýetirdi.  

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  we myhman Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň ileri tutulýan meseleleri barada pikir alyşdylar. Bu oýunlaryň maksatnamasyna sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar girizildi. Aziada-2017-niň bu Oýunlaryň taryhynda iň giň gerimlisi boljakdygy bellärliklidir – ilkinji gezek oňa Okeaniýa ýurtlaryndan türgenler gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, AOG-nyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize  V Aziýa oýunlary bilen bagly meseleleriň ählisine hemişe uly üns we goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli dabaralaryň özünde galdyran täsirleri barada aýdyp, deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berlen sport baýramçylygyna  haýran galýandygyny aýtdy. Dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen iş güni däl diýlip yglan edilen şu günüň wakalara baý maksatnamasy, şeýle hem Olimpiýa şäherjigindäki desgalaryň ýokary hili  Türkmenistanda  bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sporty ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigine, türkmenistanlylaryň Aziada-2017-ä ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýändiklerine şaýatlyk edýär. 

AOG-nyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, 500 günläp dowam etjek ýurdumyzyň ähli sebitleriniň üstünden geçjek atly ýöriş türkmen halkynyň ählisine özlerini öňümizdäki V  Aziýa oýunlaryna dahyllydyklaryny duýmaga mümkinçilik berer, şeýle hem bu iri ýaryşlara taýýarlyk görmek işine hem-de oýunlaryň özüne özboluşly öwüşgin çaýar.  

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolmak bilen, bu babatda ildeşlerimize görelde görkezip, olaryň ählisini, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary bedenterbiýe hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Türkmenistanda halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada, beden taýdan sagdyn hem-de ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeler sportuny ösdürmek guramaçylykly hem-de maksada okgunly häsiýete eýe boldy we uzak möhletli umumymilli strategiýanyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. 

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň oýunlary guramak hem-de geçirmek meselelerini çözmäge  düýpli we jogapkärli çemeleşilmeginiň bu ýaryşlaryň uly üstünlige eýe bolmagynyň girewi bolup durýandygyny nygtap, Aziada-2017-niň ajaýyp we ýatdan çykmajak waka boljakdygyny, sebit we dünýä möçberinde sporty giňden wagyz etmek işine saldamly goşant boljakdygyny belledi. 

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman uly kuwwata eýe bolan hem-de halkara Olimpiýa hereketiniň döredijilikli maksatlaryna laýyk gelýän Türkmenistan bilen AOG-nyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder