18 Mayıs 2016 Çarşamba

Türkmen Zyýaratçylary Milletiň Beýik Ogullarynyň Ýadygärligine Baş Egerler

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň wekilýeti türkmen halkynyň görnükli ogullary—nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Gülistan welaýatyna ugrady.

Iki şanly senäni— ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen gününi hem-de Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi özüne birikdiren ählumumy baýramçylyk belent gymmatlyklary döwletimiziň Konstitusiýasynda beýanyny tapan ata-babalarymyzyň baý mirasynyň halkymyz tarapyndan hatyrasynyň tutulmagyny we hormatlanylmagyny alamatlandyrýar. Her ýyl 18-nji maýda bellenilýän goşa baýramçylyk türkmen halkynyň garaşsyz, berkarar döwlet, milletimiziň agzybirligi we jebisligi, onuň ruhunyň belent bolmagy barada asyrlarboýy eden arzuwynyň, halkymyzyň ýürek owazynyň aýdymçysy, türkmen edebiýatynyň şamçyragy Magtymgulynyň şygyrlarynda beýan eden ähli öwüt-ündewleriniň şöhlelenmesi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda  baýramçylyk dabaralary aýratyn öwüşgine eýe bolýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň pikirleri häzirki wagtda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän beýik özgertmelere kybap gelýär. 

Ildeşlerimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän türkmen nusgawy şahyrlarynyň keramatly aramgählerine zyýarat etmek dessury çuňňur mazmuna eýedir. Magtymgulynyň ynsanperwerlik düşünjelerine ýugrulan  şygyrlary parahatçylyk we agzybirlik, dostluk hem-de birek-birege düşünişmek esasynda dürli halklary ýakynlaşdyryp, dünýäniň dürli dillerinde ýaňlanýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sapar umumy taryhy köklere esaslanýan türkmen-eýran hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň bilelikde tagalla etmegi netijesinde dostlukly we netijeli gatnaşyklar, şol sanda ynsanperwer gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe bolýar. Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, şeýle hem ýakyn günlerde Eýranda geçiriljek Türkmenistanyň Medeniýet günleri muňa aýdyň mysaldyr. 

Zyýaratçylaryň hatarynda medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular bar. Olar türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň hormatyna geçiriljek  çärelere gatnaşarlar.

Şu gün  wekiliýetiň agzalaryny baýdaklar, güller we baýramçylyk şygarlary bilen bezelen Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde duz-çörek hem-de artistleriň  çykyşlary bilen garşyladylar. Magtymgulynyň goşgulary we onuň sözlerine düzülen aýdymlar ruhubelentlik bilen ýerine ýetirildi. Olarda halk şahyrynyň ýiti zehini, haýran galaýmaly öňdengörüjiligi hem-de duýgur ýüregi bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. 

Şahyryň dogduk mekany Magtymguly etrabynyň merkezinde zyýaratçylar 2015-nji ýylda açylan täze medeni ýadygärlik toplumyna gelip, döredijilik miraslary bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna bolan meşhur türkmen şahyrlary Magrupynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Mätäjiniň, Zeliliniň, Seýdiniň  heýkelleriniň arasynda duran beýik Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Wekiliýetiň agzalary ýadygärlik desganyň merkezindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýinde şahyryň durmuş we döredijilik ýoly barada gürrüň berýän seýrek muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Ertir ildeşlerimiz Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda nusgawy şahyrlaryň aramgähine baryp, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, aýat-töwür okarlar. Zyýaratçylar türkmen halkynyň beýik ogullaryny hatyralap, şol gün geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana dolanarlar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder