28 Mayıs 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Göçme Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi, onda welaýatdaky işleriň ýagdaýyna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň şu mejlisinde berkarar Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga, mähriban halkymyzyň hal - ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmaga niýetlenip kabul edilen milli we döwlet maksatnamalarynyň Balkan     welaýatynda ýerine ýetirilişine hem-de welaýaty hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly möhüm meseleleriň birnäçesine serediljekdigini aýtdy. Welaýatyň we onuň şäherleriniň hem-de etraplarynyň häkimleriniň bu ugurda alyp barýan işleri baradaky hasabatlarynyň diňlenjekdigini, bar bolan kemçiliklere, çözülmeli meselelere serediljekdigini, olary düzetmegiň we çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşyljakdygyny, ýolbaşçylaryň işleriniň netijelerine laýyk baha beriljekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy goldanyp, bar bolan derwaýys meseleleri halkymyz bilen, atly-abraýly ildeşlerimiz bilen aç-açanlykda maslahatlaşyp çözjekdigine, şu däplerden ugur alnyp, şu gezekki göçme mejlise Balkan welaýatynyň şäherleriniň hem-de etraplarynyň ählisiniň wekilleriniň çagyrylandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, ata Watanymyz çärýek asyr bäri Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly gadam urýar. Geçen 25 ýylyň dowamynda döwletimiz hemmetaraplaýyn berkedi, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrüldi. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlandy. Şäherlerimizdir obalarymyzyň keşbi   tanalmaz derejede özgerýär we gözel görke gelýär. Merjen paýtagtymyz Aşgabat hem dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň birine öwrüldi diýip belledi. 

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşi bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzyň kanunlaryny, hususan-da Konstitusiýamyzy döwrebap kämilleşdirmek boýunça köp işler edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýy hem barha artýar. Bitarap Türkmenistan indi dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde halkara meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Berkarar döwletimiziň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe edaralaryna agzalyga saýlanmagy, Orta Aziýada  ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilmegi hem bu aýdylanlara doly şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibiniň esasy meselelerine geçmek bilen, ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Balkan welaýaty hem geçen çärýek asyrda uly üstünliklere eýe boldy diýip belledi. Diňe şu ýylyň I çärýeginde senagat taýdan ösen bu sebitde  3 milliard 723 million manatdan hem gowrak maýa goýumlary özleşdirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatyň düzüminde “Awaza”  milli syýahatçylyk zolagynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Bu zolak ýokary depginler bilen ösdürilýär. Häzirki wagtda bu ýerde myhmanhanalaryň, dynç alyş öýleriniň we sagaldyş merkezleriniň 30-a golaýy adamlara hyzmat edýär. Olaryň syýahatçylaryň we dynç alýanlaryň birbada 10 müňe golaýyny kabul etmäge mümkinçiligi bar diýip belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, soňky döwürde welaýatda «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran» halkara demir ýoly, «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisi, «Belek-Türkmenbaşy» nebit geçirijisi, jaý gurluşyk kärhanasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 3 sany iri desga, Bereket we Serdar etraplarynda asfaltbeton zawodlary, 300 orunlyk çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi, köp sany beýleki desgalar, şol sanda umumy meýdany 446 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, 125 sany durmuş maksatly binalar we desgalar gurlup, ulanmaga berildi. Welaýatda uzynlygy 1300 kilometre golaý suw geçirijiler, 200 kilometrden gowrak awtomobil ýollary, 2100 kilometre golaý elektrik geçirijiler we 1800 kilometr gaz geçirijileri guruldy. Birnäçe maldarçylyk toplumlary, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan 25 sany täze desga işe girizildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda hem welaýatyň çäklerinde ýüzlerçe desganyň gurluşygy alnyp barylýar diýip aýtdy. Olaryň hatarynda  Türkmenbaşy etrabyndaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Garabogaz şäherindäki karbamid zawody, Türkmenbaşy halkara deňiz porty, «Aşgabat-Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýoly, awtomatlaşdyrylan telefon beketleri, Bereket we Serdar etraplarynda 5 sany maldarçylyk toplumy ýaly, iri desgalar bar. Welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy hem yzygiderli gowulanýar, obadyr şäherleriniň keşbi özgerýär. 

Kabul edilen Oba Milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda diňe 2008-2016-njy ýyllarda 6,5 milliard manada barabar maýa goýumlary özleşdirildi. Oba ilatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýaş masgalalary goldamak maksady bilen, welaýatda soňky döwürde 27 müňden gowrak maşgala mellek ýerleri berildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Häzirki döwürde Serdar etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginde 300 hojalyga niýetlenen, ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen täze obanyň, Bereket etrabynyň Gulmaç Geňeşliginde hem 300 hojalyk üçin döwrebap şäherçäniň gurluşygy alnyp barylýar.

Balkan welaýatynda gazanylýan bu üstünlikler bizi diýseň buýsandyrýar. Emma, muňa garamazdan, häzirki wagtda welaýatda köp sanly kemçilikleriň hem bardygyny bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowa söz berdi, ol Balkan welaýatynda işleriň ýagdaýyna geçirilen barlagyň jemleri barada hasabat berdi, onuň barşynda düýpli kemçilikleriň birnäçesi, şol sanda oba milli maksatnamasyny amala aşyrmakda we durmuş ulgamynda alnyp barylýan işlerde ýüze çykarylan kemçilikler barada habar berildi. 

Soňra Balkan welaýatynda geçirilen degişli barlagyň netijeleri barada Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew hasabat berip, bu ýerde ýerine ýetirilen hem-de amala aşyrylýan işlerde, şol sanda ýyladyşhanalaryň gurluşygy boýunça işlerde goýberilen düýpli kemçilikler barada habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna we Türkmenistanyň Baş prokuroryna welaýatdaky işleriň ýagdaýyna barlaglary dowam etdirmegi, bu ýerde emele gelen ýagdaýa içgin seljerme berilmegini hem-de ony hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra Balkanabat şäheriniň häkimi E.Aşyrowa söz berilýär, ol şäherde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz işde goýberilen kemçiliklere ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, häkime düýpli nägilelik bildirdi hem-de şäher häkimliginiň işinde bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi, işleriň talabalaýyk guralmagyny ýola goýmagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda Balkanabat şäheriniň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary M.Arazmämmedowy özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti  Bereket etrabynyň häkimi N.Gylyjowa ýüzlenip,  bu etrapda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça kemçilikleriň bardygyny  aýdyp, oňa berk käýinç yglan etdi we emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça gyssagly çäreleri görmegi talap etdi.                               


Milli Liderimiz Esenguly etrabynyň häkimi A.Esenowa hem ilatly ýerleri ösdürmegiň meselelerine ýeterlik üns berilmeýänligi, obany özgertmek boýunça milli maksatnamany amala aşyrmakda kemçilikleriň bardygy  sebäpli düýpli nägilelik bildirip, oňa berk käýinç yglan etdi. 

Döwlet Baştutanymyz Etrek etrabynyň häkimi B.Annagurbanowa ýüzlenip, ady agzalan etrapda oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýeterlik çäreleriň görülmeýändigini, beýleki birnäçe meseleleriň çözülmegine degerli derejede üns berilmeýändigini aýdyp, häkimden işleri göwnejaý ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Milli Liderimiz işleriň degerli derejede guralmandygy hem-de kemçiliklere ýol berendigi üçin Gumdag şäheriniň häkimi N.Täşliýewe berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.  

Soňra Hazar şäheriniň häkimi M.Arazowa söz berildi. Ol şäherde geçirilýän işler dogrusynda hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen bagly kemçilikleriň örän köpdügini aýtmak bilen,  M.Arazowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Hazar şäheriniň häkimi wezipesine B.Begenjowy belläp, ony Etrek etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.  

Soňra döwlet Baştutanymyz Magtymguly etrabynyň häkimi A.Muhammedowa ýüzlenip, işde goýberen köpsanly kemçilikleri babatda oňa nägilelik bildirdi. Etrap merkezi hem-de käbir obalar ulgamlaýyn agyz suwy bilen üpjün edilmändir. Ilaty öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmekde kemçilikler bar, ýollaryň we köprüleriň ýagdaýy hem ýaramaz, ekerançylyk ýerleriniň  şorlamagynyň öňüni almaga, mellek ýerlerini  bermäge ýeterlik üns berilmändir.  

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin A.Muhammedowy eýeleýän wezipesinden boşatdy. 

Milli Liderimiz Magtymguly etrabynyň häkimi wezipesine R.Saparberdiýewi belläp, ony şol etrabyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.      

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar etrabynyň häkimi Ö.Meretgeldiýewe ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde düýpli kemçilikleriň bardygyny aýtdy. Zeýkeşler arassalanmaýar, şu sebäpli, ekerançylyk ýerleriniň ýarysyndan hem köpüsi şorlapdyr. Düýpli çözülmegini talap edýän başga-da birnäçe meseleler bar. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimi eýeleýän wezipesinden boşatdy. 

Döwlet Baştutanymyz Serdar etrabynyň häkimi wezipesine S.Amandurdyýewi belläp, ony bu etrabyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin A.Berkeliýewi hem eýeleýän wezipesinden boşatdy. 

Milli Liderimiz Serdar şäheriniň häkimi wezipesine ozal Esenguly etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinde işlän H.Goçmyradowy belledi. 

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem I.Nepesowy özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Serdar şäheriniň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy.

Soňra Türkmenbaşy etrabynyň häkimi K.Kürenow  etrapda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz häkimiň işinde kemçilikleriň köpdügini aýtdy, şeýle hem etrapda  goýberilýän düýpli maýa goýumlarynyň doly möçberde özleşdirilmeýändigini bellemek bilen, işde goýberen  kemçilikleri üçin K.Kürenowa berk käýinç yglan etdi. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinde işleriň ýagdaýyna degip geçmek bilen, şäher häkimi A.Isaýewden işleri göwnejaý guramagy, bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň   içinde düzetmegi  talap etdi, şeýle hem işde goýberen kemçilikleri üçin,    Türkmenbaşy şäheriniň «Awaza» we   Kenar etraplarynyň häkimleri Ý.Gylyjowa hem-de G.Aýmämmedowa berk käýinç yglan etdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýewe ýüzlenip, Oba milli maksatnamasynyň, beýleki maksatnamalaryň talabalaýyk ýerine ýetirilmeýändigine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meselelerde köpsanly kemçiliklere ýol berilýändigine onuň ünsüni çekdi. Şu sebäbe görä, etraplaryň ikisiniň we iki şäheriň häkimleri, şeýle hem Balkanabat we Serdar şäherleriniň häkimleriniň gurluşyk boýunça orunbasarlary eýeleýän wezipelerinden boşadyldy, häkimleriň altysyna berk käýinç yglan edildi. 

Milli Liderimiz etrapdyr şäher häkimleriniň ilat arasynda az bolýandyklaryny, ýerlerde işleriň ýagdaýy bilen düýpli gyzyklanmaýandyklaryny, bar bolan meseleleri çözmeýändiklerini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz welaýat häkiminiň ilatyň ýaşaýyş-durmuşy bilen bagly, döwletiň bähbidi bilen baglanyşykly hiç bir zady gözden salmaly däldigini nygtap, welaýatda alnyp barylýan işleriň guralyşyna, kabul edilen maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine hem-de garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýewe berk käýinç yglan etdi.     

Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, ýurdumyzda geçirilýän döwlet syýasaty mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip belledi. Şu wezipä laýyklykda,  ýörite maksatnamalar kabul edildi, olary doly amala     aşyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin döwletimiz uly tagallalary edýär, örän köp möçberde maliýe serişdelerini gönükdirýär. Şonuň bilen birlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, gynansak-da, bu serişdeler ýerlerde netijeli we tygşytly ulanylmaýar diýip belledi. 

Balkan welaýatynda hem ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen  maksatnamalar talabalaýyk ýerine ýetirilmeýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni - durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy we durkuny täzelemek işleri örän ýaramaz alnyp barylýar. Bu     maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi,    umuman, işleriň ýagdaýy barada      welaýat, şäher we etrap häkimleri ýeterlik jogapkärçilik çekmeýärler. Bu ýagdaý bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmaga özüniň ýaramaz täsirini ýetirýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu kemçilikler üçin welaýatyň hem-de onuň etraplarynyň we şäherleriniň häkimlikleri bilen ysnyşykly işläp, bar bolan meseleleri ýerinde çözüp bilmedik, degişli       ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem jogapkärçilik çekýändigini belledi. 

Biz mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça geçirýän işlerimizi birjik-de gowşatman alyp bararys diýip, bellemek bilen, milli Liderimiz bu işleri hemişe gözegçilikde saklamagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna tabşyrdy.

Soňra Milli parlamentiň başlygy A.Nurberdiýewa Türkmenistanyň Mejlisiniň “Balkan welaýatynyň dolandyryş-çäk meseleleri hakynda” Karary barada habar bilen çykyş etdi. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy esasynda, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň teklipleri göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. 

Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň düzümine 6 etrap, 2 şäherdäki etrap, 5 etrap hukukly şäher, 5 etrapdaky şäher, 13 şäherçe, 33 geňeşlik hem-de 112 oba girýär. Mundan başga-da, Balkanabat we Gumdag şäherleriniň belli bir çäkleri Esenguly etrabynyň dolandyryş  çägine geçiriler. Türkmenbaşy etrabynyň we Bereket etrabynyň ýerleriniň bir bölegini Serdar etrabynyň dolandyryş çägine, Serdar etrabynyň dolandyryş çäginiň bir bölegini Serdar şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda, Gazanjyk, Garagum we Balkan obalaryny Bereket şäheriniň dolandyryş çägine, Ajyguýy, Burgun, Düwünçi,  Kiçijik ýazy, Jemal obalaryny Ýasga geňeşliginiň düzümine; şeýle hem Öýleguşluk obasyny Gulmaç geňeşliginiň düzümine; Türkmenistan obasyny S.A.Nyýazow adyndaky geňeşligiň düzümine, Akjaguýma, Aýdyň, Arkaç, Çitli obalaryny Oboý geňeşliginiň düzümine geçirmek bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde Gurbanmämmet geňeşligi ýapylar. 

Esenguly etraby boýunça: Esenguly şäherçesine etrapdaky şäher derejesi berler; Gurruk, Çukurguýy, Garajabatyr obalaryny Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýyrmak teklip edilýär. 

Etrek etraby boýunça: Etrek şäherçesine etrapdaky şäher derejesi berler; Baýathajy obasy şähere birikdiriler. Baýathajy geňeşligi ýatyrylar; Ödeý obasy Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýrylar. 

Magtymguly etraby boýunça: Magtymguly şäherçesine etrapdaky şäher derejesi berler; Akkel obasy şähere birikdiriler we Akkel geňeşligi ýatyrylar; Gyzyl obasy şäheriň dolandyryş tabynlygyna geçiriler. 

Serdar etraby boýunça: Hasar we Şatlyk obalary Azady adyndaky geňeşligiň düzümine geçiriler; Tutly, Ýalkym, Garabogaz obalary Arkaç geňeşliginiň düzümine geçiriler; Janahyr obasyna oba şäherçe derejesi berler, degişlilikde, adybir geňeşlik ýatyrylar; Arkaç obasy Janahyr şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçiriler; Arkaç geňeşliginiň edara ediş merkezi Garabogaz obasyna geçiriler; Çemenli, Mämili obalary Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýrylar. 

Türkmenbaşy etraby boýunça: Balkanabat şäheriniň Oglanly şäherçesi bu etrabyň düzümine geçiriler; Oglanly we Hudaýberdi obalary Oglanly şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçiriler; Hasan we Sülmen obalary Türkmenbaşy şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçiriler; Gyýanly obasy Guwlymaýak şäherçesiniň; Awlamyş we Tüwer obalary Çagyl geňeşliginiň; Ybyk we Gürje obalary Goşaoba geňeşliginiň; Irikli obasy Akguýy geňeşliginiň dolandyryş tabynlygyna geçiriler. Awlamyş, Oglanly we Hasan geňeşlikleri ýatyrylar; Ýazyegşem obasy Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýrylar. 

Karara laýyklykda, Garabogaz şäheriniň ilat sanynyň azlygy hasaba alnyp, onuň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek hem-de ony Türkmenbaşy etrabynyň düzümine girizmek göz öňünde tutulýar. 

Mundan başga-da, Jebel şäherçesiniň Saganly obasy Balkanabat şäheriniň düzümine giriziler, bu şäherçäniň 124-nji duralga obasy Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyndan aýrylar. Şeýle hem Türkmenbaşy şäherinde Kenar şäherçesini (öňki Ufra) ýatyrmak bellenildi. 

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, wise-premýer Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň Mejlisi we Balkan welaýat häkimligi bilen bilelikde Topar döretmegi we onuň düzümine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerini girizmek barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz bu Toparyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ýatyrylan Garabogaz şäheriniň hasabyndaky binalary we desgalary başga hasaba geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri seljermek bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy etrap häkimliginiň işgärler düzüminiň sanawyna gaýtadan seretmek hem-de oňa zerur üýtgetmeleri girizmek barada aýdyp, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak we Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek barada tabşyryk berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz ýene-de birnäçe wagtdan Oba Milli maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan     ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň Daşoguz welaýatynda ýerine ýetirilişi baradaky meselä serederis diýip belledi.  Welaýatyň we onuň etraplarynyň  hem-de şäherleriniň häkimleriniň bu ugurda geçiren işleri hakyndaky hasabatlaryny diňläris. Olara alyp      baran işleriniň netijelerine görä baha bereris.

Berkarar Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek boýunça biziň ählimiziň öňümizde uly we jogapkärli wezipeler durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň  25 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli raýatlary bu belent wezipeleri ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşmalydyr.

Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň agzybir we zähmetsöýer adamlarynyň hem şu belent maksatlara ýetmek üçin yhlas bilen tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk-de ýokary sepgitlere ýetmegi, mähriban halkymyzyň eşretli, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin alnyp barylýan giň gerimli işlere uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.

Garaşsyz döwletimizde mähriban halkymyzyň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny uzaltmak barada uly alada edilýär, aýratyn-da, ýurdumyzda keselleriň öňüni almak boýunça köp işler alnyp barylýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ertir  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durmuş maksatly möhüm desgalaryň ýene-de biriniň  200 orunlyk «Awaza» şypahanasynyň dabaraly ýagdaýda     düýbüniň tutuljakdygyny habar berdi. Bu öz nobatynda bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Guruljak özboluşly bu şypahana ýurdumyzda hereket edýän sekizinji şypahana bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.  Häzirki wagtda Baýramalyda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahana, «Farap», «Arçman», «Mollagara», «Ýyly suw», «Daşoguz» şypahanalary hem-de Berzeňňidäki Kardiologiýa      ylmy - kliniki merkezli hassahananyň     şypahana bölümi halkymyza döwrebap hyzmat edýär.

Hazaryň türkmen kenaryndaky Garşy tebigy çeşmede hem ynsan saglygy üçin örän ähmiýetli bolan mineral suwlar bardygyny aýdyp,  milli Liderimiz bu suwlary hem adamlaryň saglygyny berkitmekde netijeli ulanmak peýdaly boljakdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmagynda  «Awaza» şypahanasyny gurmak hakyndaky» karara gol çekdi. 

Şunuň bilen döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Balkan welaýatyndaky göçme mejlisini tamamlap, bu ýere ýygnananlara   berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde  uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw  etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder